2024-nji ýylyň 5-nji
noýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howanyň
üýtgemegine garşy göreşmek boýunça federal ministrliginiň binasynda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýewiň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi.
Mejlis iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji
bölüminde Türkmenistanyň we Germaniýanyň ykdysady mümkinçilikleri,
ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we onuň ösdürmegiň
dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň ikinji bölüminiň işi Germaniýanyň
işewür wekilleriniň we assosiasiýalarynyň hem gatnaşmagynda geçirilip, onuň
dowamynda maýa goýum hyzmatdaşlygy, maliýe-bank, energetika, nebit-gaz,
gaýtadan dikeldilýän energiýa, metan zyňyndylaryny azaltmak, daşky gurşawy
goramak, suw we oba hojalygy, lukmançylyk senagaty, ulag, logistika we
infrastruktura, «ýaşyl ykdysadyýete» geçiş, şonuň ýaly-da kiçi we orta
telekeçiligi goldamak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri we
ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri dogrusynda
pikir alyşyldy.
Şunuň bilen birlikde, taraplar Türkmenistanyň
Prezidentiniň şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa –
Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşygynyň çäklerinde Germaniýanyň
işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynyň ähmiýetini belläp geçdiler.
Şeýle hem, Mejlsiň barşynda Türkmenistan bilen
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň «Ýol
kartasynyň» durmuşa geçirilşi we bu babatda German ykdysadyýetiniň Gündogar
komiteti bilen bilelikde ýerine ýetirlen işler we öňde durýan meseleler
bellenildi.
mfa.gov