Hormatly jenap Başlyk!
Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!
Ilki
bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly Si Szinpine «Bir guşak, bir
ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyny çagyrmak başlangyjy, onuň ýokary
derejede guralandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirmäge
rugsat ediň!
Bu
duşuşygyň geçirilmegi örän derwaýys we zerur wakadyr. Soňky döwrüň ýagdaýlary —
pandemiýa, durnuksyzlygyň artmagy, ynanyşmagyň peselmegi ählumumy ykdysady
işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirdi, özara arabaglanyşykda kynçylyklary ýüze
çykardy, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa
geçirmegiň netijeliligini peseltdi. Şu ýaramaz ýagdaýlary ýeňip geçmek üçin
döwletleriň we halkara institutlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi, hoşmeýilli
erk-islege daýanýan döredijilikli, oňyn gün tertibini berkarar etmek işinde
olaryň raýdaşlygy, jogapkärçiligi we öňdengörüjiligi talap edilýär.
Şu
nukdaýnazardan, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» türkmen strategiýasy
many-mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geljekki geoykdysady landşafty
baradaky garaýyşlaryna, şeýle hem Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna
laýyk gelýär. Şunda deňhukuklylyk, hyzmatdaşlygyň bähbitlerini nazara almak we
ykrar etmek, özara bähbitlilik, medeni, ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligine
hormat goýmak esasy ýörelgeler hökmünde çykyş edýär. Hyzmatdaşlygyň
syýasylaşdyrylmagyny aradan aýyrmak, energetika we ulag akymlarynyň
birtaraplaýynlygyndan el çekmek, olaryň giň halkara gatnaşyklar üçin
diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, elýeterliligini üpjün etmek türkmen tarapynyň
çemeleşmesiniň möhüm ugry bolup durýar.
Türkmen
we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň baý taryhy
tejribesine daýanmak, häzirki wagtda özara obýektiw bähbitleriň bolmagy
Türkmenistana we Hytaýa bu iki strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, olaryň
utgaşdyrylmagy, biri-biriniň üstüniň ýetirilmegi babatda hyzmatdaşlygy
üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Olaryň ikisi hem Ýewraziýada ykdysady
ösüşe kuwwatly itergi berip, Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli häzirki döwrüň
talaplaryna laýyklykda giňişlikleri birleşdirip, özara baglaşan önümçilik we
tehnologik tapgyrlary, senagat guşaklaryny kemala getirmek bilen, köp sanly
durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini
ýokarlandyrmaga, abadançylygyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Türkmen-hytaý
energetika hyzmatdaşlygy şeýle çemeleşmäniň aýdyň mysalydyr. 2009-njy ýylda
Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijiniň işe girizilmegi yklymyň
energetika ulgamynda gatnaşyklaryň täze arhitekturasynyň kemala gelmeginiň
başyny başlady, özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda beýleki döwletleriň
taslamasyna goşulyşmak mümkinçiliklerini açdy. Beýleki iri halkara taslama —
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy
hem hut şu nukdaýnazardan amala aşyrylýar.
Häzirki
wagtda biz türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny
giňeltmegiň we halkara derejede iberilýän möçberini artdyrmagyň üstünde
işleýäris. Türkmenistandan Owganystana hem-de Pakistana elektrik geçiriji, optiki-süýümli
aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň gün
tertibinde iri taslamalaryň ýene-de birnäçesi bar.
Beýleki
bir möhüm ugur ulag bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan
hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta
ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag-logistika düzüminiň köpşahaly
ulgamyny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi
sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. Munuň özi Türkmenistanda
ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek,
Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän
derwaýysdyr. Hususan-da, gürrüň Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginiň üsti bilen
Hazaryň türkmen kenaryna, şeýle-de Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogara uzaýan ulag
geçelgeleri barada barýar.
Bu
geçelge Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Günorta Aziýa ýurtlaryna barýan ugurlarda
hem ulanylyp bilner.
