Düýn ýurdumyzda türkmen topragynyň
sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum
derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk
çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de
wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
Hasyl toýunyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow
adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy
boýunça “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda oba hojalyk pudagyny
ösdürmekde we ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýokary netijeleri
gazanan oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglaryny hem-de Türkmenistanyň
Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýurdumyz özgertmeleriň we gülläp ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe
barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga
gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gadymy ekerançylyk
medeniýetiniň ýurdy hökmünde häzirki wagtda Türkmenistanda oba hojalyk pudagynyň
ösdürilmegi täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu pudakda
başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň
pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna
ýardam berýär.
Pudagy mundan beýläk-de ösdürmek maksady
bilen, giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär, döwrebap tehnologiýalar, ylmyň
we tehnikanyň iň soňky gazananlary, öňdebaryjy tejribeler giňden ornaşdyrylýar.
Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk pudagynyň kanunçylyk-hukuk binýady döwrüň
talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlaryna
laýyklykda, oba hojalyk toplumyny ulgamlaýyn dolandyrmak we onuň işini
kämilleşdirmek maksady bilen, däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag
institutlary döredildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň
hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary
ýokarlandyryldy. Daýhan birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Daýhan birleşiklerine we
hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere ýeňillikli
şertlerde bank karzlary berilýär. Bu işler pudakda amala aşyrylýan özgertmeleri
üstünlikli durmuşa geçirmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, oba
hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny
tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak
boýunça döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi azyk senagatyny ösdürmegiň,
halkymyzyň ýokary hilli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň
ýolunda möhüm ädim boldy. Munuň özi pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek
üçin anyk çäreleriň durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, bu
ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, halkara
hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn
üns berilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy
(FAO) bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Gurama oba hojalygyny daşky
gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekden başlap, azyk
önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly
ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýar.
...Garagum derýasynyň kenarynda gurnalan
ýörite meýdançada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly
çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Açyk asmanyň astynda oba hojalygynda we gaýtadan
işleýän senagatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Onda
ahalteke bedewlerini, türkmen alabaýlaryny, gözel tebigatymyzy wasp edýän
amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli şaý-sepler görkezildi.
Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň üstünliklerine
bagyşlanan sergi bölüminde gowaçanyň ak gar ýaly pagta hanalary, çig maly
gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň görnüşleri bar. Bu ýerde orta we inçe
süýümli pagtanyň iň gowy görnüşleriniň nusgalary bilen tanyşmak bolýar. Olaryň
her biri türkmen seçgiçi alymlarynyň köpýyllyk zähmetiniň netijesidir.
Däneçilik ugruna degişli bölümde guşgursak türkmen bugdaýynyň naýbaşy
görnüşleriniň tohumlary, çörek we çörek önümleri görkezilýär. Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk
özgertmeleriniň, ýurdumyzyň ekerançylarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde
Watanymyzyň galla harmany barha beýgelýär. Hususy pudagyň oba hojalygynda
gazanan üstünliklerini, suw hojalygynda, atçylyk, maldarçylyk, tebigaty
goramak, azyk, gaýtadan işleýän we dokma senagaty pudaklarynda ýetilen belent
sepgitleri beýan edýän diwarlyklar dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma
döretdi. Şeýle hem sergide bakja, miwe, ter gök önümleriniň, ir-iýmişleriň
dürli görnüşleri bar.
Ýörite ýasalan özboluşly gowaça we galla
meýdanlarynyň ýanynda ekerançylykda ulanylýan häzirki zaman tehnikalarynyň
sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Onda daýhanlaryň yhlasly zähmetine ýardamçy bolýan
kuwwatly kombaýnlar, ekinlere ideg etmekde ulanylýan traktorlar,
ýöriteleşdirilen tehnikalar we enjamlar hatara goýlupdyr. Bu tehnikalaryň
kömegi bilen her ýyl bugdaýyň, «ak altynyň» bol hasyly ýetişdirilýär.
Bu ýerde gazanlar atarylyp, milli tagamlar
taýýarlanylýar. Gelin-gyzlaryň tahýa gaýamak, keşde çekmek, haly dokamak, keçe
güllemek ýaly işler bilen meşgullanýan pursatlary janlandyrylypdyr. Şunuň bilen
bir hatarda, halkymyzyň milli medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen
göreşi baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Munuň özi halkymyzyň asyrlar aşyp
gelýän milli däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu
ýerde ussat heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň Diýarymyzyň ekerançylarynyň
zähmetine, Watanymyza bagyşlanan eserleriniň sergisi hem guraldy.
Soňra dabaralar baýramçylyk sahnasynyň
öňündäki meýdançada dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba
zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny uly üns
bilen diňlediler. Onda oba hojalyk işgärleriniň çekýän yhlasly we tutanýerli
zähmeti netijesinde sahawatly türkmen topragynda ekinleriň bol hasylynyň
ösdürilip ýetişdirilýändigi, azyk bolçulygynyň has-da pugtalandyrylýandygy bellenilýär.
Edermen gallaçy, pagtaçy daýhanlarymyz döwlet tarapyndan berilýän
kömek-goldawlaryň netijesinde bereketli türkmen topragyndan bol hasyl
öndürmekde gujur-gaýratyny gaýgyrman, päk ýürekden halal zähmet çekýärler,
täze-täze üstünlikleri gazanýarlar.
Gutlagda Garaşsyz ýurdumyzda oba hojalyk
pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmäge we oba hojalyk
ekinleriniň hasyllylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigi
nygtalýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga,
oba hojalygyna ylmyň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmaga, pudaga hususy önüm
öndürijileri giňden çekmäge ýardam berýär. Türkmen topragynda öndürilýän oba
hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, içeri we daşary bazarlara niýetlenen
dürli görnüşli önümleri öndürmäge hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Soňra Hasyl toýy mynasybetli, oba hojalyk
toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize 2021-nji ýylda doglan,
Keremli atly mele reňkli ajaýyp ahalteke bedewini sowgat bermek dabarasy boldy.
Dabara gatnaşyjylar oba zähmetkeşleri hakynda
edýän yzygiderli aladalary, ekerançylaryň netijeli zähmet çekmekleri ugrunda
döredilýän şertler üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs
ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, täze zähmet üstünlikleri bilen Garaşsyz,
Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegine mundan beýläk-de goşant goşjakdyklaryna
ynandyrdylar.
Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly
çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň
ýeten belent sepgitleri, zähmetsöýer halkymyzyň gazanýan üstünlikleri joşgunly
wasp edildi.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Hasyl toýy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň
ähli welaýatlarynda we Arkadag şäherinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy.
tdh.gov