№13 «Derwaýys» hususy kärhanasy
«Derwaýys» hususy kärhanasy ýokary hilli gurluşyk harytlary bolan bitum mastikasynyň, kafel ýeliminiň we izogamyň önümçiligini alyp barýar. Kärhanada öndürilýän izogamyň birnäçe görnüşi bolup, olar klassiki (poliestriň ýa-da stekloholstyň (aýna süýumli) esasynda) we rezin bölekleri goşulan görnüşlerinden ybaratdyr. Olaryň galyňlygy 2.0 mm-den 4.0 mm çenli bolup, ol rulon görnüşinde öndürilýär. Öndürilýän izogamyň her bir rulonynyň meýdany 10 inedördül metre deňdir.
Gurluşyk serişdelerini öndürmäge ýöriteleşen bu kärhanada önümçiligiň depgini barha ýokarlanýar. Kärhanada önüm öndürmek üçin gerekli çig mallaryň esasy bölegi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar.
«Derwaýys» hususy kärhanasy ýaşaýyş, jemgyýetçilik jaý, senagat, ýol we ş.m. gurluşyk işleri bilen meşgullanýan kärhanalara ýokary hilli, amatly bahadan önümlerini teklip edýär.