2024-nji ýylyň
19-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hytaý Halk
Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň söwda-ykdysady meseleleri
boýunça geneşçisi Li Ýuenin bilen duşuşyşk geçirildi.
Duşuşugyň
barşynda iki dostlukly ýurduň köp ýyllaryň dowamyndaky strategik hyzmatdaşlygy
alyp baryp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini
berjaý etmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady
gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.
Şunuň bilen
baglylykda, taraplar iki ýurduň işewür hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürmegiň
ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunda, myhman türkmen işewür düzümlerini şu
ýylyň 5-10-njy noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde
geçiriljek 7-nji Hytaý halkara import serigisine gatnaşmaga çagyrdy.
Taraplar
hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary
syýasaty netijesinde Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen oňyn söwda-ykdysady
gatnaşyklary giňeýändigini hem-de bu babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işler
ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly üstünliklere
eýe bolýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň
ahyrynda taraplar söwda-ykdysady ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň toplanylan
baý tejribesini, bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak arkaly, türkmen-hytaý
gatnaşyklarynyň ýokary depgini dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.