Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň
taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri
hem-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp
barýan işleri, hususan-da, häzirki wagtda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny
mundan beýläk-de pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini
goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady
bilen, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan
çäreler barada habar berdi. Şeýle-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrüň
talabyna laýyklykda üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi barada
aýdyldy.
Dürli
döwletleriň parlamentleri, iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklar
yzygiderli giňeldilýär. Ýakynda Bangladeş Halk Respublikasynyň hem-de Kanadanyň
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi.
Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyklar
geçirildi. Olaryň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Deputatlar
Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen bilelikde,
degişli döwlet düzümleri tarapyndan guralan çärelere, hususan-da, BMG-niň Ösüş
maksatnamasynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreleriň işlenip
taýýarlanylmagyna, BMG-niň Ilat gaznasynyň «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk»
boýunça bilelikdäki maksatnamany işläp taýýarlamaga bagyşlanan duşuşyklaryna,
Çagalar gaznasynyň «Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça
2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» tanyşdyrylyş
çäresine gatnaşdylar. Mundan başga-da, Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji
maslahatynda kabul edilen kanunçylyk namalarynyň maksatlaryny we wezipelerini
ilata düşündirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlaryň taslamalaryny işläp
taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrüň talabyna
laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, kabul edilen kanunçylyk
namalaryny halk köpçüligine düşündirmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow «Türkmenistanda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda»
bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek, hususan-da, ykdysadyýetiň pudaklaryna
sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat
binýatlar ulgamyny döretmek, onuň bir bitewi tehniki talapnamalara laýyklykda
işlemegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, standartlaşdyrmak boýunça ygtyýarly edaranyň we
onuň düzüm birlikleriniň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Bu ugurda
amala aşyrylýan anyk çäreler olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga,
resminama dolanyşygyny çaltlandyrmaga, kadalaşdyryjy resminamalaryň elektron
binýadyny netijeli ulanmaga, şeýle hem raýatlara, ýuridik şahslara, hususy
telekeçilere edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga ýardam bermelidir diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 25 — 27-nji oktýabrynda
Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara
maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Foruma daşary ýurt
kompaniýalarynyň, halkara maliýe düzümleriniň köp sanly wekilleri, ýurdumyzyň
hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri gatnaşarlar.
Maslahatyň
gün tertibine giň ugurlar — baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak,
energetika bazarlaryny, maýa goýum işlerini ösdürmek, täze ýataklary
özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, nebithimiýa, gazhimiýa,
himiýa pudaklary we elektroenergetika, ekologik taýdan zyýansyz önümçilikleri
ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary
çekmek ýaly möhüm meseleler giriziler.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde nebitgaz
pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa
görä-de, nebitgaz senagatynyň ýeten derejelerini görkezmekde bu halkara
maslahat we sergi uly ähmiýete eýe bolar. Şeýle forumlar bu pudakda daşary
ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda
gatnaşyklary işjeň ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Döwlet
Baştutanymyz bu halkara çärede daşary ýurt kompaniýalary bilen pudagy
ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip
belledi we bu çäräniň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi
wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Welaýatlarda
bugdaý ekişiniň dowam edýändigi, ekiş geçirilen meýdanlary mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek hem-de suw tutmak işleriniň geçirilýändigi barada habar
berildi. Şunuň bilen birlikde, pagta hasylyny ýygnap almak we pagtaçylar bilen
tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli
çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki
kadalara laýyklykda guralmagynyň zerurdygyny belledi hem-de pagta ýygymynyň we
bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak üçin degişli düzümleriň sazlaşykly
işini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mejlisiň
dowamynda wise-premýer şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesine
meýilleşdirilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guraljak çärelere
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Dabaralaryň çäklerinde «Ýylyň türkmen
edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryny, sergidir halkara
ylmy maslahaty geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi. Mundan
başga-da, «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň III mejlisi geçiriler.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda türkmen
alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak we
şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny
nygtady.
Şu
ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň
baýramyny belläp geçeris. Şu mynasybetli birnäçe çäreleri geçireris diýip,
döwlet Baştutanymyz bu baýramy ýokary derejede guramak üçin gowy taýýarlyk
görmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän
ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny
dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan «Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň
bilen baglylykda, Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny
täzelemegiň meýilleşdirilendigi barada habar berildi. Onuň ugry boýunça häzirki
döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglere laýyk gelýän sil-suw akabasyny hem-de
demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak göz öňünde
tutulýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de
döwrebaplaşdyrmaga, ýolagçy, ýük gatnawlarynyň howpsuz hem-de sazlaşykly
hereketini üpjün etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat — Gökdepe
demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň 47-nji kilometrinde ýerleşýän sil-suw
akabasynyň, şeýle hem demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprülerini gurmak
baradaky teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi,
ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hemişe gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary
B.Annamämmedowa we T.Atahallyýewe ýüzlenip, häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabat
şäheriniň binagärlik keşbiniň has-da gözelleşýändigini, ak mermerli şäherimiziň
döwrebap binalarynda we desgalarynda bagtyýar raýatlarymyz, şol sanda
atşynaslarymyz, seýislerimiz üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, «Türkmenistanyň Prezidentiniň
Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek, goşmaça binalary we desgalary
gurmak hakynda» Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly iberip, degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma senagatynyň kärhanalarynda
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma pudagynda hem
ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda täze ýokary tehnologiýaly
dokma kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär, hereket edýän kärhanalar
döwrebaplaşdyrylýar, pudagyň önümçilik kuwwaty artdyrylýar. Kuwwatly önümçilik
infrastrukturasy we çig mal binýady bolan Türkmenistanyň dokma toplumy milli
ykdysadyýetimizde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýokary tehnologiýaly,
ekologik taýdan arassa önüm öndürýän täze kärhanalaryň gurluşygyna köp möçberde
maýa goýumlaryň goýulmagy netijesinde pudagyň eksport mümkinçiligi artýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dokma senagatynyň özüniň ägirt uly
serişde kuwwaty esasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän
pudagynyň okgunly ösüşiniň nusgasyna öwrülendigini belläp, wise-premýere bu
ugurdaky işleri dowam etdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Wise-premýer
«Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanyny döretmek boýunça görülýän çäreler
barada-da hasabat berdi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny
pugtalandyrmak, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli
işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde öndürilýän ýokary hilli,
bäsdeşlige ukyply önümler içerki bazaryň üpjünçiligini artdyrmak bilen
birlikde, daşary ýurt bazarlarynda-da barha uly orun alýar. «Türkmenistanyň
2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, milli
söwda nyşanly täze harytlary öndürmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden
tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.
Wise-premýer
«Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 —
2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna» laýyklykda, «Türkmenistanda
öndürilen» milli haryt nyşanyny döretmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň
meýilleşdirilendigini habar berdi. Türkmenistan halkara jemgyýetçilikde
«Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşany bilen ýokary hilli harytlary
öndürmek we hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan
döwlet hökmünde tanalýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä bazarynda abraýyny
artdyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we maýa goýumlary çekmäge oňyn
täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak boýunça degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanda öndürilen»
milli haryt nyşanynyň şekili babatda teklipleri jemlemek we saýlap almak
boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibi makullady hem-de ol
işlenip taýýarlanylanda, halkymyzyň milli aýratynlyklarynyň, häzirki zaman
marketing usullarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe
tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Edebiýat,
medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli
çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry”» atly
baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda» Kararynyň taslamasy
barada hasabat berdi.
Bu
bäsleşigiň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini, «Çalsana, bagşy!», «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» hem-de «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiklerini
guramak meýilleşdirilýär.
«Türkmeniň
Altyn asyry» bäsleşigini ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli
2024-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň
taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn
asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň milli medeniýetimizi
ösdürmekde, medeni mirasymyzy öwrenmekde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, kämil
eserleriň döremeginde möhüm ähmiýetini belledi hem-de bu bäsleşigi ýokary
derejede, guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi wise-premýere
tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly
wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň
dowamynda meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85
ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk
barada hasabat berildi.
Täze
taryhy eýýamda ata-babalarymyzdan miras galan milli medeniýetimizi we
sungatymyzy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ussat medeniýet, sungat,
döredijilik işgärleriniň sarpasy belentde tutulýar. Meşhur türkmen
kompozitorynyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 27-28-nji
oktýabry günlerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag
şäherlerinde “Mukama siňen ömür” atly festiwalyň guralmagy meýilleşdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, kompozitor Nury Halmämmedowyň eserleriniň ýokary
ussatlygyň nusgasy bolup durýandygyny, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň
sanawyna, dünýäniň saz sungatynyň hazynasyna hemişelik girendigini belledi
hem-de bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini
üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow saglygy goraýyş boýunça XI
Türkmen-german forumyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda dünýäniň, şol sanda Germaniýa Federatiw
Respublikasynyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip
gelýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň
arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek
hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrligi bilen Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň
Groshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda
türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň GFR-e saparynyň
dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi.
Hususan-da, degişli teklipler öňe sürlüp, şolara laýyklykda, ýokarda ady
agzalan forumy şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde sanly ulgam arkaly
guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky saglygy goraýyş babatda
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz XI Türkmen-german forumyny ýokary derejede we
guramaçylykly geçirmäge talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak
maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri
barada hasabat berdi.
Aziýa
— Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda HHR bilen netijeli gatnaşyklary
ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Giň
ugurlary öz içine alýan Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk
strategik häsiýete eýedir.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy «Bir guşak, bir ýol» üçünji
ýokary derejeli maslahatynyň açylyş dabarasyna, şeýle hem onuň çäklerinde
guralan ýokary derejeli maslahata gatnaşyp çykyş etdi hem-de ýurdumyzyň özara
bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň we başlangyçly orun eýeleýändigini
tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji
orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy
býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşygynyň barşynda
türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi gyzyklanma bildirilip
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň jemleýji gününde
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi. Onuň gün
tertibine uzak möhlete gönükdirilip guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan meseleleri girizildi. Şunda türkmen-hytaý gatnaşyklaryna mahsus bolan
özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň hem-de açyklygyň ýokary derejesi bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň
çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň degişli
ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen
duşuşyklary geçirildi. Saparyň jemleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn
resminamalara gol çekildi.
Türkmen-hytaý
hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny
nygtap, wise-premýer, daşary işler ministri olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek
meseleleriniň Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň noýabr
aýynda meýilleşdirilen nobatdaky mejlisiniň gün tertibine girizilendigini habar
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Hytaý bilen
strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly
gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine uly
ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ilkinji daşary ýurda
saparymyzy HHR-e amala aşyrandygymyz bellärlikli ýagdaýdyr diýip aýtdy.
Türkmen-hytaý
hyzmatdaşlygy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz BMG-niň, beýleki iri
halkara hem-de sebit guramalarynyň ugry boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
«Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky döwletara dialog täze ösüşe eýe boldy.
Şunda hem Türkmenistan başlangyçly orny eýeleýär.
Hormatly
Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna şu hepdede
amala aşyran iş saparynyň jemlerine hem ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi
ýaly, Gahryman Arkadagymyz «Bir guşak, bir ýol» üçünji halkara hyzmatdaşlyk
forumynyň çäklerinde guralan ýokary derejeli maslahatda çykyş edip, ýurdumyzyň
özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň we başlangyçly orny
eýeleýändigini tassyklady.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow netijeli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny, şol
sanda ony hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň çäklerinde ösdürmek boýunça
yzygiderli işleri dowam etdirmegi tabşyryp, bu komitetiň işiniň gazanylan
ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine hem-de anyk netijeleriň gazanylmagyna
gönükdirilmelidigini aýtdy.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň Türkiýe
Respublikasyna meýilleşdirilen resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň
ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Geçen ýyllarda gol
çekilen döwletara, hökümetara hem-de pudagara resminamalar toplumy
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýär. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde boljak saparyň iki ýurduň doganlyk
halklarynyň taryhy taýdan emele gelen umumylygyna daýanýan däp bolan
türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine
ýardam etjekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine saparyň ýokary
guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzda ulag düzümlerini,
sebit hem-de dünýä ähmiýetli üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmäge giň
mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda halkara ölçeglere laýyk gelýän, ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny
öz içine alýan ugurdaş multimodal düzümler döredilýär. Şolaryň hatarynda dürli
görnüşli howa gämilerini kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolaklary, iň täze
tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylan howa menzilleriniň toplumlary bar.
Raýat
awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet
berlip, iň täze uçarlar we dikuçarlar satyn alynýar, ýokary derejeli işgärler
taýýarlanylýar, ozalky bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar, täzeleri
gurulýar. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de Halkara howa
menzillerinde döredilen häzirki zaman şertleri dürli daşary ýurt
awiakompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýär we bu ugurda hödürlenýän hyzmatlardan
peýdalanmaga isleg bildirýänleriň sany barha artýar. Häzirki wagtda
«Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan ýurdumyzyň howa menzillerinde
uçarlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara howa menzillerinde uçuşlaryň
howpsuzlygyny, yzygiderliligini üpjün etmek üçin bu düzümiň maddy-enjamlaýyn
binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak baradaky teklibi makullady hem-de
agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda talabalaýyk işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy hem-de olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov