12-14 Noýabr 2025
Sergi we ylmy maslahat
Net Fuar Organizasyon Ltd.Sti / Net Оrganization
12.11.2025
Aşgabat,Türkmenistan
Giriş.
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2025» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alar.
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş -2025” atly halkara maslahaty we sergisi halkara ulag pudagynda netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri: awtobanlar, demir ýol menzilleri, halkara deňiz portlary we howa menzilleri bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup, ara alnyp maslahatlaşyljak esasy mowzuklaryň ulag-logistika pudagynyň pandemiýadan soňky dikelişi, ulag-aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak, durnukly ulagyň daşky gurşaw bilen bagly taraplary, ýaşyl infrastrukturany ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylymyň we bilimiň ähmiýeti bilen baglydyr.
Geçirilýän ýeri
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy.
Aşgabat şäheri, Türkmenistan, Çandybil şaýoly, 143.
Serginiň geçýän wagty: 2025-nji ýylyň 12-14-nji noýabr aralygynda - 09:00 – 18:00
Guramaçylyk topary
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
Tel.: + (99312) 398881, 398882, 398884
E-mail: sergi5@cci.gov.tm
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi
Tel.: +993 12 449099, 449393
E-mail: techdep@telecom.tm,mincom@sanly.tm
Çäräniň resmi hyzmatdaşy
Net Fuar Organizasyon Ltd.Sti / Net Gurama
Tel.: +90 212 272 61 20; E-mail: net@netorganization.net