12-nji
noýabrda ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini,
mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden
bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy baýramçylyk çäreleriniň
esasy ýaýbaňlandyrylan ýeri boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň
ösmegine mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary,
alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri hormatladylar.
Dabara
gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary we Halk
Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň,
ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ähli welaýatlardan hormatly
ýaşulular bar.
Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda «ak altynyň» hem-de azyklyk
bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Gök, miwe, bakja önümlerini öndürijiler
gazanan ýokary netijeleri bilen tapawutlandylar.
Baýramçylygyň
öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler
jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu
ýylda iň ýokary görkezijileri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny
sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna
laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly
sowgatlar gowşuryldy.
Häzirki
döwürde Watanymyz özgertmeleriň we gülläp ösüşiň ýolunda bedew bady bilen
ynamly öňe barýar. Halkymyzyň abadançylygyny, durmuş üpjünçilik şertlerini
toplumlaýyn ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Ýaýbaňlandyrylan ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan
dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli
ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny täze derejelere çykarmaga
aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu pudagyň girdejili ugurlaryň birine öwrülmegi
üçin iri möçberli çäreler durmuşa geçirilip, iň täze tehnologiýalar, ylmyň we
tehnikanyň soňky gazananlary, ösen döwletleriň öňdebaryjy tejribeleri giňden
ornaşdyrylýar.
Soňky
ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň guramaçylyk
düzümini kämilleşdirmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Pudagyň
kanunçylyk-hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Oba
zähmetkeşleriniň girdejileriniň artmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi
oba ilatynyň rowaçlygynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna
oňyn täsirini ýetirdi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, oba hojalyk pudagyny ulgamlaýyn
dolandyrmak we onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen, däneçilik, ekerançylyk
hem-de pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi. Bu işler ýurdumyzyň
obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa
geçirmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, oba hojalyk ekinleriniň
hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen bir hatarda, daýhan
birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns
berilýär. Olara bellenen tertipde ekinlere ideg işlerini geçirmek üçin
traktorlar, oba hojalyk tehnikalary, enjamlar berilýär. Häzirki döwürde
gallany, pagtany, azyklyk gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän döwrebap
kärhanalar, maldarçylyk, guşçulyk toplumlary döredilýär. Önüm öndürijiler bilen
gaýtadan işleýän kärhanalaryň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýulýar.
Daýhan
birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine,
kärendeçilere ýeňillikli şertlerde bank karzlary berilýär. Daýhanlar tehniki
hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohum, zyýankeşlere garşy ulanylýan
himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalarda üpjün edilýär. Tabşyrylan hasyl
üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän
harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta iberilýän önümleri öndürmek boýunça
uly işler ýerine ýetirilip, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalary
üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnamalaryň çäklerinde häzirki döwrüň
talaplaryna laýyk gelýän galla kärhanalary, maldarçylyk toplumlary, ýyladyşhana
hojalyklary, et we süýt önümlerini öndürýän kärhanalar yzygiderli gurlup
ulanmaga berilýär.
Ýurdumyzda
azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä
tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň
giňeldilmegine, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary
bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hususan-da,
Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirilýär. Gurama oba hojalygyny daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan
usullar esasynda ösdürmekden başlap, azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek
ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde
Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýar. Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda azyk howpsuzlygy, ekologik
abadançylyk, şol sanda ekologiýa we suw diplomatiýasy boýunça döwletimiz
tarapyndan öňe sürlen teklipler halkara jemgyýetçilikde giň goldawa eýe boldy.
...Halkara
ahalteke atçylyk sport toplumynyň esasy girelgesinde özboluşly bezelen sahnada
paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň estrada aýdymçylarynyň, döredijilik
toparlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz
Watanymyzyň ýeten sepgitlerini wasp edýän çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Baýramçylyga gatnaşyjylara we myhmanlara milli tagamlar, pişmedir dürli
süýjülikler hödürlenildi.
Açyk
asmanyň astynda ýurdumyzyň oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagatynyň gazanan
üstünliklerini görkezýän sergi guraldy. Oba hojalyk toplumynyň ähli pudaklary,
Aşgabat, Arkadag şäherleri hem-de welaýatlarymyz öz diwarlyklaryny
ýaýbaňlandyrdylar. Pagtaçylyk we däneçilik, maldarçylyk, azyk, dokma senagaty
pudaklarynyň önümleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Ýurdumyzyň
pagtaçylarynyň üstünliklerine bagyşlanan sergi bölüminde gowaçanyň ak gar ýaly
pagta hanalary, çig maly gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň görnüşleri
bar. Türkmen pagtasynyň diňe bir milli dokma senagaty üçin esasy çig mal
bolman, eýsem, daşary ýurtlara eksport edilýän gymmatly önümdigi-de
bellärliklidir. Bu ýerde orta süýümli hem-de aýratyn gymmatly inçe süýümli
pagtanyň iň gowy görnüşleriniň nusgalary bilen tanyşmak mümkin. Olaryň her biri
türkmen seçgiçi alymlarynyň köpýyllyk zähmetiniň netijesidir. Sergide däneçilik
pudagyna degişli sergi diwarlygyna aýratyn orun berlipdir. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň hem-de ýurdumyzyň ekerançylarynyň
gaýratly zähmeti netijesinde Watanymyzyň galla harmanlary beýgelip, halkymyz azyklyk
un we çörek önümleri bilen doly üpjün edilýär. Hususy pudagyň oba hojalygynda
gazanan üstünliklerini, suw hojalygynda, atçylyk, maldarçylyk, tebigaty
goramak, azyk, gaýtadan işleýän we dokma senagaty ugurlarynda ýetilen belent
sepgitleri beýan edýän diwarlyklar dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda uly
gyzyklanma döretdi.
Emeli
görnüşdäki özboluşly gowaça we galla meýdanlarynyň ýanynda ekerançylyk
ýerlerinde ulanylýan häzirki zaman tehnikalarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr.
Bu ýerde daýhanlaryň ýeňil bolmadyk yhlasly zähmetine ýardamçy bolýan kuwwatly
kombaýnlar, ekinlere ideg işlerini geçirmekde ulanylýan traktorlar,
ýöriteleşdirilen tehnikalardyr enjamlar hatara goýlupdyr. Bu tehnikalaryň
kömegi bilen her ýyl bugdaýyň we «ak altynyň» bol hasyly ýetişdirilýär.
Döwletimiz tarapyndan obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik
meselelerini innowasion esasda çözmek bilen, ýokary iş öndürijilikli iň täze
tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Munuň özi ekerançylyk işlerini amatly
agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň hasabyna oba hojalyk
önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak üçin amatly şertleri döredýär.
Oba hojalykçylaryň iş öndürijiligi ýokarlanyp, olaryň hünär derejeleri we iş
şertleri kämilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň
welaýatlary hem öz baýramçylyk diwarlyklaryny ýaýbaňlandyryp, olaryň sergi
bölümlerinde «ak altynyň» täze hasylyndan doly horjunlar, bugdaý sünbülleri,
tamdyrda täze bişirilen çörekler we beýleki milli tagamlar görkezilýär. Uzak
bolmadyk ýerde bugdaý, pagta ýükli düýe kerweni görünýär. Bu görnüşler
baýramçylyga gelenleri uzak geçmişe alyp gidýär. Irki döwürde uzak ýola rowana
bolnanda, şeýle görnüşde dürli ýükleri daşamak ýeke-täk usul bolupdyr. Hatara
düzülen ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, olarda milli tagamlar taýýarlanylýar.
Halk heňleriniň bu görnüşler bilen utgaşmagy dabara özboluşly baýramçylyk
öwüşginini çaýýar. Her bir öýüň ýanynda gurnalan sekilerde zenanlar milli
tagamlary, süýji nygmatlary taýýarlaýarlar. Zehinli gelin-gyzlar el hünärini
görkezip, tahýa tikmek, keşde çekmek, haly dokamak, keçe güllemek ýaly işler
bilen meşgullanýarlar.