Biziň
tagallalarymyz ulaglaryň ähli görnüşi, şol sanda demir we awtomobil ýollary,
howa gatnawlary arkaly transkontinental daşamalaryň kuwwatyny doly açmaga,
baglanyşdyryjy nokatlarda logistik terminallary döretmäge gönükdirilendir.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem şolaryň biri bolup biler. Biz
hyzmatdaşlaryň bähbitlerine ulanmak üçin onuň kuwwatlyklaryny hödürlemäge
taýýardyrys.
Halkara
geçelgeleriň we logistik ulgamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerinde
umumy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen ylalaşykly ulag diplomatiýasy
barha uly ähmiýete eýe bolýar. Durnukly ulag ulgamynda ählumumy dialogyň başyny
başlaýjylaryň biri bolmak bilen, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda bu
ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýändigini bellemek gerek.
Türkmenistanyň tutanýerli, maksada okgunly işiniň netijesinde, Baş Assambleýa
tarapyndan soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça ulag
ulgamynda Kararnamalaryň altysy kabul edildi.
Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň häzirki zamanyň
ýagdaýlary we dünýä ykdysadyýetiniň obýektiw islegleri bilen sazlaşýandygyny
nygtamak isleýärin. Şoňa görä-de, şol strategiýanyň bu möhüm ugurda netijeli,
durnukly, adalatly ulgamy döretmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň
aglabasynyň bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýaryn.
Önümçilik
işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologik
howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan
wezipeleriniň biri bolup durýar. Biziň “Ýaşyl Ýüpek ýola” garaýşymyzyň
many-mazmuny şuňa esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
ýöriteleşdirilen düzümi — howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça
sebit merkezini döretmek baradaky teklibini oýlanyşykly we öz wagtynda ädilen
ädim hasaplaýarys. Merkeziň işlemegi üçin ýurdumyzyň paýtagtynda — Aşgabat
şäherinde ähli zerur bolan tehniki, guramaçylyk şertlerini hödürlemäge
taýýardyrys.
Kömürturşy
gazynyň, metanyň zyňyndylarynyň atmosfera ýaramaz netijelerini azaltmak we
aradan aýyrmak hem Türkmenistanyň ekologiýa strategiýasynyň möhüm bölegi bolup
durýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, energetika, senagat we ulag ulgamlarynda
ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary
ornaşdyrmaga hem-de ulanmaga tapgyrlaýyn geçmek barada barýar. Şeýle-de
ýurdumyz wodorod energiýasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň
durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň bu ädimlerini hyzmatdaşlygyň «ýaşyl» geçelgelerini
döretmäge, şol sanda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol»
strategiýalarynyň çäklerinde möhüm goşant hasaplaýarys.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Ykdysadyýetde
özara arabaglanyşyk, tehnologiýalary, tejribäni we usullary halkara derejede
alyşmak dünýä ösüşiniň obýektiw meýilleri bolup durýar. Olar önümçilikde has
ysnyşykly kooperasiýany, goşulyşmak babatdaky tehnologik we sanly binýatlaryň,
bilelikdäki kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bularyň
ählisi diňe bir tehniki babatda däl, eýsem, ählumumy derejede-de hyzmatdaşlygyň
bitewi we durnukly logistikasyny döretmäge ýardam etmelidir.
Biziň
pikirimizçe, häzirki wagtda «syýasy logistika» düşünjesi örän wajypdyr. Ony
ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlarynydyr
mümkinçiliklerini paýlaşýan döwletleriň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamy
hökmünde görýärin. Şol hyzmatdaşlyk bolsa syýasylaşdyrmakdan, könelişen
ideologik ýörelgelerden azat bolmalydyr, deňlige, özara hormat goýmaga we
birek-biregiň bähbitlerini nazara almaga esaslanmalydyr.
Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!
Ägirt
uly kuwwata eýe bolan onlarça döwletiň wekilleriniň gatnaşýan şu wekilçilikli
we abraýly forumynyň bu işe hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýeterlik
derejede itergi bermäge ukyplydygyna şübhelenmeýärin.
Üns berip diňläniňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin we
üstünlikli işlemegi arzuw edýärin.
(Pekin
şäheri, 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabry)
tdh.gov