21.02.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan
gelip gowuşýan teklipler esasynda milli hem-de halkara tejribeler öwrenilip,
Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Administratiw hukuk bozulmalary
hakynda kodekslerine, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak,
balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly
hem-de başga-da hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir
goşmaçalary girizmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda
täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul
edildi. Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Mejlisiň agzalary Birleşen Milletler
Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen
bilelikde geçiren iş duşuşyklaryna gatnaşdylar. Mundan başga-da, milli
parlamentiň wekili BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan geçirilen okuw maslahatyna
gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde iş saparynda
boldy.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli
kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Halkara zenanlar güni
mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul
sowgatlaryny bermek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ynsanperwer döwlet syýasatyna laýyklykda, mähriban enelerimize,
gelin-gyzlarymyza hormat goýmak däbini dowam etdirmek hem-de döwlet
Baştutanymyzyň degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň
zenan-gyzlaryna gowşuryljak pul serişdeleriniň möçberi kesgitlenildi. Şunuň
bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli
resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda mähriban enelerimize we zenanlarymyza
uly hormat goýulýandygyny, olar üçin ähli döwrebap şertleriň döredilýändigini
belledi. Hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli pul
sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekendigini aýdyp, wise-premýere
baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler
konserniň kärhanalarynyň önümçilik-tehnologik desgalarynyň bökdençsiz,
sazlaşykly we ygtybarly işlemegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli
durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan degişli Karara gol çekdi
we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, dünýä ölçeglerine laýyk
gelýän awtomobil ýollaryny, köprüleri gurmak boýunça Türkmenistanyň Awtomobil
ýollary ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan
beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işlerde ýurdumyzyň ýol-ulag
düzümini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge, Türkmenistanyň üstaşyr ulag
mümkinçiliklerini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň
ýolgurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, pudagyň öňünde goýlan wezipeleri
üstünlikli ýerine ýetirmek, ýük awtoulag we ýolagçy gatnawlaryny üstaşyr
geçirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak
maksady bilen, Daşoguz welaýatyny paýtagtymyz Aşgabat şäheri bilen
baglanyşdyrjak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek hem-de bu
ýoluň ugrunda täze köprini gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek
meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň
esasy ýollarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýoluň
durkuny täzelemek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Dokma senagaty ministrliginiň
garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu kärhanalaryň
has-da netijeli işlemegini üpjün etmek, olaryň önümçilik kuwwatyny
ýokarlandyrmak, işgärleriň zähmet çekmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri
döretmek babatda degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary hilli dokma önümlerini
öndürýän kärhanalaryň öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertleriň
döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrliginiň
edara-kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan
teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, mart aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Halkara zenanlar
güni, Milli bahar baýramy mynasybetli dürli çäreleriň we dabaralaryň
geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň, şol
sanda “Talyp gözeli”, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Zenan — Zeminiň zynaty”,
“Ýaşlygymyň bahary” atly bäsleşikleriň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär.
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň
Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralarynyň, welaýatlarda,
Aşgabat, Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çäreleriniň, konsertleriň,
suratkeşleriň sergisiniň, teatrlarda sahna oýunlarynyň görkezilişiniň guralmagy
hem-de Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde
tutulýar.
Şu
ýylyň mart aýynda welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki
baýramçylyk meýdançalarynda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz
ýaýlasynda”, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy
mynasybetli aýdym-sazly dabaralaryň, Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň
gatnaşmagynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz
Türkmenistanym!” atly festiwalyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Tertibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen
bagly şu ýylyň mart aýynda geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin degişli
işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere
Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk
görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2026-2027-nji okuw ýylynda
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada
hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer türkmen ýaşlarynyň
dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy
goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy we
oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar,
matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça iberilmeginiň maksadalaýyk
hasaplanýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly
ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň
döredilýändigini, munuň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary bilimli
hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek baradaky teklibi
makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek
döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň
bu gurama bilen gatnaşyklary syýasy, ykdysady, daşky gurşaw, ynsanperwer
ugurlar boýunça alnyp barylýar. Bu meýilnama howpsuzlygy, parahatçylygy
berkitmäge, durnukly ösüşi gazanmaga we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge,
hususan-da, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, gümrük, serhet,
kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmaga, ykdysadyýeti we sebitleýin ykdysady
hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik
howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleriň
çözülmegine, bilim-ylym ulgamlarynda, adam hukuklaryny we azatlyklaryny
goramakda, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň binýadyny pugtalandyrmakda,
gender deňligini üpjün etmekde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini
ösdürmekde degişli çäreleriň geçirilmegine gönükdirilen birnäçe işleri öz içine
alýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda halkara guramalar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk
we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş
meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew pudaklara innowasion sanly
çözgütleri we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça Aragatnaşyk
ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy
ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna öňdebaryjy
tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunda dünýäniň
tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet
berilýär. Munuň özi sanly ulgamy ösdürmek boýunça degişli konsepsiýanyň üstünlikli
durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna
döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Aragatnaşyk ministrliginiň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklipleri goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov