Bildirişler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisi

Card image cap
Dowam edýän senesi:

24-25 Maý 2026

Başlaýan wagty:

24.05.2026

Çäräniň görnüşi:

Sergi

Guramaçy:

Aşgabat şäher häkimligi

Salgysy:

Aşgabat,Türkmenistan

Giriş.

Häzirki döwürde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle-de Arkadag şäheriniň gurulmagyna, “akylly” şäher tehnologiýalarynyň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellärliklidir.