Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Italiýa Respublikasynyň paýtagtyna saparynyň barşynda Rim şäheriniň häkimi Roberto Gualtiýeri bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynda bellenilişi ýaly, M.Mämmedowa bilen Gualtiýeriniň arasynda bolan duşuşykda medeniýetara gepleşiklere we medeni mirasy gorap saklamaga aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, taraplar Italiýa Respublikasynda Türkmenistanyň seýrek duş gelýän arheologik tapyndylaryň sergisini geçirmek üçin amaly ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen wekiliýeti Rimdäki Kapitoliý muzeýine we Rim şäheriniň «Çentrale Montemartini» ýylylyk elektrik bekedine baryp gördi.