Milli
oýunlary gyzyklanma bilen oýnaýan çagalaryň gapdalynda baş baýrak ugrunda
pälwanlar göreş tutýarlar. Gadymy türkmen däbine görä, bu baýrak ýaryşyň
ýeňijisine gowşurylýar. Baýramçylyga gatnaşyjylar ahalteke tohum atlaryna,
türkmen alabaýlaryna we tazylaryna, aw guşlaryna tomaşa edýärler. Bir söz bilen
aýdylanda, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan ähli çykyşlar halkymyzyň milli dessurlary
bilen utgaşyp, şatlykly pursatlara baý boldy.
Teatrlaşdyrylan
sahna çykyşlary bilen birlikde, halk we estrada aýdymlary ýerine ýetirilýär.
Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen
sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň
dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen
halkynyň rowaçlygy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan
asylly işlerinde rowaçlyklar arzuw edildi.
Ýurdumyzyň
her bir welaýatynda ähli türkmen toýuna mahsus milli tagamlar we naz-nygmatlar
bilen bezelen desterhanlar myhmanlar üçin giňden ýazyldy. Welaýatlaryň sergi
diwarlyklarynda külçe, ýagly, etli, süýtli çörekler we beýleki çörek önümleri
ýerleşdirilipdir. Bu ýerde häzirki döwürde ýurdumyzyň söwda merkezlerinde
hem-de bazarlarynda ilatymyza hödürlenilýän ter miweleriň, gök-bakja
önümleriniň, ir-iýmişleriň köp görnüşi görkezilýär.
Ýurdumyzyň
ussat heýkeltaraşlarynyň, suratkeşleriniň, zergärleriniň ekerançylaryň
zähmetine, mähriban Watanymyza bagyşlan eserleriniň sergisi guraldy.
Soňra
baýramçylyk dabaralary atçylyk sport toplumynyň binasynyň öňündäki ýörite
gurnalan sahnada dowam etdi.
Ýygnananlar
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanyň oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen
Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde
bellenilmeginiň çuňňur many-mazmuna eýedigi nygtalýar. Bu baýram ene topraga
yhlasyň we söýginiň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän
halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.
Döwlet
Baştutanymyz Gutlagynda oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň ýokary
öndürijilikli işlemekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen
baýamaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Oba hojalyk
ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde,
ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan
ýokary öndürijilikli döwrebap, kuwwatly oba hojalyk tehnikalary, enjamlary we
gurallary yzygiderli satyn alynýar. Daýhanlar topragyň berekedini artdyrýan
mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, ekinleriň zyýankeşlerine garşy
ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Önüm
öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.
Merdana oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli
edilýän aladany duýup, ýokary ruhubelentlik bilen yhlasly zähmet çekýärler.
Olar sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly
ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen
mübäreklendi.
Obasenagat
toplumynyň işgärleriniň adyndan Arkadagly Serdarymyza 2020-nji ýylda doglan
Diýarym atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.
Dabara
gatnaşyjylar oba zähmetkeşleri hakynda edýän yzygiderli aladalary,
ekerançylaryň netijeli zähmeti üçin döredilýän şertler üçin döwlet
Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, täze zähmet üstünlikleri
bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegine mundan beýläk-de goşant
goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Döredijilik
toparlary aýdym-sazly çykyşlarynda Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ýeten belent sepgitlerini, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda zähmetsöýer halkymyzyň gazanýan üstünliklerini
joşgunly wasp etdiler.
Dabara
baýramçylyk mynasybetli guralan at çapyşyklary bilen dowam etdi. Asyrlaryň
dowamynda türkmen toý-baýramlarynyň hiç biri şolarsyz geçmändir.
Dürli
aralyklara çapyşyklaryň jemi 5-si geçirilip, olaryň birinjisinde ýaş
çapyksuwarlar ýaryşdylar. Çapuw ýodasynda ýel kimin uçýan ajaýyp ahalteke
bedewleriniň çapyşygyna haýran galmazlyk mümkin däl. Çapyksuwar bilen atyň
bitewi sazlaşygyny emele getirýän, arzyly maksada ýetmek ugrundaky bilelikdäki
tagallany şöhlelendirýän ajaýyp görnüşler hiç bir adamy biparh goýmaýar.
Çapyşyklaryň netijeleri boýunça ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan
baýraklar gowşuryldy.
Dabara
gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme
kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň oba hojalykçylary pudagyň mundan beýläk-de
ösdürilmegi boýunça giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi, türkmen
obasynyň galkynmagy, daýhanlaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda
döredýän şertleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan
etdiler hem-de oba hojalyk toplumynyň mundan beýläk-de ösmegi üçin ähli
tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde dabaraly
maslahatlar we öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabaralary,
baýramçylyk konsertleri, beýleki medeni-köpçülik çäreleri geçirildi.
***
Şu gün Hasyl toýuna gabatlanyp, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän
Arkadag şäheriniň golaýyndaky 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen
döwrebap athananyň açylyş dabarasy geçirildi.
Dag
howasy we mähriban topragymyzyň bu künjeginiň tebigy aýratynlyklary, giň
ýaýlalar atlary hem-de taýlary ösdürip ýetişdirmek üçin amatly gurşawy
döredýär. Behişdi bedewlere ideg etmek, olary ösdürip ýetişdirmek we seýislemek
işleri gadymdan gözbaş alýan milli däplerimiziň esasynda hem-de häzirki zamanyň
öňdebaryjy tejribeleri göz öňünde tutulyp geçirilýär. Munuň özi ýyndamlygy,
deňsiz-taýsyz gözelligi bilen tanalýan ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan
şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam edýär.
Häzirki
wagtda ýurdumyzyň ägirt uly tohumçylyk-seçgiçilik kuwwatlyklaryna eýe bolan
atçylyk pudagynda ahalteke bedewleriniň nesil dowamaty babatda täze ylmy
usullaryň we çemeleşmeleriň, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagy
olaryň ajaýyp genofondynyň aýawly goralyp saklanyljakdygyna, milli, ruhy we
taryhy gymmatlyk hökmünde geljek nesillere ýetiriljekdigine güwä geçýär.
Ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan ýurdumyzda behişdi bedewleriň baş
sanyny artdyrmak, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da belende götermek,
tohumçylyk-seçgi işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär. Hususan-da, tohumçylyk-seçgi
işleriniň ylmy esasda ösdürilmegi bilen, ahalteke bedewleriniň reňk
aýratynlyklarynda täze öwüşginleriň emele gelmegine, arassa ganly ahalteke
bedewleriniň baş sanynyň yzygiderli artmagyna amatly şertler döreýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň açylandygyny bellemek gerek. Bu ýokary okuw
mekdebinde türkmen halkynyň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde toplan
köpasyrlyk däplerini dowam etdirjek we täze taryhy eýýamda pudagyň
ösdürilmegine mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar.
Döwlet
Baştutanymyz atçylygyň nesil dowamatyny ösdürmäge hem-de halkara derejedäki
ugurdaş pudaga goşulyşmagyna, degişli düzümiň kemala getirilmegine aýratyn üns
berýär. Şu ýylyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
täze gurlan athana gelip, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy.
Şonda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de bu düzümiň döwrebap
derejede kämilleşdirilmegine özboluşly goşant goşjak desganyň açylyş
dabarasynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna gabatlanyp guralmalydygy
tabşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Türkmen atlary»
döwlet birleşiginiň sargydy boýunça bu desgany doly taýýar edip ulanmaga bermek
«Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy.
...Täze,
döwrebap athananyň açylyş dabarasy toý-baýrama beslendi. Dabara Hökümet
agzalary, Mejlisiň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň,
pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şeýle hem daşary
döwletleriň ýurdumyzdaky ilçileri gatnaşdylar.
Döredijilik
toparlarynyň ruhubelent aýdym-sazly çykyşlary täze desganyň açylyş dabarasyny
özboluşly baýramçylyk gurşawyna besledi. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary
astynda hormatly ýaşulular dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýärler we 600
ahalteke atyna niýetlenen täze athanany açýarlar. Bu ýerde bedewleri ösdürip
ýetişdirmek, saklamak we türgenleşik geçirmek, seýisleri, ýokary derejeli
çapyksuwarlary taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilipdir.
Athananyň
açylyş dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, döwlet Baştutanymyzyň
başlangyçlary esasynda pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, bu
ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmek we işjeňleşdirmek boýunça
yzygiderli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde
ulanmaga berlen deňsiz-taýsyz atçylyk sport toplumlary, ahalteke bedewleriniň
dünýäde yzygiderli artýan şöhraty hem-de olary ösdürip ýetişdirmäge,
seýislemäge ömrüni bagyşlan adamlara döwlet tarapyndan berilýän giň goldawlar
durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň netijesidir.
Täze
toplumyň umumy tutýan meýdany 15,4 gektar bolup, onuň çäklerinde birnäçe desga
gurlupdyr. Dabara gatnaşyjylaryň täze athana bilen tanyşlygy dolandyryş
binasyna baryp görmek bilen başlanýar. Bu ýerde olar hünärmenler üçin
niýetlenen otaglary synladylar. Binada mejlisler zaly, işgärler üçin naharhana
we zerur bolan beýleki ýerler bar. Täze toplumyň wezipesi atçylygy mundan
beýläk-de ösdürmekden, arassa ganly bedewleriň sanyny artdyrmakdan, tohum
häsiýetlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.
Açylyş
dabarasyna gatnaşyjylar ähli zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen
üpjün edilen weterinar-sagaldyş merkezindäki bejeriş bölümleri, olarda atlaryň
idedilişi bilen tanyşdylar. Soňra dabara gatnaşyjylar toplumyň çägini synlap,
athanalara barýarlar. Bu ýerde bedewleri seýislemek üçin meýdançalar bilen
birlikde, olary gezdirmek üçin meýdançalar hem bar.
Toplumyň
hojalyk bölüminiň düzümine höwür atlaryň 40-sy üçin niýetlenen bir sany,
atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, atlaryň 88-sine niýetlenen
athanalaryň 5-si we beýleki birnäçe desgalar girýär. Bu ýerde sazlaşykly
mikrogurşaw, arassa howa aýlanyşygy göz öňünde tutulyp, bedewleri ösdürip
ýetişdirmek, seýislemek, degişli türgenleşikleri geçmek, çapyşyklara
taýýarlamak seýisleriň we atbakarlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler
üpjün edilipdir.
Taýlar
barada aýdylanda, bu ýerde olar üçin has oňaýly şertler döredilipdir. Olary
ösdürip ýetişdirmek üçin öňdebaryjy innowasion usullar, ýöriteleşdirilen
enjamlar ulanylýar. Düýn bu ýerde taýçanagyň dünýä inendigini bellemek gerek.
Bu waka türkmen atşynaslarynyň şatlygyny we buýsanjyny has-da artdyrdy. Hasyl
toýunyň bellenilýän günlerinde taýçanagyň dünýä inmegi ýurdumyzyň durmuşyndaky
şanly seneleriň ajaýyp wakalara utgaşýandygynyň nyşany boldy.
Döwrebap
athanada üsti ýapyk we açyk ammarlar hem göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň durmuş
üpjünçiligi inženerçilik-tehniki düzümleri özünde jemleýär. Mundan başga-da, iş
tehnikalary, ulag serişdeleri üçin awtoduralga, birnäçe tehniki desgalar
gurlupdyr. Binalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga
bürelipdir. Athananyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy ýurdumyzda öndürilen
ýokary hilli, ekologik taýdan howpsuz gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy
esasynda amala aşyryldy.
Dabaranyň
dowamynda täze topluma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan
awtoulag serişdeleriniň açarlary gowşuryldy.
Şeýlelikde,
gurlup ulanmaga berlen döwrebap athana dünýä ylmynyň we tehnikasynyň iň soňky
gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, wagtyň geçmegi bilen ol atşynaslygyň möhüm
merkezleriniň birine öwrüler.
tdh.gov