Düýn
paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň
ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň
ösüşini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli syýasy-jemgyýetçilik,
medeni-ynsanperwer özgertmeleri şöhlelendirýän bu forum her ýyl Garaşsyzlyk
baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Söwda-senagat edarasynyň binasynda
ýaýbaňlandyrylan serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistanda
işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine
gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag
şäherlerinden gelen wekiller, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri
gatnaşdylar.
Bu
ýerde sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin
çaýdy. Soňra hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy
okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda mizemez türkmen döwletiniň
berkararlygynyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk döwrüniň içinde gazanan
üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek
maksadyndan ugur alnyp geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine
ynam bildirip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitleriň
we gazanylan üstünlikleriň geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez
binýadydygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýörelgeden ugur alnyp, milli
ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär,
öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary
döredilýär, ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek
ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy
uly üns bilen diňlenildi.
Serginiň
açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda
gazanan üstünliklerini, durmuşa geçirilen özgertmeleri, halkymyzyň abadan
durmuşy ugrunda alnyp barylýan işleri şöhlelendirýän wideoşekillere tomaşa
etdiler. Soňra myhmanlar sergi bilen tanyşdylar.
Sergide
Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň
diwarlyklary ýaýbaňlandyrylypdyr. Her pawilýon diňe bir sergi meýdançasy bolmak
bilen çäklenmän, eýsem, Watanymyzyň şäherleriniň we sebitleriniň
durmuş-ykdysady ösüşiniň beýanydyr. Olarda ýerleşdirilen monitorlarda
sebitleriň özboluşly aýratynlyklaryny, senagat kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça
gazanýan üstünliklerini, medeni durmuşyny şöhlelendirýän şekiller görkezilýär.
Hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň
nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň diwarlygy myhmanlarda aýratyn gyzyklanma
döretdi. Häzirki wagtda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry batly
depginde dowam edýär. Diwarlykda ýerleşdirilen monitorda şäheriň taslamasynyň
durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyrylan işler barada gürrüň berilýär.
Gözden
geçirilişde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we
diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet
maksatnamalarynyň, innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala
aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar
ýerleşdirilipdir. Şunda nebitgaz toplumynyň pudaklaryna aýratyn orun berlipdir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde
öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimiziň
binýatlaýyn pudaklarynyň biri hökmünde nebitgaz toplumyny ösdürmäge möhüm
ähmiýet berilýär. Nobatdaky sergide hem ýurdumyzyň bu ugurda gazananlary giňden
beýan edilýär. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň diwarlyklarynda uglewodorod
serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan işler,
öndürilýän önümleriň nusgalary görkezilýär.
Bu
ýerde ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyna hem möhüm
orun berlipdir. Giň gerimli gözden geçirilişde pudaga
Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, Suw
hojalygy baradaky döwlet komiteti, «Türkmenpagta» döwlet konserni,
«Türkmengallaönümleri», «Türkmenobahyzmat», Türkmenistanyň Azyk senagaty,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşikleri wekilçilik edýärler.
Olaryň diwarlyklarynda ýokary hilli azyk önümleri, pudaga ornaşdyrylýan
öňdebaryjy tehnologiýalar, oba hojalyk ylmyny, tohumçylygy hem-de seçgiçilik
işlerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek boýunça durmuşa
geçirilýän işler bilen tanyşdyrylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak, oba hojalygyndaky özgertmeleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek,
bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri
giňden çekmek işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Şunuň bilen
baglylykda, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda hususy bölegiň eýeleýän orny
barha artýar. Şu günki sergä oba hojalygyna ýöriteleşen hususy kärhanalaryň,
şol sanda balyk hojalygy bilen meşgullanýan «Täze balyk», «Elin balyk» hojalyk
jemgyýetleriniň, hindi towugyny ösdürip ýetişdirmäge, onuň etinden dürli
önümleriň önümçiligine ýöriteleşen «Maksada okgunly» hususy kärhanasynyň
gatnaşmagy hem muny doly tassyklaýar.
Milli
ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmekde ulag-aragatnaşyk toplumyna wajyp orun
degişlidir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet
syýasatyna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn
binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag
geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň
bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň
11-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet
Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek
maksady bilen, Demir ýol ulaglary, Aragatnaşyk, Awtomobil ulaglary
ministrlikleriniň, «Türkmenhowaýollary», Deňiz we derýa ulaglary döwlet
gulluklarynyň döredilmegi toplumyň ösüşinde täze sahypany açdy. Bu düzümler hem
nobatdaky sergä öz diwarlyklary bilen gatnaşýarlar. Olaryň sergi bölümlerinde
ýurdumyzda iri halkara we sebit derejesindäki deňiz, awtomobil, demir ýol, howa
merkezlerine çykmak arkaly gatnawlaryň utgaşdyrylan ulgamyny döretmek,
Türkmenistany Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky esasy üstaşyr merkeze öwürmek
boýunça durmuşa geçirilýän işler şöhlelendirilýär.
Gurluşyk we senagat toplumy hem türkmen
ykdysadyýetiniň geljegi uly hem-de batly depginde ösýän ugry bolup durýar.
Munuň şeýledigine topluma wekilçilik edýän Türkmenistanyň Gurluşyk we
binagärlik, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika ministrlikleriniň,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny
dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň sergi bölümlerinde-de göz ýetirmek
bolýar. Olarda täze ýaşaýyş toplumlarynyň, senagat desgalarynyň we beýleki
infrastruktura taslamalarynyň nusgalary, innowasion işläp taýýarlamalardyr
tehnologiýalar görkezilýär. Ýurdumyzda desgalaryň gurluşygynda, bezeg işlerinde
ýerli howa şertlerine, ekologik kadalara gabat gelýän ýokary hilli gurluşyk
serişdeleri ulanylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen ajaýyp desgalaryň
binagärlik aýratynlyklary, olaryň gurluşygynda peýdalanylýan döwrebap
tehnologiýalar innowasion ösüş ýoluna düşen Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Watanymyzyň ägirt uly ykdysady we döredijilik kuwwatyna eýedigine şaýatlyk
edýär.
Sergide
«Türkmen aýna önümleri» kärhanasy hem öz diwarlygyny ýaýbaňlandyrypdyr. Bu
ýerde kärhanada öndürilýän dürli görnüşli aýna önümleri, aýna gaplardyr
çüýşeler görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, golaýda hormatly Prezidentimiziň
ak patasy bilen paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde çüýşe
önümlerini öndürýän önümhananyň açylyp ulanmaga berlendigini bellemek gerek. Bu
kärhana ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň senagat kuwwatyny
pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň üstünliklere
beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Soňky ýyllarda Diýarymyzda köp
sanly gurluşyk taslamalarynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýandygyny
nygtamaly. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri toplumlaýyn maksatnamalaryň
durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň
pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Şolaryň hatarynda «Ojar Aziýa»,
«Nur bina gurluşyk», «Ajaýyp gurluşyk» ýaly gurluşyk pudagyna ýöriteleşen
hususy kärhanalar, gurluşyk serişdelerini, boýaglary we gurluşyk garyndylaryny
öndürýän «Türkmen bina gurluşyk», «Ak bulut», «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetleri,
polat turbalary we profilleri öndürýän «Şanly Bedew», keramika önümlerini
hödürleýän «Eziz doganlar keramika» hususy kärhanalary hem bar.
Himiýa
senagaty-da ýurdumyzda geljegi uly ugurlaryň biridir. Häzirki döwürde
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky önümhanalarda mineral
dökünleriň, nebithimiýa, gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşleri öndürilýär.
Şu günki sergide hem Türkmenabatdaky fosfor dökünlerini öndürýän himiýa
zawodynyň, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid» zawodlarynyň, «Balkanabat»,
«Bereket» ýod zawodlarynyň, «Maryazot», «Garabogazsulfat» önümçilik
birleşikleriniň, «Garabogazkarbamid» zawodynyň we Garlykdaky kaliý dökünlerini
öndürýän dag-magdan toplumynyň önümleri görkezilýär. Döwlet kärhanalary bilen
bir hatarda, sergide nebithimiýa önümleriniň önümçiligine ýöriteleşen hususy
kärhanalar hem öz önümlerini tanyşdyrýarlar. Şolaryň hatarynda awtoulaglar we
beýleki tehnikalar üçin «GM Oil» haryt nyşanly çalgy we motor ýaglaryny,
antifrizleri, «GM plast» haryt nyşanly polipropilen we plastik önümleri
öndürýän «Geljege miras» hususy kärhanasy, «Alfa» haryt nyşanly motor ýaglaryny
öndürýän «Yhlasly nazar» hususy kärhanasy bar.
Sergä
«Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem gatnaşýar. Bu jemgyýet
ýurdumyzda soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän iň iri infrastruktura
taslamalarynyň biri bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil
ýolunyň gurluşygyny amala aşyrýar. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň aprelinde döwlet
Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil
ýolunyň Tejen — Mary bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Uzynlygy 600
kilometr bolan awtobanyň gurulmagy Diýarymyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik
ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, ýük daşamalary artdyrmaga,
milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam eder.
Gözden geçirilişde söwda
toplumynyň garamagyndaky düzümlere möhüm orun berilýär. Bu ýerde Söwda we
daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, welaýatlaryň Alyjylar jemgyýetleri,
Döwlet haryt-çig mal biržasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz
diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olarda ýokary hilli azyk önümleriniň dürli
görnüşleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda et, süýt, unaş we konditer önümleri,
ösümlik ýaglary, çagalar iýmiti, balyk önümleri, ter miweler, gök önümler,
guradylan miweler, ary baly we beýlekiler bar. Şol önümleriň halkara
standartlaryň ekologik, estetik talaplaryna laýyklykda gaplanandygyny we
bezelendigini bellemek gerek. Bu ýerde azyk önümçiligine ýöriteleşen hususy
kärhanalar hem öz harytlaryny hödürleýärler. Şolaryň hatarynda «Hasar», «Täze
Aý», «Ýüpekçi», «Parahat», «Tomus», «Bars» ýaly önüm öndürijiler bar.
Şeýle
hem sergide söwda we hyzmatlar ulgamynda telekeçileriň gazanan üstünlikleri,
dürli görnüşli harytlaryň satuwy boýunça ýöriteleşen dükanlaryň guraýan işi
bilen tanyşdyrylýar. Harytlaryň köpdürlüligi soňky ýyllarda hususy
telekeçiligiň önümçilik kuwwatlyklarynyň has-da ýokarlanandygyny, telekeçilik
düzümleriniň döwrebap tehnologiýalar arkaly senagat taýdan ýokary derejä
ýetendigini görkezýär. Bu aýdylanlar dürli nusgada öndürilen hojalyk
elektronika harytlarynyň önümçiligine hem degişlidir.
Maliýe
we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi hem-de täjirçilik banklarynyň
diwarlyklary-da sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Olarda söwdany
guramak işinde ykdysady özgertmeleriň oňyn täsiri beýan edilýär. Sergä
Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy-da öz pawilýony
bilen gatnaşýar. Standartlary döretmek we ornaşdyrmak boýunça GSI halkara
guramasynyň doly hukukly agzasy bolan bu düzüm türkmen kompaniýalaryna öz
telekeçilik işini halkara giňişlikde alyp barmaga ýardam edýär.
Dokma
senagaty ministrligi milli ykdysadyýetimiziň esasy eksport ugurly pudaklarynyň
biriniň önümlerini — pagtadan we ýüpekden taýýarlanylan ýokary hilli önümleri
görkezýär. Şolaryň hatarynda ministrligiň garamagyndaky dokma toplumlarynda
öndürilýän «Gala», «Bedew», «Miras», «Jeýtun», «Nusaý», «Bürgüt» haryt nyşanly
nah, ýüpek matalaryň, tikin we trikotaž önümleriniň dürli görnüşleri bar.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň, halyçylyk pudagynda zähmet
çekýän telekeçileriň, halk senetçileriniň el işleri, döwrebap haly önümleri-de
bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi. Milli lybaslar, kümüş şaý-sepler,
nepis haly önümleri ýerine ýetirilişiniň ussatlygy, çeperçiligi bilen haýran
galdyrýar.
Türkmenistanyň
Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň diwarlyklary hem myhmanlarda
uly gyzyklanma döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň
taýsyz tagallalary netijesinde sport halkymyzyň häzirki durmuşynyň, nesilleriň
beden hem ruhy taýdan sagdyn ösüşiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Munuň aýdyň
subutnamasy hökmünde bu ýerde türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri, eýe
bolan kuboklarydyr medallary görkezilýär.
Şu
gezekki serginiň möhüm aýratynlygy onuň ruhy-medeniýet hem-de aň-bilim
ugurlaryny-da öz içine alýandygyndan ybaratdyr. Bilim ministrliginiň
bölümlerinde başlangyç, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, akademiki
institutlaryň bilim ulgamynda gazanan uly üstünlikleri bilen tanyşmak mümkin.
Çagalar üçin synp otaglary, ýokary okuw mekdepleriniň barlaghanalarynyň
döwrebap enjamlary, taslamalaýyn ylmy işläp taýýarlamalary, okuw edebiýatlary,
talyplaryň abraýly intellektual olimpiadalarda gazanan kuboklary ösüp gelýän
ýaş nesilleriň biliminiň, ýurdumyz üçin geljekki alymlary, ýokary hünärli
işgärleri taýýarlamagyň ýokary derejededigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Bu
ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň diwarlygy ýerleşdirilip, onda
ýurdumyzyň ylymda gazananlary, döwrebap ylmy-barlag enjamlary, gadymy
golýazmalar, ylmy neşirler görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, Ylymlar akademiýasy
Diýarymyzda ylym ulgamynyň binýadyny emele getirýär. Onuň garamagyndaky
institutlarda alnyp barylýan ylmy-barlag we gözleg işleri takyk, tebigy,
ynsanperwer ugurlarda täze açyşlara hem-de üstünliklere itergi berýär.
Maglumat
tehnologiýalary ulgamynda işleýän iri kompaniýalar hem sergi meýdançasynda
möhüm orny eýeleýär. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň, «Agzybirlik
tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň öndürýän döwrebap kompýuterleri,
monitorlary, monobloglary, noutbuklary, töleg terminallary we beýleki önümleri
myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär.
Saglygy
goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň ýokanç keselleriň birnäçesini
aradan aýyrmakdaky hyzmatlarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän halkara
güwänamalary, derman önümlerini, dürli enjamlary, tebigy kosmetiki serişdeleri
görkezýär. Dürli görnüşli interaktiw-media taslamalaryny hödürleýän
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky
döwlet komitetiniň diwarlygy hem üns merkezinde boldy. Türkmen döwlet neşirýat
gullugynyň diwarlygy häzirki zaman neşirýat we çaphana işine bagyşlanýar.
Syýahatçylyk ýaly çalt ösýän pudagyň wekilleri ýurdumyzyň gazananlarynyň
halkara giňişlikde wagyz edilmegine, türkmen halkynyň baý taryhynyň we
medeniýetiniň, täsin tebigy ýerleriniň, taryhy-medeni ýadygärlikleriniň
tanyşdyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Syýahatçylyk kompaniýalary serginiň
myhmanlaryny bu ugurdaky mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdyrýar.
Serginiň
çäklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky hem-de
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli modeller öýleriniň
lybaslarynyň dabaraly görkezilişi hem guraldy. Sergi 20-nji sentýabrda öz işini
tamamlar.
tdh.gov