01.08.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan
işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen ýedi
aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 7-si we Mejlisiň kararlarynyň 12-si
kabul edildi.
«Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe
gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda»
Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny
bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek,
buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň
aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky
gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň
netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlara
degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Hormatly Prezidentimiziň
hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary
derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek barada öňde goýan
wezipelerinden ugur alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany,
Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we
welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.
Mejlisde daşary ýurtlaryň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň
7-si kabul edildi.
Şeýle hem dünýä döwletleriniň
parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we halkara
guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp
maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 25-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we
hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn
dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 82-sine
gatnaşdylar. Kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň
wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 16-sy amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini döwrüň
talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň
möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýedi aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini
senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk
pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we
hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.
Geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4
göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy.
Hasabat döwründe, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim,
daşary söwda dolanyşygy bolsa 9 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar – iýul
aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101,1
göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe býujetden
maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet
haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda
maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli
çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,7 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem Oba milli
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul
aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy
barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek,
şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, ykdysadyýetiň
pudaklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny
nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny
artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça
2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,7
göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy
105,5 göterim ýerine ýetirildi.
Benzin öndürmegiň meýilnamasy
121,6 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 113,5 göterim,
polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň
meýilnamasy 103 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça
122,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,1 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny
özleşdirmek işlerini netijeli alyp barmagyň möhümdigini aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň ýedi
aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda
oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe oba hojalyk
pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 111,9 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 108,6 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
103,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 111,8 göterime,
«Türkmenpagta» döwlet konserni boýunça 104,5 göterime, «Türkmengallaönümleri»
döwlet birleşigi boýunça 124,7 göterime, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi
boýunça 100,5 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 116,2 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,9 göterime hem-de
«Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 107,3 göterime deň boldy. Maýa goýum
serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 141,3 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda oba hojalygy
pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde gowaça ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Pagta
ýygymy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde pagta ýygýan
kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny hem-de pagta arassalaýjy
kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça
degişli işler geçirilýär.
Bugdaý ekişini bellenen
möhletlerde geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda sürüm we tekizlemek işleri
dowam edýär. Şeýle hem ekiş möwsüminde işlediljek bugdaý ekijileri hem-de
ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp
barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmegi, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki talaplara görä,
ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilişine berk gözegçilik etmegi
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan
2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 123,9 göterim berjaý edildi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 103,9 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 127 göterim, Energetika ministrligi boýunça 108,9 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,3 göterim berjaý edildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 135 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 127,5 göterim amal edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumyna degişli kärhanalaryň
netijeli işlemegini gazanmak hem-de taslama kuwwatyna çykarmak üçin toplumlaýyn
çäreleri görmegiň, awtomobil ýollarynyň gurluşygyna we saklanylyşyna yzygiderli
gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurlup, bellenen möhletde
ulanmaga berilmegi üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň
ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Söwda we
daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş
depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,8 göterime barabar
boldy.
Dokma senagaty ministrligi
boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,4
göterim ösüş depgini üpjün edildi. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň
kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 107,3 göterime barabar
boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 169 birža
söwdasy geçirilip, olarda 17 müň 898 şertnama hasaba alyndy.
2026-njy ýylyň ýanwar – iýul
aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini
119,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 14 sergi we 8 maslahat
geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk
önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümlerini
öndürmegiň ösüş depgini 107,1 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny hem-de söwda nokatlaryny
azyk we beýleki harytlar bilen yzygiderli üpjün etmegi gözegçilikde saklamagyň
möhümdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy
ulgamyň önümçiligini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi, Döwlet haryt-çig
mal biržasynyň işini hem yzygiderli kämilleşdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly
at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35
ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler we dabaralar geçirildi.
Taryhy-medeni ýadygärliklere
tanyşdyryş gezelençleri, arheologlar bilen duşuşyklar, meýdan şertlerindäki
maslahatlar guraldy. Teatrlarda, döwlet sirklerinde, paýtagtymyzdaky
kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde, kitaphanalarda, muzeýlerde we
taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda medeni hyzmatlar hödürlenildi.
Türkmen hünärmenleri daşary
ýurtlarda iş saparlarynda bolup, ol ýerlerde geçirilen halkara çärelere
gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň
çäklerinde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli
geçirildi. Medeni hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol
çekildi.
Azerbaýjan Respublikasynda
geçirilen Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň II halkara festiwalyna ýurdumyzyň
ýaş şahyrlary, Koreýa Respublikasynyň dostluk gününiň çäklerinde geçirilen
çärelere sungat ussatlarymyz, Pekin şäherinde geçirilen Ýaşlar orkestrleriniň halkara
sungat hepdeliginiň çäklerinde guralan çärelere «Mukam» skripkaçylar topary
gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler we halkara baýraklara mynasyp boldular.
Şeýle hem wise-premýer Türkmen
döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işini döwrüň
talabyna görä guramagy dowam etmegiň, halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek,
medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça degişli işleri alyp barmagyň
möhümdigine ünsi çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine
we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk
görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar
– iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam
etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçy
we talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, uly üstünlikleri
gazandylar.
Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki, welaýatlardaky hem-de Awazadaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň ýokary derejede dynç alşy üpjün edildi. Ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary arkaly talyplary kabul etmek işine guramaçylykly girişildi.
Hasabat döwründe ylym ulgamyny
kämilleşdirmek boýunça hem işler guramaçylykly alnyp baryldy. Halkara
ylmy-amaly maslahatlar guramaçylykly geçirildi. Ylymlar akademiýasynyň Halkara
ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasy döredildi.
2026-njy ýylyň ýanwar – iýul
aýlarynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga
ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler
amala aşyryldy. Ýokary hilli innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün
edilen şypahanalarda toplumlaýyn saglygy dikeldiş-bejeriş usullary ulanyldy,
ýurdumyzyň ilatyna we daşary ýurt raýatlaryna ýöriteleşdirilen şypahana
hyzmatlary ýerine ýetirildi.
Şeýle hem bedenterbiýäni,
sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.
Türgenlerimiz ýokary netijeleri görkezip, jemi 471 medal gazandylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we
sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, bilim bermegiň hilini has-da
ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň, saglygy goraýyş ulgamynyň
işini yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere sporty ösdürmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki
bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan
hoş habaryň gelip gowşandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň
24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar
mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «2028-nji ýyl –
Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly
Prezidentimiziň öňe süren başlangyjynyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk
gelýändigini, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda kanunylygyň, adalatlylygyň we
hukugyň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň giň goldawa
eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.
Pursatdan peýdalanyp,
wise-premýer, daşary işler ministri mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly
Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy döwlet Baştutanymyzyň parasatly
baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanan bu nobatdaky uly daşary syýasy üstünligi
mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy.
«Biz geljekde hem Birleşen
Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan
işlerimizi dowam etdireris» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary gelip gowşan hoş habar
– möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Wise-premýer, daşary işler
ministri sözüni dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
tarapyndan kabul edilen 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek
baradaky Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem
Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara başlangyjynyň mazmunyny giňden açyp
görkezmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipleri
hödürledi.
Hususan-da, 2028-nji ýylda
Halkara hukuk ýylyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek we oňa toplumlaýyn
taýýarlyk görmek maksady bilen, 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler
meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Bu meýilnamany işläp
taýýarlamak, onuň çärelerini utgaşdyrmak we ýerine ýetirilişine gözegçilik
etmek üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy edaralarynyň wekillerinden
ybarat Pudagara iş toparyny döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar.
Milli hereketler
meýilnamasynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek syýasy-diplomatik, ylmy-amaly,
bilim, medeni we maglumat çärelerini, olaryň möhletlerini, ýerine ýetiriji
edaralaryny hem-de garaşylýan netijelerini kesgitlemek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, «Halkara
hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany
taýýarlamak we ony Birleşen Milletler Guramasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň
agza döwletleriniň arasynda ýaýratmak teklip edilýär.
Şeýle hem 2026 – 2028-nji
ýyllaryň dowamynda milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda ýurdumyzda
halkara hukugynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan sebit we halkara maslahatlary
hem-de duşuşyklary geçirmek baradaky teklip beýan edildi. Şeýle çäreler
2028-nji ýylda geçirilmegi teklip edilýän esasy halkara foruma mazmun we
bilermenler nukdaýnazaryndan taýýarlyk görmäge mümkinçilik berer.
Ilatyň, aýratyn-da ýaş nesliň
hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokary okuw we orta hünär
okuw mekdeplerinde halkara hukugynyň esaslary, Birleşen Milletler Guramasynyň
Tertipnamasy hem-de Milletler Bileleşiginiň halkara hukuk ulgamyny berkitmek
ugrunda alyp barýan işleri barada ýörite okuw sapaklaryny, açyk leksiýalary we
duşuşyklary guramak boýunça Hereketler meýilnamasyny taýýarlamak teklip
edilýär.
Şeýle hem milli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda halkara hukugy boýunça okuw, ylmy-usulyýet we maglumat gollanmalaryny işläp taýýarlamak, elektron bilim serişdelerini döretmek, «Halkara hukuk hepdeligini», BMG-niň işini nusgalaşdyrýan okuw maslahatlaryny we ýaşlaryň arasynda halkara hukugynyň möhüm meseleleri boýunça ylmy işleriň, makalalaryň we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegini ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar.
Şunuň bilen birlikde, halkara
hukugynyň ähmiýeti barada
tele-radioýaýlymlarda ýörite
gepleşikleri we dokumental filmleri taýýarlamak, metbugatda ylmy-köpçülikleýin
makalalary çap etmek, şeýle hem Halkara hukuk ýylyna bagyşlanan köp dilli
internet sahypasyny ýa-da ýörite maglumat bölümini döretmek maksadalaýyk bolar.
Şunuň bilen bir hatarda,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat halkara platformasyny döretmek teklip
edilýär. Ol halkara hukugyny öwrenmek hem-de bu ugurda halkara bilermenleriň
arasynda yzygiderli pikir alyşmak üçin hemişelik hereket edýän ylmy-diplomatik
meýdança bolup biler. Şeýle hem platformanyň çäklerinde her ýyl «Aşgabat
halkara hukuk dialogyny» we ýaş hukukçylar üçin tomusky mekdepleri geçirmek
mümkinçiligine seretmek bolar.
2028-nji ýylda Aşgabat
şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara hukugy boýunça
ýokary derejeli Bütindünýä forumyny geçirmek, onuň jemleri boýunça halkara
hukugynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm binýady
hökmündäki ornuny tassyklaýan Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek mümkinçiligine
seretmek teklip edilýär.
Şunuň bilen birlikde, Birleşen
Milletler Guramasynyň Sekretariaty we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen
bilelikde 2028-nji – Halkara hukuk ýylynyň halkara çäreleriniň senenamasyny
işläp taýýarlamak teklip edilýär. Şeýle hem 2028-nji ýylyň başynda BMG-niň
Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Halkara hukuk ýylynyň resmi açylyş
dabarasyny geçirmek, ýylyň dowamynda Ženewa, Wena we beýleki iri halkara
merkezlerinde ýokary derejeli çäreleri guramak mümkinçiligini öwrenmek
maksadalaýyk bolar.
Beýan edilen teklipleriň
durmuşa geçirilmeginiň hormatly Prezidentimiziň halkara hukugynyň umumy ykrar
edilen kadalaryny we ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen
başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, Birleşen Milletler Guramasynyň
Tertipnamasynyň halkara gatnaşyklardaky esasy ornunyň berkidilmegine, dünýäde
parahatçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek medeniýetiniň ösdürilmegine möhüm
goşant goşjakdygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz kararnama
boýunça beýan edilen teklipleri goldaýandygyny aýdyp, wise-premýer, daşary
işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan
wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan
hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň
halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar
möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň ýedi
aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaý Halk Respublikasyna,
Awstriýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna,
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna hem-de
Eýran Yslam Respublikasyna saparlary guraldy.
Hormatly Prezidentimiz şu
ýylyň ýedi aýynyň dowamynda Gazagystan Respublikasyna, Azerbaýjan
Respublikasyna, Gruziýa Respublikasyna hem-de Gyrgyz Respublikasyna saparlary
amala aşyrdy.
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda
GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň
mejlisleri, beýleki duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin
Arkalaşygyň döwletleriniň Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.
Hasabat döwründe Daşary işler
ministrliginiň üsti bilen jemi 428 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we
Türkmenistandan daşary ýurtlara 761 wekiliýet saparlary amala aşyrdy.
Şu ýylyň ýanwar – iýul
aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 287-si geçirildi.
Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara
guramalar bilen bilelikde 1376 resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy.
Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara
resminamalaryň 137-si bilen ýetirildi. Daşary işler ministrligi bilen beýleki
döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek
boýunça işler hem amala aşyrylýar.
Şeýle hem hasabat döwründe
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretary, onuň
orunbasarlary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, BMG-niň
Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň
ýolbaşçysy, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary hem-de Ýadro synaglaryny
ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary
bilen gepleşikleri geçirildi.
Daşary ýurt döwletleriniň
ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek we kämilleşdirmek
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup
durýar.
2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Finlýandiýanyň, Keniýa Respublikasynyň hem-de Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenilen ilçileri we BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy ynanç hatlaryny gowşurdylar.
Şol bir wagtda, Türkmenistanyň
Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Irlandiýadaky,
Maldiwler Respublikasyndaky ilçileri hem-de BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny
gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şeýle hem abraýly
halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine bu gatnaşyklary ösdürmek
hem-de giňeltmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etmegi, şeýle hem halkara derejesindäki çäreleri ýokary
derejede guramak boýunça degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň
ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly,
ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş
depgini 114 göterime deň boldy.
Awtomobil, demir ýol, howa,
deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 103,6 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini
bolsa 102,4 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Demir ýol
ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107
göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8
göterime, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini
118,5 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji
102,1 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,5 göterime barabar
boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmagy dowam etmegiň, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini
artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy
üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýedi aýda alnyp
barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň
ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik
pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz jemi içerki
önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp
gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Şeýle hem «Ýurdumyzda iri
senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň,
çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini
aýratyn bellemek isleýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary
durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň wajypdygyny
nygtady.
Döwlet Baştutanymyz 1-nji
awgustdan ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny, olaryň ýurdumyzyň
şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip,
dynç alyp biljekdiklerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz zähmet rugsady döwründe
ýolbaşçylaryň ählisine gowy dynç almagy arzuw etdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov