PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» nobatdaky hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

01.11.2023
Card image cap

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň başlyklyk etmegi şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakasydyr. Munuň özi Bitarap döwletimiziň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen oňyn hyzmatdaşlyga, şol sanda köptaraply gurallar formatyndaky gatnaşyklara ygrarlydygynyň, sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Soňky ýyllarda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde uzak geljegi nazarlaýan netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýady emele getirýän bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli daşary syýasat ugruny mynasyp dowam etdirip, bu formata girýän döwletler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar.

Düýn — 31-nji oktýabrda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanda bolmagynyň dowamynda iri medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň uly toplumyny özünde jemleýän Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarydyr düzümleri bilen tanyşdylar. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän hem-de kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri myhmanlary binagärlik keşbi bilen haýran galdyrdy. Şäheriň binagärlik keşbinde şähergurluşyk we bezeg ulgamyndaky häzirki zaman çemeleşmeleri milli binagärlik däpleri, ýaşaýjylar üçin döredilen has oňaýly şertler bilen sazlaşykly utgaşýar.

Şeýle-de myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördüler we bu ýerde diňe bir ýurdumyzda däl, onuň çäklerinden has alyslarda-da uly meşhurlyga eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler.

 

Şu gezekki çäreleriň çäklerinde «Berkarar» işewürlik merkezinde «Daewoo Engineering & Construction Co.Ltd» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň medeniýetine, aýdym-saz sungatyna bagyşlanan konserti geçirildi.

Şu gezekki çäräniň gün tertibine syýasy-diplomatik ugur boýunça, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamda alty ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy girizildi. Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi türkmen döwletine goýulýan hormatyň nyşanydyr, onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan uly goşandynyň ykrarnamasydyr. Şol bir wagtda, munuň özi bu formata gatnaşyjylaryň öňde durýan maksatlara ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Forumyň çäklerinde «Ýyldyz» myhmanhanasynyň eýwanynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň gazananlarynyň sergisi guraldy.

«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçilikleri atly umumy mejlisiň barşynda çykyş edenler — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Koreýa Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli kabul edilendikleri hem-de däp bolan myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyklaryny beýan edip, bu forumy hem-de onuň çäklerinde geçirilen çäreleriň sebit syýasatyny sazlaşdyrmak, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin möhümdigini bellediler.

Çykyşlarda altytaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna seljerme berildi, hyzmatdaş ýurtlaryň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine çemeleşmeleri we garaýyşlary beýan edildi. Myhmanlaryň pikirine görä, şu gezekki duşuşygyň jemleri döwletara hyzmatdaşlyga täze kuwwat berer, onuň ugurlarynyň giňeldilmegine, döwlet düzümleriniň we işewürler bileleşikleriniň, şol sanda ýaş telekeçileriň arasynda netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleri Merkezi Aziýa sebitini tehnologik hem-de işgärler alyşmalaryny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy koreý tejribesini dürli ulgamlarda ulanmak arkaly Merkezi Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, geljekki bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Türkmenistanyň başlyklyk eden döwrüniň örän many-mazmunly bolandygyna hem-de öňünden meýilleşdirilen meýilnama laýyklykda, birnäçe iri çäreleriň geçirilendigine aýratyn üns çekildi. Şolaryň hatarynda «Logistikanyň häzirki zaman ulgamynyň döredilmegi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda gatnawlary ýönekeýleşdirmek» mowzugy boýunça «tegelek stol» duşuşyklary, «Gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek boýunça täzeçil usullar we tejribe alyşmak» atly çäreler, «Merkezi Aziýada suw desgalaryny durnukly ösdürmek üçin suw serişdelerini dolandyrmak boýunça döredijilikli başlangyçlar» hem-de «Bilim bermekde innowasion çemeleşmeleri ulanmak» atly forumlar bar. «Data Сentersi işläp taýýarlamak we döretmek boýunça ýaşlaryň barlaglary» forumy Türkmenistanyň başlyklyk eden döwrüniň jemleýji çäresi bolar.

Şunuň bilen birlikde, Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi kemala getirmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlygyň 2023-nji ýylda utgaşykly özara hereketleriň baş wezipesi hökmünde kesgitlenendigi bellenildi. Munuň özi bilelikdäki tagallalaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň geljek ýyllarda hyzmatdaşlygynyň baş ugurlaryny öz içine alýan durmuşa ukyply, amala aşyrylyp bilinjek gün tertibiniň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilendigini açyp görkezýär. Şunda ýaşlaryň orny, olaryň mümkinçilikleri, gujur-gaýraty hem-de häzirki wagtda kemala gelýän dünýägaraýyş ýörelgeleri aýgytlaýjy ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýylyň Türkmenistanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilendigi nygtaldy. Munuň özi «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda aýratyn mazmuna eýedir.

Çykyşlarda alty ýurduň durnukly ösüşiniň kemala gelmeginde ýaşlaryň mümkinçiliklerini olaryň milli meýilnamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmagy, şeýle hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly durmuşa geçirmek mümkindir diýen umumy pikir beýan edildi. «Ýaşlar — 2030», «Serhetsiz nesil», «Bütindünýä mirasynyň meýletinçileri», «Ählumumy ýaşlar bileleşigi» ýaly ählumumy başlangyçlar bu hyzmatdaşlygyň binýady bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn geljekde ýaşlar ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmakda bilelikdäki işleri utgaşdyrmagyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. Bilim, ylym, medeniýet, sport ulgamy şol strategiýanyň esasy düzüm bölekleri hökmünde görkezildi we birnäçe anyk teklipler beýan edildi.

Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň altytaraplaýyn formatyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygy bellenildi. Günorta Koreýanyň işewürlik düzümleriniň Merkezi Aziýada iş alyp barmagy, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitiň ösdürilmegine düýpli we oňyn täsirini ýetirmäge, giň hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açmaga ukyplydyr. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki dialogda senagatda, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda, telekommunikasiýalarda netijeli hyzmatdaşlyga möhüm orun berilmelidir. Bu ulgamda Koreýa Respublikasy uly tejribe toplady. Öz nobatynda, Merkezi Aziýa ýurtlary ägirt uly serişde mümkinçilikleri, çäk taýdan amatly ýerleşmegi, ýaş, durmuşa uýgunlaşmaga ukyply ilaty bilen Koreýa Respublikasy üçin geljegi uly hyzmatdaş bolup durýar.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bilelikdäki hereketleriň umumy ugruny hem-de mazmunyny häsiýetlendirmek bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. Munuň özi «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk formatyny berkidýär we baýlaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegiň ýokary derejesine ýetilendigi, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň netijeliligi we özara bähbitliligi bilen tapawutlanýandygy kanagatlanma bilen nygtaldy.

«Hyundai», «LX», «Daewoo» ýaly iri koreý kompaniýalary birnäçe ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda strategik ähmiýetli pudaklarda — ulag, gaz we himiýa senagaty ýaly ulgamlarda netijeli iş alyp barýarlar. Koreý hyzmatdaşlaryň amala aşyran iri taslamalarynyň hatarynda «Galkynyş» gaz käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça zawodyň, polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygy, ýol hereketiniň howpsuzlygy ulgamlaryny gurnamak hem-de geňeş hyzmatyny etmek taslamalary bar. Şeýle hem ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda ýurdumyza awtomobil ulagyny getirmek ugrunda hyzmatdaşlyk netijeli ilerledilýär. Ylma esaslanýan pudaklarda, şol sanda telekommunikasiýa we kosmos ulgamlarynda, suw serişdeleri ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikdäki iş üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Täze türkmen şäherleşmek ulgamynda, hususan-da, «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheri öňdebaryjy bolup durýar. Ol düýpgöter täze çemeleşmelere esaslanýan, tehniki hem-de tehnologik häsiýetnamalary bilen tapawutlanýan täsin taslamadyr. Ýakyn wagtlarda gurluşygyna badalga beriljek «Aşgabat-siti» hem şeýle taslamalaryň biridir.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen dostluk we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine berk ygrarlydyr. «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy bu işleriň möhüm bölegidir. Ol bilelikdäki tagallalary birek-biregiň zerurlyklaryna hem-de mümkinçiliklerine has içgin düşünmek arkaly geljegi uly ugurlarda jemlemäge, hyzmatdaşlykda birek-biregiň işjeň hereketleriniň üstüniň doldurylmagyny üpjün etmäge hem-de bar bolan artykmaçlyklary we serişdeleri netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Çykyşlarda biziň döwletlerimiziň halklaryny birleşdirýän gadymy taryhy we medeni gatnaşyklaryň, bu döwletleriň binýatlaýyn gymmatlyklarynyň, ahlak ýörelgeleriniň meňzeşliginiň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin möhüm şert bolup durýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýaş nesillerimize bilelikdäki oňyn işiň tejribesini geçirmek bilen, geljekki döredijilikli işleriň binýadyny pugtalandyrmak üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirildi.

Forum ýurdumyzyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet ministrliklerinde, Obasenagat toplumynda, «Türkmendemirýollary» we «Türkmenaragatnaşyk» agentliklerinde aýry-aýry bölümlerde dowam etdi. Soňra ulag we logistika, saglygy goraýyş, lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, bilim we ylym, syýahatçylyk boýunça geçirilen kiçi mejlisleriň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň bu ugurlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliklerine garaldy, anyk teklipler öňe sürüldi.

Bellenilişi ýaly, şu gezekki forumyň ahyrynda bu çärede öňe sürlen pikirleriň köpdürlüligine garamazdan, olaryň ählisi bilelikdäki işi mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklara täze itergi, täze güýç bermek maksady bilen birleşendir. Häzirki wagtda foruma gatnaşýan döwletleriň hyzmatdaşlyga öz çemeleşmelerinde eýýäm kemala gelen anyk hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, milli ykdysadyýetleriň, durmuş, ynsanperwer, ylym, bilim ulgamlarynyň ösdürilmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň has-da ýakynlaşmagy üçin möhümdigine göz ýetirmäge daýanýandyklary bellenildi.

Forumyň jemleri boýunça daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle formatdaky forumyň indiki mejlisini geljek ýylda Koreýa Respublikasynda geçirmek meýilleşdirildi.

 

***

Şeýle hem şu gün 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumy geçirildi.

Ählumumylaşmak şertlerinde şeýle çärelere, şol sanda şu altytaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde geçirilýän çärelere hyzmatdaş ýurtlaryň birek-biregiň milli ykdysadyýetleriniň üstüni ýetirýän hem-de özara goşulyşmagyna ýardam edýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly diwersifikasiýalaşdyrylmagy üçin netijeli meýdança hökmünde garalýar.

Özara hormata, bähbide esaslanýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi sebitiň umumy bähbitlerine laýyk gelýär, dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri bilelikde durmuşa geçirmegiň hem-de durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Şunda gatnaşyjy ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şol sanda ýaşlaryň arasynda telekeçilik ugry boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Muňa Söwda-senagat edarasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guran Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumy hem şaýatlyk edýär. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda alty ýurduň döwlet düzümleriniň, Ýaşlar guramalarynyň, Söwda-senagat edaralarynyň hem-de işewürlik assosiasiýalarynyň, telekeçiligi goldamak boýunça halkara guramalaryň, hususy kompaniýalaryň wekilleri bar.

Bu çäräniň maksady ýaş telekeçileriň şahsy we hünär taýdan öz başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ýardam berýän hem-de ösdürýän meýdançany döretmekden ybaratdyr. Köp sanly çärä gatnaşyjylara Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Koreýa Respublikasynda telekeçilik işini alyp barmaga ýardam edýän döwlet goldaw beriş gurallarydyr şertleri bilen tanyşmak, sanly başlangyç, telekeçiligiň esasy usullaryny ornaşdyrmak boýunça tejribeleri alyşmak, innowasion işewürligiň işe girizilmegi üçin serişdeleri hödürlemek, sebitde ýaşlar telekeçiligini ösdürmekde bilimleri we tejribeleri paýlaşmak, bu işe halkara guramalary çekmek, ösüşiň strategik ugurlarynda innowasiýalary ulanmak, işewür hyzmatdaşlary gözlemek üçin mümkinçilik döredildi.


Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda häzirki zaman jemgyýetiniň hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edilen ýaşlara bu gün ählumumy durnukly ösüşe ýetmekde hem-de Ýer ýüzünde bagtyýar geljegi gurmakda möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy. Ýaşaýyş barada täzeçil garaýyşlara eýe bolan ýaşlar häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözülmeginde täze many-mazmun bilen üsti ýetirilýän köptaraply gatnaşyklary ýola goýmaga, düýbünden täzeçil, kabul ederlikli çemeleşmeleri öňe sürmäge hem-de durmuşa ornaşdyrmaga ukyplydyrlar.

Häzirki wagtda ýaş nesle uly ynam bildirilýär, sebäbi olar Merkezi Aziýa ýurtlarynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri geljekde mynasyp dowam etdirijilerdir. Ähli Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Koreýa Respublikasynda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri häzirki zaman innowasion önümçilikleri döretmäge goldaw bermek, ugurdaş düzümleriň üsti bilen ýaş telekeçileriň arasynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga, öňdebaryjy tejribäni alyşmaga, dürli ulgamlarda netijeli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermek arkaly ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek bilen baglydyr. Çykyş edenleriň umumy pikirine görä, şu gezekki duşuşyk soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygy we däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly goşant bolar.

Ýörite ugurlar boýunça geçirilen 4 mejlisiň barşynda işewür gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny, maliýe serişdelerini, wençur gaznalarynyň işini üpjün etmek ýaly möhüm meselelere aýratyn üns çekildi. Foruma gatnaşyjylaryň tanyşdyrylyş çärelerinde ýaş telekeçilere döwlet tarapyndan berilýän goldaw çäreleri, başlangyç telekeçiligi we telekeçilik işini goldaýan düzümleri ösdürmek boýunça çäreler öz beýanyny tapdy. Milli ykdysadyýetleriň strategik ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmak garalan esasy meseleleriň biri boldy. Şeýle hem ýaş telekeçileriň gatnaşmagynda «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerine esaslanýan gaýtadan dikeldilýän energiýa, sanly ykdysadyýet, biotehnologiýa, robototehnika, «akylly» şäher ýaly ösüşiň strategik ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Ýurdumyzyň wekilleriniň çykyşlarynda döwletimiziň ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn ösmekleri, olaryň aň, döredijilik we ruhy kuwwatlyklaryny netijeli ulanmaklary üçin ähli şertleri döredýändigi bellenildi. Häzirki döwürde olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar, ylym-bilim we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine goşant goşýarlar.

Foruma gatnaşyjylar ýaşlaryň arasynda telekeçilik işini ösdürmegiň sebitiň umumy gyzyklanmalaryna laýyk gelýän, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işleriň möhüm bölegi bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtadylar.

Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, dürli ugurlarda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

tdh.gov


Bulary hem okaň