PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Sergileriň sanawy

№13 Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi

Giriş.

Ýöriteleşdirilen sergi köp ýyllardan bäri türk öndürijileri tarapyndan öndürilýän önümleriň giň ugurlaryny açyp görkezmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary alyşmak üçin netijeli meýdança boldy. Iki dostlukly ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen forum ösüş mümkinçiliklerini, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga, kärhanalary tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga, iň häzirki zaman önümçiliklerini kemala getirmäge esaslanýan türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň binýadynda maýa goýum-innowasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegini hasaba almak bilen, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär.

 

 

Serginiň geçirilýän ýeri

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Türkmenistan. Çandybil şaýoly 143

Serginiň geçýän wagty: 2024-nji ýylyň 4-6-njy dekabr aralygynda ,

sagat - 09:00 – 18:00 çenli.

 

Sergä gatnaşyjylar.

Türkiýe Respublikasynyň önümçilik kompaniýalary we hususy kärhanalary.

 

Eksponatlar.

Köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy — senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkezilýär.