PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Zenan telekeçiler duşuşdylar

05.03.2024
Card image cap

  2024-nji ýylyň 4-nji martynda türkmen paýtagtynda öz işine başlan owgan harytlarynyň sergisiniň we türkmen-owgan işewürler maslahatynyň çäklerinde türkmen we owgan telekeçi zenanlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. 

  Günüň ikinji ýarymynda geçirilen Owganystanyň Zenanlar Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň müdiri hanym Fereba Naseeriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen     Türkmenistanyň haly, çeperçilik, el işleri, dokma senagaty ugrunda işleýän zenan telekeçileriniň arasyndaky duşuşykda iki ýurduň zenan telekeçileriniň alyp barýan ugurlary boýunça özara söhbetdeşlige we tejribe alyşmaga mümkinçilik döredildi. 


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy. 


Bulary hem okaň