PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Täzelikler

Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergisi geçiriler.

22.05.2023
Card image cap

Ata Watanymyzyň ýüregi mermer Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäde arzuwlanýan şähere öwrülýär. Sebitiň hem-de dünýäniň iň amatly şäheri bolan gözel Aşgabat soňky döwürde dünýäniň işewürlik merkezi hökmünde hem uly meşhurlyga eýedir. Muňa bu ajaýyp mekanda dünýä ähmiýetli halkara çäreleriniň yzygiderli guralýandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergisine ýurdumyzdan ýüzlerçe, daşary ýurtlardan hem onlarça kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu kompaniýalar şäher durmuşynyň ähli taraplaryny öz içine alýan ugurlar boýunça sergi pawilýonlarynda orun alarlar.

Bu gezekki sergi ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň we düzümleriň täze teklipleri we gazananlary bilen tanyşdyrylýan meýdança öwrüler. Sergide ýerleşdiriljek diwarlyklar Aşgabadyň senagat, medeni we intellektual kuwwaty, onuň durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar. Şeýle hem  türkmen telekeçileriniň şähergurluşyk ulgamynda dünýäniň işewür toparlary bilen ozal bar bolan gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we geljekde işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryna täze mümkinçilikleri açar. Köpugurly halkara serginiň dowamynda tanyşdyrylyş, haryt öwreniş çäreleri, duşuşyklar, gepleşikler geçiriler. Munuň özi işewür hünärmenlerde uly gyzyklanma döreder hem-de hyzmatdaşlygyň köp ugurlary, şol sanda Aşgabat şäherine täze maýa goýumlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşar.


Bulary hem okaň