Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Türkmenistanly önüm öndürijileriň söwda teklipleri

№34 “Halkara Audit” hojalyk jemgyýeti

Telefon :
Telefon belgi: +99362889679; +99371677468
Elektron poçta :
halkara.audit.okuw@gmail.com
“Halkara Audit” hojalyk jemgyýeti audit barlaglaryny geçirmekde we maslahat beriş hyzmatlaryny guramakda orta we iri önümçilik, gurluşyk, söwda we derman öndürýän kärhanalary, şol sanda, daşary ýurt maýasy bolanlary barlamak tejribesine eýedir . "Halkara Audit" HJ-niň hünärmenleri, ykdysady we bank işi, şeýle hem, salgyt kanunçylygy babatynda tejribesi bolan ýokary hünärli ygtyýarly auditorlardyr. Hünärmenlerimiz, buhgalter hasabatynyň hilini we hasabatyň ähli görnüşleriniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakda, ýalňyşlaryň sanyny ep-esli azaltmaga we şeýlelik bilen salgyt töwekgelçiligini azaltmakda size ýardam berer. Audit hyzmatlary: • Hökmany (ýyllyk) audit • Meýletin audit • Işiniň aýry bölekleriniň auditi • Salgytlaryň auditi • Auditor maslahaty. Buhgalterçilik hyzmatlary: • Buhgalterçilik hasaby gurnamak, dikeltmek we ýöretmek hyzmatlary; • Buhgalterçilik hasabynyň aýratyn böleklerini gurnamak, dikeltmek we ýöretmek hyzmatlary; • Döwlet edaralara hasabatlary taýýarlamak we tabşyrmak; • Buhgatlerçilik we maliýe hasabatlary halkara standartlara geçirmek. Maslahat bermek hyzmatlary: • Buhgalter hasaby ýöretmeginiň maslahaty; • Salgyt maslahaty. “Halkara audit“ hojalyk jemgyýeti, köpugurly bilim bermek boýunça hyzmatlary hem ýerine ýetirýär. Ykdysadyýet we Maliýe ugry boýunça: • Elektron resminama dolanyşygy • Buhgalter hasabynyň we maliýe hasabatlylygynyň esaslary • Buhgalterçilik hasaba alnyşy • “1C” maksatnamasy • Salgytlar we salgyt salmak • Dolandyryş hasaby – 1 • Maliýe hasaby – 1 • Auditorçylyk işi • Işewürligiň hukuk binýady • Satyjy • Satyjy-kassir • Telekeçiligiň esaslary • Marketing • Menejment • Işgär iş dolandyryjylyk we arhiw işi • Hukuk öwreniş we telekeçilik işiniň hukuk jähtleri • Biznes meýilnamalaşdyryş • Sanly ykdysadyýet • Maliýe hasabatlygynyň halkara we milli standartlary • Taslamalary dolandyrmak Kompýuter sowatlylygy boýunça: • Kompýuter sowatlylygy • Kiberhowpsuzlygyň esaslary • Miсrosoft programma üpjünçiligi • Programmirleme dilleri • Maglumat tehnologiýalaryň taslamalarynyň dolandyrylyşy (ITIL, COBIT, PRINCE2, PMI PMBOK standartlary) • Robot tehnikasy • Blokçeýn tehnologiýasy Dil bilimi boýunça: • Iňlis dili • Rus dili • Nemes dili • Fransuz dili • Türk dili • Türkmen dili • Hytaý dili • Halkara synaglaryna (TOEFL, IELTS, SAT) taýýarlyk Ylmyň dürli ugurlary boýunça: • Biologiýa • Himiýa • Fizika • Matematika • Taryh Berkakar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady çuň bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, jemgyýetçilik durmuş ugurlarynyň ýeten sepgitlerinden habarly we olardan oňat baş çykarýan, öz işine ökde hem-de ussat hünärmenleriň taýýarlanylmagy bilen baglydyr.