Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa –Russiýa» ikinji Sammitine we Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, iş sapary bilen
Täjigistan Respublikasyna ugrady.
Merkezi Aziýa döwletleri bilen
Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebit syýasatynyň okgunly ösýän
we strategik ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Berk taryhy medeni we ykdysady
gatnaşyklara esaslanýan bu hyzmatdaşlyk syýasat, ykdysadyýet, energetika, ulag,
ylym-bilim we ynsanperwer ýaly ulgamlary öz içine alýar.
Milli bähbitlere özara hormat
goýmaga esaslanýan deňhukukly we ynanyşykly dialog bu hyzmatdaşlygyň
durnuklylygyny üpjün edýän esasy şert bolup çykyş edýär. Hemişelik oňyn
Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa
geçirýän Türkmenistan bu formatda netijeli orun eýeleýär.
«Merkezi Aziýa – Russiýa» formaty alty döwletiň tagallalaryny
üstünlikli birleşdirmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar. 2022-nji ýylda Astanada
geçirilen birinji sammit bu dialogyň netijeli häsiýetini hem-de dostlukly
gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändigini tassyklady.
Türkmenistan bu altytaraplaýyn
formatyň ösüşine saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz berk taryhy binýada we
hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga
işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we
Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumyny geçirmek boýunça başlangyjy munuň
aýdyň mysallarynyň biridir.
Paýtagtymyzdan ugur alan
hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan Duşenbe şäheriniň mejlise
gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen halkara howa menziline
gelip gondy.
Döwlet Baştutanymyzy
Täjigistanyň ýokary wezipeli resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi
wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
TDH