2024-nji
ýylyň 21-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün
tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady
taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine
gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 30-njy
noýabrynda geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň barşynda
birnäçe kanunlaryň kabul edilendigi barada aýdyldy. Olar häzirki döwrüň
talaplary hasaba alnyp hem-de degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanyldy. Raýatlaryň hukuklaryny
we kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini, kanunçylygy pugtalandyrmak,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen
baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň
Mejlisinde Gresiýa Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Estoniýa
Respublikasynyň, Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň, Braziliýa
Federatiw Respublikasynyň, Belgiýa Patyşalygynyň, Daniýa Patyşalygynyň
Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden
ynanç hatlary kabul edildi. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal
Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Reglament we parlament işini guramak boýunça
komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Birleşen Milletler
Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça
komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory, Ýewropa
Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyklar geçirildi.
Bellenilişi ýaly, deputatlar ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, berkarar
döwletimiziň gazanýan üstünliklerini wagyz etmek, 2025-nji ýyl üçin Döwlet
býujetiniň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini we many-mazmunyny
halk köpçüligine düşündirmek boýunça çärelere, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda
göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek
hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow çykyş edip, 6-njy
dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet
Baştutanymyzyň beren tabşyrygyna laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan,
edara-kärhanalaryň ähli işgärlerine noýabr-dekabr aýlary üçin zähmet
haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň
20-nji dekabra çenli doly tölenendigi barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, berkarar döwletimizde raýatlarymyzyň döwrebap
şertlerde zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi we zähmet
haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp hem diňleýji
haklarynyň öz wagtynda tölenmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle
hem wise-premýer sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýet, maliýe we bank
toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat
berdi. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasynda” we “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 —
2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipelerden ugur alnyp,
topluma degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary zerur
enjamlardyr serişdeler bilen üpjün etmek, web saýtlary kämilleşdirmek, hyzmat
etmegiň elektron görnüşine geçmek, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat
binýatlar ulgamyny döretmek, olaryň goraglylygyny hem-de maglumat
infrastrukturalarynyň durnukly işlemegini gazanmak boýunça işler tapgyrlaýyn durmuşa
geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, bank edaralarynyň plastik kart we töleg
ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň
ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen aýrylmaz bagly bolup durýandygyny aýtdy
we wise-premýere gözegçilik edýän toplumynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika
toplumynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, nebithimiýa
senagatyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek babatda geçirilýän işler
barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň
taslamasyny hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
kämilleşdirmek, nebithimiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli
işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we “Türkmennebit” döwlet konserniniň
garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlary zerur bolan maddy-enjamlaýyn
serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek üçin degişli Karara gol çekdi hem-de
ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de
ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm we tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak
işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme
taýýarlamak, olary talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Pagtaçy
babadaýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Maldarçylyk
pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini
ýokarlandyrmak babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem wise-premýer
ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny
toplumlaýyn ösdürmegi, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam
etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk
işlerine ünsi çekip, gowaça ekiljek meýdanlarda degişli agrotehniki çäreleri,
hususan-da, ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak işlerini dowam etdirmegiň,
oba hojalyk tehnikalaryny abatlap, ýazky gowaça ekişi möwsümine taýýarlamagyň
möhümdigini aýtdy we wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Tohumlyk pagtany talabalaýyk saklamak, tohumlary gowaça ekişi möwsümine
taýýarlamak işlerini hem üns merkezinde saklamak, bugdaý ekilen meýdanlara ideg
işlerini dowam etdirmek, maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly
gyşlatmak üçin alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet
konserni hem-de onuň kärhanalary tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny
mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan oba
hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmek babatda degişli
işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk önüm
öndürijilerini fosforly dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan
teklibi goldap, wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew 2025-nji ýylda ministrlikler we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýurdumyzda we daşary döwletlerde
geçirilmegi teklip edilýän sergiler, maslahatlar, işewürlik duşuşyklary barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu möhüm çäreler milli ykdysadyýetiň dürli
pudaklarynda gazanylýan üstünlikleri halkara jemgyýetçilige giňden
tanyşdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, ýokary tehnologiýalary,
innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini halkara
derejede giňden tanyşdyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy
ösdürmek üçin netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda sergileriň, maslahatlaryň,
işewürlik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigine ünsi çekip, bu ugurda
taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa geljek ýylyň ýanwar aýynda
geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýanwar aýynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Täze ýyl,
Watan goragçylarynyň güni, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň
başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatlary, brifingleri, sergileri,
döredijilik duşuşyklaryny we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.
Täze ýylyň ilkinji aýynda guralmagy göz öňünde tutulýan esasy çäreleriň
hatarynda baýramçylyk dabaralaryny, sahna oýunlarynyň görkezilişlerini,
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek “Türkmenistan — ruhubelentligiň
we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny görkezmek bolar. Şeýle hem Watan
goragçylarynyň güni mynasybetli Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew
adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde edermen esger, ilhalar ynsan,
ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak dabarasy geçiriler.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda geljek ýylyň ilkinji aýynda geçiriljek
çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere Watan
goragçylarynyň güni bilen bagly çäreleri, Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk
dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa degişli ministrlikler we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Täze ýyl baýramyny, mekdep
okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça
taýýarlanylan meýilnamalar barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, 2025-nji ýylyň 1 — 10-njy ýanwary aralygynda çagalar baglarynda,
umumybilim berýän orta mekdeplerde, medeni-dynç alyş merkezlerinde,
seýilgählerde Täze ýyl dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Çagalara
niýetlenen sahna oýunlarydyr kinofilmleriň görkezilişleri, ýaşlaryň arasynda
döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýerlerine, muzeýlere
gezelençler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem zehinli çagalara Gulbaba adyndaky
çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler.
Söwda-senagat
edarasynda 1 — 10-njy ýanwar aralygynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk
dabaralaryna gatnaşjak bagtyýar körpelere hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylar.
Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş
merkezinde bejergi alýan hem-de Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara
hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlaryny
gowşurmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralary ýokary
derejede geçirmegiň, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini talabalaýyk
guramagyň zerurdygyny belledi hem-de hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere
birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň 15-nji
bilelikdäki mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynda
Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly
üns berilýär. Şol ýurtlaryň hatarynda Ýaponiýa hem bar. Şunuň bilen baglylykda,
16-17-nji dekabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we
ýapon-türkmen komitetleriniň 15-nji bilelikdäki mejlisiniň geçirilendigi
aýdyldy. Mejlise Ýaponiýanyň “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň direktorlar
geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar
kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen
komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar
gatnaşdy. Ýapon wekiliýetiniň düzümine “ITOCHU Corporation”, “Mitsubishi”,
“Kawasaki Heavy Industries Ltd.”, “Sumitomo” we beýleki iri kompaniýalaryň,
Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Halkara hyzmatdaşlyk
bankynyň (JBIC), JETRO daşary söwda guramasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de
wekilleriniň girizilendigini bellemek gerek.
Komitetleriň
bilelikdäki mejlisi iki mowzuga bagyşlandy. Birinji bölümde söwda-ykdysady,
nebitgaz we himiýa senagaty, “ýaşyl” energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk
bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meseleler boýunça
türkmen tarapy dekarbonizasiýa ugrunda orta göwrümdäki taslamalary durmuşa
geçirmek üçin bilelikdäki karz bermek guralyny ulanmak boýunça geňeşmeleri ýola
goýmagy; Türkmenistanda ýapon kompaniýalary tarapyndan gurlan kärhanalarda
öndürilýän harytlary eksport etmäge ýapon tarapyny çekmek guralyny döretmegi;
dikeldilen metany çig mal hökmünde ulanmak mümkinçiligini öwrenmek arkaly metan
zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen çäreleri işläp taýýarlamak boýunça
hyzmatdaşlygy ýola goýmagy; “ýaşyl” we wodorod energetikasynda ýapon
tejribesini öwrenmegi hem-de häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçiligi ýola
goýmagy; “GTG-2” taslamasy üçin “Ýol kartasynyň” wezipelerini durmuşa
geçirmegiň çäklerinde Pariž ylalaşygynyň borçnamalaryna laýyklykda,
Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşandynyň rejelenen görnüşini işläp
taýýarlamak boýunça geňeşmeleri ýola goýmagy teklip etdi.
