Prezident Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Stiwen Konlondan ynanç hatyny kabul etdi, şeýle hem onuň bilen türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy - diýip, döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Döwlet baştutany diplomat bilen britan telekeçileriniň öňdebaryjy üstünlikleriniň girizilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Serdar Berdimuhamedow bilen söhbetdeşlikde Konlon Birleşen Patyşalygyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda öz eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanýandyklaryny beýan etdi. Ilçi ýurtda iş alyp barmak üçin gowy şertleriň döredilendigini belledi.
Bu jähtden diplomat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak üçin, şol sanda ykdysady babatda hem tagallalary etjekdigine Prezidenti ynandyrdy.
Özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň arasynda energetika, maliýe, bank hyzmatlary, ätiýaçlanyryş, ýaşyl tehnologiýalar we oba hojalygy bellenildi.