№17 “Hoş Syýahat”
“Hoş Syýahat” hojalyk jemgyýeti – “Türk Howa Ýollary” awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky ygtyýarlandyrylan agenti bolup, Türkmenistanyň gözelligi we baý medeni mirasy bilen tanyşmak isleýän her bir adam üçin ajaýyp syýahatçylyk mümkinçiliklerini hödürleýär.
«Hoş syýahat» syýahatçylyk maksatly wizalary almakdan, daşary ýurtly myhmanlara çakylyk ibermekden başlap, ýurduň dürli ýerlerine gezelençleri guramak, howa menzilinde garşy almak we myhmanhanalary bron etmek ýaly dürli hyzmatlary hödürleýär.
«Hoş syýahat» tarapyndan hödürlenýän esasy hyzmatlary:
Daşary ýurtly myhmanlar üçin çakylyklar. Daşary ýurtly myhmanlary Türkmenistana çagyrmak üçin ähli zerur resminamalary taýýarlamaga kömek edýär.
Howa menzilinde garşy almak we myhmanhana ýerleşdirmek. «Hoş syýahat» hojalyk jemgyýetiniň tejribeli hünärmenleri Aşgabat halkara howa menzilinde daşary ýurtly myhmanlary mähirli garşylap, olary iň gowy myhmanhanalarda ýerleşdirmek hyzmatyny hem ýerine ýetirýär.
Mundan başga-da, «Hoş syýahat» — «Turkish Airlines» awiakompaniýasyndan Türkiýe Respublikasyna we Türkiýäniň üsti bilen daşary ýurtlara uçmak üçin awiabiletleri aňsatlyk bilen almaga ýardam berýär. Iň esasy bellemeli tarapy, «Hoş syýahat» edýän hyzmaty üçin awiabiletleriň üstüne hiç hili töleg almaýar.