Ulag,
aragatnaşyk, gurluşyk, senagat, elektroenergetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga
bagyşlanan bölümde türkmen tarapy Lebap welaýatyndaky gaz turbinaly elektrik
stansiýasyny kombinirlenen görnüşe geçirmek boýunça taslamany işläp taýýarlamak
maksady bilen iş toparyny döretmegi; suw hojalygy ulgamynda öňdebaryjy
tehnikalary we tehnologiýalary öndürýän ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy
ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin ýakyn wagtda bu kompaniýalaryň tanyşdyrylyş
dabaralaryny geçirmegi; “Awtomobil tehnikalaryny üpjün etmek ugrunda ýapon
kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri” atly “tegelek stol”
maslahatyny guramagy teklip etdi. Ýapon wekiliýeti türkmen tarapynyň öňe süren
tekliplerini goldady we olary durmuşa geçirmek üçin bilelikde iş alyp barmaga
taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy mejlisiň
dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, 2025 —
2027-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip
taýýarlanylandygyny habar berdi. Şeýle hem mejlisiň çäklerinde birnäçe
duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara
alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki
mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama we 7 sany resminama gol çekildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de
Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge möhüm ähmiýet
berýändigini belledi. Iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar barha
pugtalandyrylýar, hil taýdan täze derejä çykarylýar diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we Ýaponiýa bilen söwda-ykdysady, maýa goýum
hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary
ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň
biridir. Şunda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Mälim bolşy
ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar
1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede
alnyp barylýar. Türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýady
döwletara, hökümetara, pudagara resminamalaryň 43-si bilen berkidilendir.
Iki
ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň özara saparlary, ýokary derejedäki
duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde esasy orun eýeleýär. Şunuň bilen
baglylykda, ýokary derejeli özara döwlet we resmi saparlaryň 9-synyň amala
aşyrylandygyny bellemek gerek. Şeýle hem Hökümet derejesinde, Daşary işler
ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan
bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar halkara guramalaryň,
hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň,
Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki iri düzümleriň çäklerinde netijeli
ösdürilýär.
Malaýziýa
ýurdumyzyň halkara guramalarda öňe sürýän tekliplerini we başlangyçlaryny
yzygiderli goldaýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Malaýziýanyň halkara tekliplerine
goldaw berýär. Bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Malaýziýanyň
2025-nji ýylda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginde (ASEAN) başlyklyk
etjekdigini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny
döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge girişmek teklip edilýär.
Söwda-ykdysady ulgamda hem Malaýziýa Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr.
Bu ugurda ýurdumyzda 1996-njy ýyldan bäri uzak möhletleýin we iri möçberli
taslamalary durmuşa geçirýän “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň alyp barýan
işini mysal hökmünde görkezmek bolar.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz Malaýziýa resmi saparynyň dowamynda ýokary
derejede geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady
bilen, nebitgaz, elektroenergetika, ulag we logistika, şähergurluşyk, senagat
ugurlaryny ileri tutulýan pudaklar hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda,
söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda öňde durýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa
geçirmek üçin Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda döwletara utgaşdyryjy
guraly — utgaşdyryjy komiteti ýa-da geňeşi döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen
birlikde, döwlet Baştutanymyzyň medeniýetde, ylymda, bilimde yzygiderli
hyzmatdaşlyk alyp barmagy, innowasiýa, programma üpjünçiligine, emeli aňa,
ykdysadyýete we senagata «ýaşyl» standartlary ornaşdyrmaga gönükdirilen häzirki
zaman derslerini öz içine alýan hünärleriň çägini giňeltmegi hem teklip
edendigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz saparynyň çäklerinde «PETRONAS»
kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda nebitgaz
pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň
netijeleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan
beýläk-de berkitmäge gönükdirilen 14 sany döwletara, hökümetara, pudagara
resminama gol çekildi we kabul edildi.
Wise-premýer,
daşary işler ministri pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy Malaýziýa
resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň
adyndan tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň,
halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleriniň hemişe
üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary
ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, ýakynda amala aşyrylan resmi saparyň
dowamynda hem birnäçe gepleşikleriň geçirilendigini we möhüm resminamalara gol
çekilendigini belledi. Munuň özi Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda
aýgytly ädim boldy. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri goldap,
ýurdumyzyň Malaýziýa bilen dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew milli awiasiýa pudagynyň işini kämilleşdirmek boýunça
görülýän çäreler, hususan-da, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa
howpsuzlygyny üpjün etmegiň taýýarlanylan Döwlet maksatnamasy barada hasabat
berdi. Maksatnamada Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy
boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, Türkmenistanyň
raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini
ýokary derejede üpjün etmek üçin hukuk hem-de guramaçylyk çäreleri göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli awiasiýa pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, awiasiýa
howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we raýat
awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, netijeliligini ýokary derejede üpjün
etmek üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün
etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi hem-de ony
sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov