Geljekki
on ýylyň dowamynda ençeme döwletiň sazlaşykly ösmegini, millionlarça adamyň
abadan durmuşda ýaşamagyny gazanmak üçin oňyn başlangyçlaryňdyr teklipleriň öňe
sürlüp, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrmagyna ýol açmagy maksat edinýän
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty
barha ýakynlaşýar. Bu iri foruma taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatdaky
çykyşynda Gahryman Arkadagymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek
çäreler toplumynyň ýedi esasy ugry öz içine alýandygyny beýan etdi. Forumyň
çäklerinde ýurdumyz tarapyndan möhüm ugurlary öz içine alýan ugurdaş çäreleriň
hem birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Şol ugurlar diňe bir ýurdumyzyň däl-de,
tutuş Ýer ýüzüniň abadançylygy we gülläp ösmegi üçin derwaýysdyr.
Ýerüsti
ulag we arabaglanyşyk — döwletleriň ykdysady, syýasy hem-de durmuş ösüşiniň
aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýerüsti ulag düşünjesi gury ýerde hereket edýän
ähli ulag serişdelerini hem-de olar bilen baglanyşykly düzümleri öz içine
alýar. Muňa mysal hökmünde awtomobil we demir ýol ulaglaryny, şäher içindäki
elektrik energiýasynda hereket edýän ulaglary, logistika ulgamlaryny, ýükleriň
hereketini dolandyrmak we paýlamak ulgamlaryny görkezmek bolar. Arabaglanyşyk
bolsa bir ýurduň ýa-da sebitiň çägindäki ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, ýol-ulag
infrastrukturasynyň bitewüligini aňladýar. Ol diňe bir söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy däl, eýsem, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hem ösdürmäge mümkinçilik
berýär. Geografik taýdan amatly çäkde ýerleşýän Türkmenistan ulag we
arabaglanyşyk babatdaky döwrebap mümkinçiliklerini ählumumy abadançylygynyň
bähbidine gönükdirýär.
Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly.
Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda halkara giňişlikde özara ynama, netijeli
dialoga we parahatçylyga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmäge ymtylýar. Gahryman
Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde Beýik
Seljukly türkmen döwletiniň hökümdarlarynyň parahatçylyk söýüji syýasatyna uly
ähmiýet berendigi barada şeýle beýan edýär: «Ermeni ýazary Kirakos Gandzakesi
Mälik şa uruş we zorluk bilen däl-de, mähir we parahatçylyk bilen dünýäni boýun
egdirdi» diýip ýazýar». Parahatçylyk ýeke bir asudalygy däl, eýsem, sazlaşykly
ösüş, adam hukuklarynyň goraglylygy, bilim, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň
elýeterliligi ýaly esasy durmuş ölçegleriniň jemini-de öz içine alýar.
Ýaşlar syýasaty — döwletiň ýaş nesiller üçin alyp barýan strategik
ugry, olaryň ösüşini goldaýan çäreleriň, maksatnamalaryň we hukuk binýadynyň
toplumy. Bu syýasat ýaşlaryň aň-bilim derejesiniň, ruhy-ahlak taýdan
kämilleşmeginiň we döredijilik mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ýardam edýär.
Şunuň netijesinde, jemgyýetde sagdyn pikirli, işjeň, jogapkärçilik duýgusy ösen
nesil kemala gelýär. Ýaşlara ýokary hilli bilim almaga, hünär öwrenmäge,
döredijilikli kämilleşmäge şertleri döretmek, olary iş bilen üpjün etmek,
telekeçilige höweslendirmek durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň hataryna girýär.
Şoňa görä-de, ýaşlar syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurduň uzak
möhletleýin ösüşine gönükdirilen maýa goýumlara kybapdaşdyr.
Durnukly
energetika — ilatyň energiýa bolan häzirki zerurlyklaryny
geljekki nesilleriň bähbitlerine zyýan ýetirmezden üpjün etmäge esaslanýan
düşünje. Onuň esasy wezipeleri ekologiýa taýdan arassa we gaýtadan dikeldilýän
energiýa çeşmelerine geçmek, energiýany tygşytly ulanmak, energiýanyň
netijeliligini ýokarlandyrmak, zyňyndylary azaltmak, ulgamyň durnuklylygyny
üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistan bu ugurda uly
üstünlikleri gazanyp, täze sepgitlere ýetmäge ýardam etjek taslamalary durmuşa
geçirýär. Awaza forumy hem bu ugurda tejribe alyşmakda we täze çözgütleri
ornaşdyrmakda giň mümkinçiliklere ýol açar.
Sirkulýar
ykdysadyýet — ykdysady ösüşi üpjün etmek
bilen bir hatarda, tebigy serişdeleriň ulanylyşyny azaltmagy, olary gaýtadan
ulanmagy we daşky gurşawa ýetirilýän zyýany mümkingadar pes derejä ýetirmegi
maksat edinýän konsepsiýa. Ykdysady ösüşiň täze nusgasyna geçmegi maksat edinýän
konsepsiýa önümçilige we sarp edişe durnukly çemeleşmäni teklip edýär. Şunda
ulanylyş möhleti geçen önümiň zibile taşlanman, eýsem, täzeden peýdalanylmagy,
abatlanylmagy ýa-da başga bir görnüşde ulanylmagy göz öňünde tutulýar.
Sirkulýar ykdysadyýetiň artykmaçlyklary daşky gurşawy goramak (tebigy
serişdeleri tygşytlamak we howanyň hapalanmagyny peseltmek arkaly ekologik
taýdan arassa ösüşi üpjün edýär), täze iş ýerlerini döretmek (gaýtadan işlemek,
abatlamak we hyzmat etmek ýaly ugurlarda täze iş mümkinçiliklerini döredýär),
ykdysady tygşytlylyk (harytlaryň hyzmat ediş möhletiniň uzalmagy bilen, sarp
edijileriň çykdajylary azalýar), zyňyndylary azaltmak (önümçilige gaýtadan
işlenen materiallaryň goşulmagy bilen zyňyndyň möçberi ep-esli azalýar) bilen
baglydyr. Şeýle çemeleşme geljekki nesiller üçin tebigy baýlyklary gorap
saklamagy, ykdysadyýetde durnukly ösüşi üpjün etmegi we täze iş ugurlarynyň
döredilmegini gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 24-nji
oktýabrynda Kazan şäherinde geçirilen «BRIСS
goşmak»/autriç» formatyndaky BRIСS
sammitinde Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly
maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly teklibi öňe sürmegi hem ýurdumyzyň
sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda belent maksatlary öňünde goýýandygyny
tassyklaýar.
Ahmet
ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet
maliýe institutynyň uly mugallymy.
Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/202229
“Watan” gazeti. 26.07.2025