07.02.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda
alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine
ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş
edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda adam hukuklarynyň hem-de
azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, migrasiýa, daşky gurşawy goramak
bilen bagly hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda
döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Mejlisde Çad Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Dünýä döwletleriniň
parlamentleriniň, halkara guramalaryň, ýurdumyzdaky daşary ýurt
wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara
alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 4-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary
we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek babatda ýurdumyzyň
degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň halkara guramalar
bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 6-syna gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylygy döwrüň
talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
zerurdygyny belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar aýynyň
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda
ösüş depgini senagat pudagynda 2 göterime, gurluşykda 6 göterime,
ulag-aragatnaşyk pudagynda 9,3 göterime, söwdada 8,2 göterime, oba hojalygynda
2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda jemi öndürilen önüm 10
göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri
gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim artdy. Şu
ýylyň ýanwar aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň
meýilnamasy 102,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine
ýetirildi.
Hasabat
döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet
kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary
öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 21,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny
durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly
desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini
kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzy ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda
bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegi, jemi içerki önümiň ösüş
depginini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri
ilerletmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň
çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek
boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy
107,5 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine
ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 126,5 göterim, dizel ýangyjyny
öndürmegiň meýilnamasy 104,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100
göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan
gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň
meýilnamasy bolsa 108,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň
maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri amala aşyrmak üçin zerur çäreleri
görmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere tebigy gazyň we
nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny
özleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, toplumyň kärhanalarynyň
önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň
geçirilişi barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji
Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,9 göterime, Daşky gurşawy goramak
ministrligi boýunça 116,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti
boýunça 108,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 117,3 göterime,
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 100 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,9 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 108,2 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 100,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça
101,2 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy
107,9 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg etmek, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek
meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli
işler geçirilýär. Sebitlerde ýerleşýän suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş,
şor suw akabalaryny arassalamak hem-de suw hojalyk desgalaryny abatlamak boýunça
degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegi
hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki talaplara görä, bellenen
möhletlerde geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 133,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi
boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6
göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 119,1 göterim,
Energetika ministrligi boýunça 114,9 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa”
döwlet konserni boýunça bu görkeziji 170,8 göterime deň boldy. Awtomobil
ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan degişli
meýilnama 106,2 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça
ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,9 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleriň
ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, ýurdumyzdaky himiýa kärhanalarynyň
işini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň,
elektroenergetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmagy hemişe üns merkezinde
saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere
ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi, binalardyr
desgalary ýokary hilli gurup, bellenen möhletde ulanmaga bermek üçin alnyp
barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda
şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 111,4
göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. Dokma
senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwrüne görä,
100,8 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 100 göterim, nah matalaryň
önümçiliginde 102,4 göterim, gön önümleri babatda 115,3 göterim ösüş gazanyldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,1
göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet
haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 26 birža söwdasy geçirilip,
olarda 2 müň 361 şertnama hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda
Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 116,3
göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 4 maslahat geçirildi. Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş
depgini 106,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,1
göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda, dokma we telekeçilik
pudaklarynyň işini ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň bazarlaryny
hem-de söwda nokatlaryny azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjün etmek,
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri
işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda
2026-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan
baýramçylyklar we belli seneler mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar
geçirildi. Paýtagtymyzdaky kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde kino
görkezilişleri hem-de konsertler geçirilip, kitaphanalarda, muzeýlerde,
taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda medeni hyzmatlar hödürlenildi.
Döwletimizde gazanylýan üstünlikler, ösüş-özgerişler baradaky maglumatlar
metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, internet saýtlarynda giňden beýan
edildi. Döwlet maksatnamalaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli
Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça zerur işler
alnyp baryldy. Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzda birnäçe halkara medeni
çäreler geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talabyna görä
guramagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek,
taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak üçin zerur çäreleri görmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda
şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, hasabat döwründe bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullaryny
ornaşdyrmaga, ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, mugallymlaryň hünär
taýýarlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Mekdep
okuwçylary we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi
62 medal gazandylar. Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralar, mekdep
okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümi guramaçylykly geçirildi. Döwletliler
köşgünde terbiýelenýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly
Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Hasabat döwründe 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul
ediljek aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, kliniki
ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.
Ýanwar
aýynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirilip,
bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn
işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň
hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala
aşyryldy. Şunuň bilen bir hatarda, bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini
ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak
boýunça işler dowam etdirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler
guraldy.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş,
sport ulgamlarynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bilim edaralarynda
ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek işine aýratyn üns bermegi, saglygy goraýyş
ulgamyny ösdürmekde halkara tejribeden ugur almagy, sporty ösdürmek, ussat türgenleri
taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler
ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşinde ýokary derejedäki
saparlar we duşuşyklar möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň
diplomatik gullugy tarapyndan dürli döwletleriň daşary syýasat edaralary bilen
bilelikde 2026-njy ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman
Arkadagymyzyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak boýunça degişli işler
geçirilýär.
Abraýly
halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary
syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, ýanwar aýynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş
direktorynyň Türkmenistanda saparda bolandygy bellenildi. Hasabat döwründe
Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 30 wekiliýet döwletimize sapar
bilen geldi, Türkmenistandan 65 wekiliýet daşary ýurtlara ugradyldy. Ýanwar
aýynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 21-si geçirildi,
Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde
resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 116-sy guraldy. Hasabat döwründe döwletimiziň
halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň
12-si bilen ýetirildi.
Ýurdumyzyň
Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň
arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary işler
ministrleriniň derejesinde sanly ulgam arkaly syýasy geňeşmeleriň
geçirilendigi, Aşgabatda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň we
Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeleriň guralandygy
bellenildi. Ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek we
kämilleşdirmek Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biridir.
Bu babatda ýanwar aýynda Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ynanç hatyny gowşurandygy aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä
döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegi, ýurdumyzda halkara çäreleri ýokary derejede
guramaga hem-de geçirmäge möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde
2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen
işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,3 göterime deň boldy. Awtomobil, demir
ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,4
göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103,4 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen
hyzmatlaryň ösüş depgini 106,7 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça
hyzmatlaryň ösüş depgini 120,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy
boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 119,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet
gullugy boýunça bu görkeziji 102,6 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça
bolsa 113 göterime barabar boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
yzygiderli berkitmegi we döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýolagçy we
ýük dolanyşygyny, üstaşyr hem-de halkara ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga
möhüm ähmiýet bermegi, ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini
ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň
ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, baky Bitarap
Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini
belledi. “Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär,
önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary
gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar
gönükdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime
deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk
toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym,
bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli
dowam etdirilýär. Şeýle-de häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş
jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň,
beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň, amala aşyrylmaly çäreleriň we öňde durýan
wezipeleriň köpdügine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
indiki hepdede Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini,
onda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, kabul
edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň seljeriljekdigini,
käbir beýleki meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov