Şu gün
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe
resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi.
Ilki bilen,
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol täze hukuk resminamalarynyň
taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we
goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler, kabul edilýän kanunçylyk
namalarynyň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek ugrunda geçirilýän çäreler
barada habar berdi.
Bellenilişi
ýaly, daşary ýurtlaryň parlamentleri hem-de halkara guramalar bilen
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde Ýaponiýa, Täjigistan Respublikasy,
Azerbaýjan Respublikasy ýaly döwletleriň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, BMG-niň Merkezi
Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen
duşuşyklar geçirildi. Şunuň bilen birlikde, ÝHHG-niň Parlament
Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen sanly ulgam arkaly
duşuşyk geçirildi. Mundan başga-da, mejlisiň deputatlary we hünärmenleri
ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi tarapyndan guralan «Parlamentiň işini
sanlylaşdyrmak boýunça halkara tejribe we tehnologiýalar» atly okuw
maslahatyna, şeýle hem birnäçe beýleki çärelere gatnaşdylar.
Mejlisiň
deputatlary
tarapyndan
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullarydyr ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Habar berlişi ýaly, deputatlar Garaşsyz Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek boýunça geçirilýän maslahatlara gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.
Hormatly
Prezidentimiz
Serdar
Berdimuhamedow
täze kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini aýtdy. Bu kanunlar döwletimiziň alyp
barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da
gowulandyrmalydyr. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bu işleriň
ählisini halk köpçüligine düşündirmek çärelerini yzygiderli geçirmegiň
zerurdygyny belledi.
Ministrler
Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda,
«Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ykjam telefonlar üçin «Sanly
kart» programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Bu programma üpjünçiligi
«NFC» we «QR-kod» tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny
geçirmäge niýetlenendir.
Hormatly
Prezidentimiz
hasabaty
diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzyň banklarynda töleg ulgamlary kämilleşdirilýär, nagt däl
tölegleriň gerimi giňeýär. «Sanly kart» täze bank hyzmaty hem raýatlaryň ykjam
telefonlary bilen töleg amallaryny geçirmeginde netijeli bolar diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi we wise-premýere harytlar, hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň
kämil we döwrebap bolmagyny gazanmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Toplumyň
pudaklarynyň
işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli nebit, gazhimiýa önümlerini öndürmek, şeýle hem olaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Bellenilişi ýaly,
toplumyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy tebigy serişdeleriň
rejeli we netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň senagat, eksport
kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz
Serdar
Berdimuhamedow
hasabaty
diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Täze nebitli-gazly
ýataklar açylyp ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, üznüksiz önümçiligi
guramak üçin pudagy kömekçi materiallar, himiki serişdeler we beýleki ätiýaçlyk
şaýlary bilen öz wagtynda üpjün etmek möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Ilki
bilen,
wise-premýer Diýarymyzyň zähmetsöýer ekerançylarynyň geljek ýylyň hasyly üçin jemi 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirip, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge berýän hemaýat-goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bugdaý ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap
almak, pagta kabul ediş harmanhanalaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara
ibermek, çig mal öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli
işler geçirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda
gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.
Arkadag
we
Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri görüldi.
Hormatly
Prezidentimiz
Ministrler
Kabinetiniň
agzalaryna
we
watandaşlarymyza ýüzlenip, ýurdumyzda bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygyny
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen
meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirmegiň we ekin
meýdanlarynda doly gögeriş almagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda
birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary
guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.
Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny
döretmek hakynda» Kararyň taslamasyny hödürledi. Resminamada ýurdumyzda oba
hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we tohumçylyk işini ylmy
esasda ulgamlaýyn alyp barmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz
hasabaty
diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp
barmagy has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny aýdyp, ylmy-barlag institutlarynyň
işiniň döwrebap ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz
«Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek
hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we
birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, şol sanda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda» himiýa senagatynda täze iri taslamalary durmuşa
geçirmek, pudagyň kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak, içerki we daşarky
bazarlarda isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän görnüşlerini
giňeltmek maksady bilen, hereket edýän önümçilikleri kämilleşdirmek göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, «Maryazot» önümçilik birleşiginiň
önümhanalaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly onuň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça
alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz
hasabaty
diňläp, himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işlemegini üpjün etmegiň, senagat kärhanalarynyň önümçilik ugurlaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Maryazot» önümçilik birleşiginiň birinji
ammiak önümçiliginiň durkuny täzelemek we oňa täze enjamlary ornaşdyrmak
meselesine degip geçdi. Munuň özi kärhananyň önümçilik taýdan netijeliligini
ýokarlandyrmaga, girdejili bolmagyna ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 20-nji noýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Türkmen-german işewürlik maslahatyny hem-de 22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň London şäherinde «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu forumlaryň dowamynda
Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary,
ulag, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýurdumyzyň infrastrukturasyny ösdürmegiň
maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak, nebitgaz, himiýa we beýleki senagat
pudaklaryny, bank, ätiýaçlandyryş pudaklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp
maslahatlaşylar.
Hormatly
Prezidentimiz
hasabaty
diňläp, meýilleşdirilýän halkara maslahatlary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Berlin şäherinde boljak Türkmen-german işewürlik maslahatynda, şeýle hem London şäherindäki maýa goýum forumynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge gönükdirilen taslamalara uly orun berilmelidigini
belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz
hasabaty
diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giň gerim bilen geçirilýän sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu döredijilik forumyna Azerbaýjanyň Döwlet sazly drama teatrynyň,
Gazagystanyň drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň sazly drama teatrynyň,
Tatarystanyň Döwlet akademiki teatrynyň, Täjigistanyň Döwlet ýaşlar teatrynyň
we Özbegistanyň sazly drama teatrynyň wekilleri gatnaşarlar. Festiwalyň
açylyş we ýapylyş dabaralary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler. Aşgabat we Arkadag
şäherlerinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlaryny
görkezmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer forumyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylary ýörite diplomlar, nyşanlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak dabarasynyň boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyza halkara festiwaly geçirmegiň meýilnamasyny, şeýle hem onuň nyşanynyň, teatr toparlaryna gowşuryljak nyşanyň teklip edilýän taslama görnüşlerini hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz
Serdar
Berdimuhamedow
hasabaty
diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä halklarynyň köpugurly medeniýetiniň kämilleşmegine mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk
döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal hem dünýä halklarynyň
arasyndaky medeni gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarar diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady we wise-premýere möhüm ähmiýetli bu halkara festiwalyň
ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň 16 — 18-nji noýabrynda
Mary şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň
forumyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu çäre hormatly
Prezidentimiziň döwlet Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky
birinji sammitiniň barşynda öňe süren başlangyjyna laýyklykda guralar. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Daşary işler ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan
bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur çäreler
görülýär. Oňa milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän
hünärmenleriň, talyp we meýletinçi ýaşlaryň, şeýle hem HHR-iň, Gazagystanyň,
Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýaş wekilleriniň gatnaşmaklaryna
garaşylýar.
Forumyň
gün tertibine ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze mazmunly formatyny ýola goýmak, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet, sungat ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
bilen
baglanyşykly meseleler giriziler. Şunuň bilen birlikde,
parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň toplan baý tejribesi
öwreniler, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ýaşlaryň orny bilen bagly meseleler
ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Hytaýyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň festiwalyny guramak hem
meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz
Serdar
Berdimuhamedow
hasabaty
diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda halkara ähmiýetli çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belläp, Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda guraljak «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyň hem ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu forumyň ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž
şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan gelip gowşan hoş habar
barada aýtdy. Şol gün — Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat
şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna
girzilýändigi babatda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi.
