Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Makalalar

"Türkmenterjime"- işiňiz üçin lingwistik goldaw

25.07.2025
142
Card image cap

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň "Türkmenterjime" kärhanasy dilden we ýazuw görnüşinde ýokary hilli terjime hyzmatlary bilen giňden tanalýar.

Näme üçin  Size “Türkmenterjimäni” maslahat berýäris?!

                “Türkmenterjime” uly tejribäniň eýesi

Kärhanada öz işine ussat, tejribeli hünärmenler zähmet çekýärler we dünýäniň 10 dilinde (iňlis, rus, nemes, fransuz, türk, hytaý, arap, pars, azerbaýjan, ukrain) terjimeçilik işlerini alyp barýarlar.  Kärhananyň alyp barýan işleri diňe bir Türkmenistan döwletimizi däl, eýsem dünýäniň çar künjüni gurşap alýar. Sargytlaryň ýokary hilli, dogry we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi, şeýle hem müşderileriň ähli islegleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegi “Türkmenterjimäniň” esasy häsiýetli aýratynlyklarynyň biri.

Kärhana ähli pudaklarda zähmet çekýän fiziki we ýuridik şahslara terjime hyzmatlarynyň uly toplumyny hödürleýär. Ýer ýüzüniň esasy möhüm dilleriniň dil aýratynlyklaryna eýe bolan, şeýle hem dil biliminiň tehnologiýalaryndan baş alyp çykýan hünärmenler dürli görnüşli maglumatlary, resmi iş kagyzlaryny, ylmy-usuly gollanmalary we kitaplary ýokary derejede  terjime edýärler. Hünärmenleriň her biri öz ýöriteleşen ugrundan we mowzugyndan ussatlarça baş alyp çykýarlar.

 “Türkmenterjimäniň” amatly bahaly  hyzmatyndan peýdalanmak bilen bir hatarda  siz gyzyldan gymmatly wagtyňyzy   tygşytlarsyňyz.

Terjimeçiler amatly şertlerde we elýeter bahadan paýtagtymyz Aşgabatda onlaýn (elektron poçta arkaly) terjimeçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirýärler. Hut şonuň üçin hem  müşderiler bilen gürrüňdeşlik we gelip gowuşýan sargytlary kabul etmek tiz wagtda amala aşyrylýar. Şeýle hem kärhana sargytlary adaty däp bolan görnüşde, ýagny ýüzbe-ýüz usulda hem uly höwes bilen kabul edýär.

“Türkmenterjimede” alyp gaýtmak hem eltip bermek hyzmaty bar.

Kärhana müşderiniň islegine görä sargytlaryň asyl nusgasyny gyssagly bellenilen salgydan alyp gaýdyp we ýene-de taýýar terjimäni yzyna eltip hem berýär. Müşderiniň isleglerini nazarda tutup, terjime edilen resmi kagyzlar kärhananyň ýörite möhüri bilen möhürlenilýär.

"Türkmenterjime" kärhanasy terjimeçilik hyzmatlarynyň giň toplumyny ýerine ýetirýär. Olar:

- şahsy resmi kagyzlaryň terjimesi;

- gyssagly terjime;

- dilden terjime (sinhron ýa-da yzygiderli, dowamly görnüşde);

- terjimäniň kärhananyň möhüri bilen tassyklanylmagy;

- dürli mowzuklara degişli (hukuk, tehniki, lukmançylyk, dürli iş kagyzlar) terjimeler;

- saýtlaryň ýa-da programmalaryň terjimesi.

“Türkmenterjime”  her bir müşderi bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýar. Şeýlelik bilen bu kärhananyň hyzmatlaryndan  peýdalanan her bir müşderä:

- ýokary hilli terjime we maglumatlaryň berk gizlin we gözegçilikde saklanyljagyna;

- sargytlaryň öz wagtynda ýerine ýetiriljegine kepil geçýäris.

“Türkmenterjime” diňe bir Aşgabat şäherinden däl, eýsem ýurdumyzyň, şeýle hem dünýäniň islendik künjeginden  müşderiler bilen işleşmäge taýýar.

Häzirki wagtda dilden terjime hyzmaty paýtagtymyz Aşgabatda ýuridik şahslaryň arasynda iň köp isleg bildirilýän hyzmatlaryň hatarynda durýar. Dilden terjimäniň häsiýetli aýratynlygy onuň bir dilden başga bir dile islendik pikiri ýa-da garaýşy üznüksiz ýetirip bilýänligindedir. Şol bir wagtyň özünde-de dilden terjime edilende sözlüklerden peýdalanmaga, aýdylanlary rejelemäge ýa-da gaýtadan diňlemäge mümkinçilk bolmaýar. Muňa garamazdan, gürrüňdeşligiň grammatik, leksik we stilistik aýratynlyklaryny saklap galmak hökmanydyr. Bu kärhanada  zähmet çekýän hünärmenler şeýle işiň hötdesinden aňsatlyk bilen gelýärler.

"Türkmenterjime" öz hyzmatlaryny:

- sergilerde;

- tanyşdyrylyş dabaralarda;

- forumlarda, maslahatlarda we ýygnaklarda;

- halkara işewür duşuşyklarda;

- daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklarda hödürleýär.

"Türkmenterjime" siziň ähli islegleriňiziň we buýurmalaryňyzyň dessin amal bolýan kärhanasydyr.

Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Garryýew köçesiniň 17-nji jaýy.

Telefon belgisi:  94-19-78

Elektron poçta salgysy: turkmentranslation@gmail.com


Bulary hem okaň