Mälim bolşy
ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birlikleri we komitetleri, onuň
halkara hünärmenleri bilen bilelikde bu ugurdaky işe 2021-nji ýylda girişdi. Şu
geçen ýyllaryň dowamynda halkara jemgyýetçilik Aşgabat şäherini dünýäniň iň
gözel, ajaýyp, tehnologik taýdan ösen şäheri hökmünde ykrar etdi. Paýtagtymyzyň
häzirki zaman halkara urbanistika kadalary bilen ösýändigi aýratyn bellenilip,
oňa ýokarda agzalan hukuk derejesi berildi.
Wise-premýer,
daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny bu syýasy ýeňiş bilen gutlap, döwlet
Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli alyp
barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara we ähli
watandaşlarymyza ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet
meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan hoş habaryň gelip
gowşandygyna ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheri
«Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi. Bu
hoş habaryň Şäherleriň bütindünýä gününde gelip gowuşmagynyň hem uly manysy bar.
Döwlet
Baştutanymyz paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da özgertmek işleriniň mundan
beýläk hem dowam etdiriljekdigini nygtap, aşgabatlylary we ähli
türkmenistanlylary ýurdumyzyň ýüregi bolan ak şäherimiz Aşgabat şäheri bilen
bagly bu şatlykly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin
3-nji noýabrda Gazagystan Respublikasyna boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi
barada hasabat berdi. Bu sammit Astana şäherinde geçiriler.
Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzyň 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda bu gurama synçy
hökmünde goşulandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Türki
Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu düzümiň
işine işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň
söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler
geçirilýär.
Saparyň
çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy hem
meýilleşdirilýär.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan
Respublikasynyň Daşkent şäherine boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk
edýär. Bu guramanyň 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat
şäherinde geçirildi. Ýurdumyzyň başlyklyk eden döwründe YHG-nyň giňişliginde
söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, şeýle hem
medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge
gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijeleri boýunça jemleýji resminama, ýagny
Hereketleriň Aşgabat konsensusy kabul edildi.
Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitini 8-9-njy noýabrda geçirmek göz
öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar we dünýä
döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary
syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna
laýyklykda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini
nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzyň wekiliýetiniň Türki
Döwletleriň Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine
gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň
we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara
sergisine we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu
çäreleri şu ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bellenilişi
ýaly, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk,
kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet
strategiýasy ýaly meseleleri öz içine aljak forumlara ýurdumyzdan we daşary
ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň, işewürleriň, halkara guramalaryň
wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara ylmy maslahata Halkara
elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Domen atlary dolandyrmak boýunça
korporasiýasynyň (IСANN), Aragatnaşyk boýunça sebitleýin birleşmesiniň,
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň hem-de önüm öndüriji we programma
üpjünçiligini taýýarlaýan «Nokia», «Huawei», «Eastwind», «NEС» ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary göz
öňünde tutulýar.
Forumyň
dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde programma üpjünçiligini
işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar, startaplar bilen meşgullanýan
ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen guralan, dürli
ugurlar boýunça 317 sany taslama bilen ýaşlaryň gatnaşan «Sanly çözgüt — 2023»
atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigini jemlemek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda täze
innowasion, sanly tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we
innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar
beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023»
atly XVI halkara sergisiniň we onuň çäklerinde geçirilýän ylmy maslahatyň
ähmiýetini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna forumy ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň
dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa söz
berildi. Ol aşgabatlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly waka — Aşgabadyň «Dizaýn»
ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bilen tüýs
ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy
başlanan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň
amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has
oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. ÝUNESKO-nyň 31-nji oktýabrda —
Şäherleriň bütindünýä gününde kabul eden çözgüdi hem munuň nobatdaky aýdyň
beýanydyr.
Döwlet
Baştutanymyz ähli watandaşlarymyzy Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň
döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlap, Aziýanyň merjeni, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň,
ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygyň merkezi
hökmünde ykrar edilen paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine mundan beýläk-de
uly üns beriljekdigini nygtady.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov