Düýn
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine
başlady. Ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, göni maýa goýumlary çekmäge we
hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu çäre ýurdumyzyň hem-de dünýäniň işewür
jemgyýetçiligi üçin möhüm wakalaryň biri bolar. Forum döwlet düzümleriniň,
halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy korporasiýalaryň
ýokary wezipeli wekillerini, bilermenleri hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny
ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi. Türkmenistanyň Daşary işler
hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralýan foruma
gatnaşyjylar iki günüň dowamynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady
özgertmeler we gazanylýan üstünlikler bilen tanşyp, türkmen hyzmatdaşlary bilen
maýa goýum taslamalaryny, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar.
Forumyň
işi «Strategik netijeliligiň şerti hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum özüne
çekijiligi» atly plenar mejlis bilen badalga aldy. Oňa ýurdumyzyň döwlet
düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň,
işewür toparlarynyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz
çärä gatnaşyjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy
bilen tüýs ýürekden gutlap, bu forumyň ýurdumyzyň senagat kuwwatyny
artdyrmakda, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen
maýa goýumlary çekmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň
täze önümçiliklerini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça
ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady
taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny
ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa
goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň
Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.
Soňra
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko mejlisi
açyp, durnukly ösüş üçin maýa goýum dialogynyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de
foruma gatnaşyjylara söz berdi. Ilki bilen, BMG-niň Baş sekretarynyň
orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima sanly ulgam arkaly
çykyş edip, Türkmenistanyň Hökümetine we çäräni guraýjylara bu möhüm forumyň
geçirilýändigi üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Rabab Fatima bu çäräniň
Türkmenistanyň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge we deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça
bilelikdäki tagallalara ygrarlydygyny görkezýändigini aýdyp, BMG-niň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny üstünlikli
geçirmekde ýurdumyzyň uly goşandyny aýratyn nygtady.
Bellenilişi
ýaly, bu maslahat Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde hyzmatdaşlary möhüm ösüş
meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin bir ýere jemlemäge we
köptaraplaýyn inklýuziw hyzmatdaşlyga ýardam bermäge ukyplydygyny görkezdi.
Maslahatyň netijelerine ser salnanda, DÇBÖBD üçin giň maýa goýum
mümkinçilikleriniň açylýandygyny görmek bolýar. Ýaş ilatly we energiýa serişdelerine
baý, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar durnukly ösüşiň hem-de
innowasiýalaryň merkezleri bolup biler. Hereketleriň Awaza maksatnamasy bu
mümkinçilikleri ulanmak üçin geljegi nazarlaýan hemmetaraplaýyn “Ýol kartasyny”
hödürleýär. Maslahatda gazanylan netijelere daýanyp, BMG-niň Az derejede ösen,
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler
boýunça Ýokary wekiliniň edarasy häzirki wagtda gyzyklanma bildirýän taraplar
bilen Awaza maksatnamasynda göz öňünde tutulan infrastruktura maýa goýumlaryny
maliýeleşdirmegiň mehanizmini döretmek boýunça iş alyp barýar. Bu mehanizm
DÇBÖBD-niň infrastrukturasyny dünýä standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak
üçin zerur bolan maýa goýumlary çekmekde möhüm orun eýelär we maýa goýum
syýasatyny özara laýyk getirmek, öňdebaryjy tejribäni alyşmak arkaly durnukly
we özgerdiji maýa goýumlar üçin has amatly şertleri döreder.
Hanym
Rabab Fatima Awaza maslahatynyň çäklerinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler üçin Ählumumy işewürlik torunyň işe girizilendigini, bu başlangyjyň
agzalan ýurtlary dünýä maýadarlary bilen baglanyşdyrmaga, ykdysady ösüşi
ilerledýän hyzmatdaşlyga ýardam bermäge gönükdirilendigini nygtady we hemmeleri
bu tora goşulyşmaga hem-de DÇBÖBD bilen halkara maýa goýum jemgyýetçiliginiň
arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak işine goşant goşmaga çagyrdy. BMG-niň
Baş sekretarynyň orunbasary çykyşynyň ahyrynda Awazadaky maýa goýum forumynda
ýola goýuljak hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň DÇBÖBD babatda umumy tagallalary
durmuşa geçirmek üçin wajyp ähmiýete eýedigini aýdyp, deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan ýurtlaryň Gün tertibini ilerletmäge üýtgewsiz ygrarlydygy üçin
Türkmenistana ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Bütindünýä
bankynyň Ýerine ýetiriji direktory Beatris Lus Mazer Mallor öz çykyşynda ýurduň
ykdysady ösüşinde maýa goýumlaryň ornuna üns çekdi. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler maýa goýumlary çekmek we iri
taslamalary amala aşyrmak üçin amatly şertleri döredýär. Foruma gatnaşyjylar
bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meselelerinde Bütindünýä banky ýaly
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini tassykladylar. Azerbaýjan
Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahib Nureddin Alekperow sebit
hyzmatdaşlygynyň wajyp ähmiýetine ünsi çekip, esasy hyzmatdaş hökmünde
Türkmenistanyň mümkinçiliklerini hem-de ýurduň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak
boýunça durmuşa geçirýän tagallalaryny belledi. Umumy pikire görä, halkara
hyzmatdaşlyk we açyklyk strategik netijeliligi gazanmak üçin möhüm şertler
bolup durýar.
Türkmen
tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri
bilen tanyşdyryldy. Nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan senagat
taýdan ösen döwlete öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň esasy
pudaklarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak, ösüşiň senagat-innowasion
görnüşini döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwlet-hususyýetçilik
hyzmatdaşlygynyň mehanizmlerini ulanmak arkaly ekologik taýdan arassa
tehnologiýalara we sirkulýar ykdysadyýete geçmek, sanlylaşdyrmak orta möhletli
ösüş döwrüniň möhüm wezipeleri bolup durýar. Täze tehnologiýalary, döwrebap
enjamlary ornaşdyrmaga, adam maýasyna we ýurdumyzyň ekologik, durmuş-ykdysady
abadançylygyny üpjün edýän ulgamlary ösdürmäge gönükdirilen daşary ýurt maýa
goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň strategik ugurlarydyr.
Döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny kämilleşdirmek, ýurdumyzy Gündogar —
Günbatar, Demirgazyk — Günorta ulag ugurlarynyň merkezleriniň birine öwürmek
hem şunda aýratyn wezipe bolup durýar.
Türkmenistan
Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalygyna girmek boýunça işleri alyp barýar.
Häzirki wagtda BSG-niň standartlaryny hem-de düzgünlerini tapgyrlaýyn
ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Bu ugurdaky işler BSG-niň
Sekretariaty, beýleki halkara guramalar we institutlar bilen ýakyn
hyzmatdaşlykda alnyp barylýar. Tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan
Türkmenistan diwersifikasiýa aýratyn ähmiýet bermek bilen, daşary ýurt maýa
goýumlary üçin uly mümkinçilikleri hödürleýär. Ýurdumyz energetika pudagynda-da
hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan
gaz geçirijisiniň gurluşygy ýurdumyzyň sebitleri baglanyşdyrýan ygtybarly
energetiki hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny görkezýän taslamadyr. Işewürlik
ýagdaýyny has-da gowulandyrmak strategiýasynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistan
gümrük amallaryny we migrasiýa syýasatyny kämilleşdirýär. Bu iki möhüm ugurda
sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy eksporty ösdürmek, täze
hyzmatdaşlary çekmek üçin amatly şertleri döredýär.
Foruma
gatnaşyjylar Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiliginiň diňe bir
tebigy serişdeler bilen däl, eýsem, işewürlik üçin amatly şertleri döretmäge
gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasaty bilen hem şertlendirilendigini
bellediler. Halkara guramalaryň, şol sanda Bütindünýä bankynyň, Merkezi Aziýa
we Kawkaz institutynyň wekilleri Türkmenistanyň ykdysady durnuklylygy
pugtalandyrmak we ygtybarly institusional esaslary döretmek boýunça
tagallalaryna ýokary baha berdiler. Plenar mejlise gatnaşyjylar maýa goýum
meýdançasy hökmünde Türkmenistanyň strategik taýdan netijeliligini biragyzdan
bellediler. Nygtalyşy ýaly, açyk dialog, özara bähbitli hyzmatdaşlyk durnukly
ösüşi we abadançylygy üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýar.
Soňra
forum öz işini «Ygtybarly energetika durnuklylygy: Türkmenistanyň
ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan pudaklarynyň ösüşi» atly
mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan
energiýa serişdelerini ygtybarly iberiji hökmünde öz ornuny pugtalandyrmak üçin
ägirt uly kuwwata eýedir. «Dragon Oil», «PETRONAS» ýaly iri energetika
kompaniýalarynyň wekilleri ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin
häsiýetine hem-de bu ulgamda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin
döredilýän amatly şertlere aýratyn ünsi çekdiler. Şeýle-de mejlisde nebit we
gaz pudaklaryny ösdürmegiň strategiýalary, hususan-da, serişde binýadyny
giňeltmek, önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly çykyşlar
diňlenildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdelerini çykarmak
bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň
mümkinçiliklerini-de işjeň öwrenýär. Bilermenler energetika ulgamyny
diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berýän Gün we ýel elektrik stansiýalaryny
gurmak boýunça geljegi uly taslamalara ünsi çekdiler. Şunda “ýaşyl” energetika
durnukly ösüşi üpjün etmegiň strategik ugry bolup durýar.
Türkmenistan
— Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri taslamalaryň
durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň sebit energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge
ygrarlydygynyň aýdyň mysalydyr. Bilermenler bu taslamanyň diňe bir gatnaşyjy
ýurtlaryň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň
durmuş-ykdysady ösüşine hem ýardam etjekdigini nygtadylar. Şunuň bilen
baglylykda, taslamalary dolandyrmak, maýa goýumlary çekmek babatda täze
garaýyşlar beýan edildi. Şeýle-de çykyşlarda diňe bir çig malyň eksportynyň
däl, eýsem, uglewodorodlary çuňňur gaýtadan işlemegiň hem möhüm ugur bolup
durýandygy bellenilip, gazhimiýa toplumlaryny, polimerleri öndürýän zawodlary
gurmak boýunça taslamalar bilen tanyşdyryldy. Foruma gatnaşyjylar şeýle
çemeleşmäniň Türkmenistana çig mal eksporty bilen bir hatarda, taýýar önüm
eksportyny hem ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini, munuň bolsa ýurdumyzyň dünýä
bazarlaryndaky ornuny has-da pugtalandyrjakdygyny nygtadylar. Şeýle taslamalar
täze iş orunlaryny döretmäge, ugurdaş pudaklary ösdürmäge, tehnologik ösüşi
ilerletmäge ýardam berýär.
“Türkmenistanyň
gurluşygynda we senagatynda täze meýiller hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
mümkinçilikleri” atly mejlisdäki çykyşlarda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň
möçberli gurluşyk taslamalarynyň we önümçilik kuwwatlyklarynyň
döwrebaplaşdyrylmagynyň daşary ýurtly maýadarlar üçin uly mümkinçilikleri
açýandygy bellenildi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň
gurluşyk pudagynyň ýokary ösüş derejesini we innowasion tehnologiýalary
ornaşdyrmaga açykdygyny nygtadylar. Foruma gatnaşyjylar ýurdumyzyň senagat
taýdan ösüş strategiýasyna ünsi çekdiler. Bu strategiýa ýokary tehnologiýaly
önümçilikleriň döredilmegini, senagat pudagynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny
göz öňünde tutýar. Mejlisiň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky maýa
goýum taslamalary bilen tanyşdyryldy. Bu taslamalar içerki bazaryň isleglerini
kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini
artdyrmaga hem ýardam berer.
Halkara
bilermenler Türkmenistanyň döwrebap standartlary we kadalary ornaşdyrmak bilen,
amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek ugrunda netijeli iş alyp barýandygyny
bellediler. Daşary ýurtly maýadarlar üçin amallaryň ýeňilleşdirilmegi, salgyt
ýeňillikleriniň, döwlet kepillikleriniň berilmegi ýurdumyzyň maýa goýum babatda
özüne çekijiligini artdyrýar. Şunda halkara maliýe institutlarynyň wekilleri
ýeňillikli maliýe we bilermenlik kömegini bermek arkaly senagat pudagynda
taslamalary amala aşyrmak üçin goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Mejlisiň dowamynda gurluşyk we senagat pudaklarynda döwlet-hususyýetçilik
hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle mehanizm döwlet
serişdelerini we hususy başlangyçlary birleşdirip, iri taslamalary durmuşa
geçirmäge mümkinçilik berýär. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň şeýle
taslamalary amala aşyrmakda baý tejribesiniň bardygyny, daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny nygtadylar.
“Türkmenistanda
ygtybarly ulag-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösüşi. Ulag-logistika ulgamyna
maýa goýumlar” atly mejlise gatnaşyjylar ygtybarly ulag-kommunikasiýa
infrastrukturasyny ösdürmek meselesine ünsi çekdiler. Nygtalyşy ýaly, ulag-logistika
pudagyna maýa goýumlar Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.
Bütindünýä bankynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň wekilleri
ýurdumyzyň geografik taýdan strategik çäkde ýerleşmegini, halkara ulag
geçelgeleri ulgamynda eýeleýän möhüm ornuny bellediler. Türkmenistan Gündogar —
Günbatar, Demirgazyk — Günorta ýaly halkara ulag geçelgelerinde möhüm halka
bolup durýar. Şoňa görä, demir ýol, ulag we deňiz infrastrukturasynyň
ösdürilmegi ýurdumyz üçin strategik ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda,
deňiz we demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar
bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, bu taslamalar ýurdumyzyň üstaşyr
geçirijilik ukybyny ep-esli ýokarlandyrmaga, logistika merkezi hökmünde ornuny
pugtalandyrmaga ýardam berer. Bilermenler Türkmenistanyň logistika zynjyrlaryny
gowulandyrmak üçin ulagyň dürli görnüşlerini birleşdirip, multimodal ýük
daşamalary işjeň ösdürýändigini nygtadylar. Munuň özi ýükleri daşamak üçin sarp
edilýän wagty hem-de çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa halkara
ýük daşaýjylar üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini artdyrýar. Mejlise
gatnaşyjylar ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirlen taslamalary durmuşa
geçirmek üçin goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.
“Howanyň
üýtgemegine durnukly oba hojalygy we gaýtadan işleýän oba hojalyk senagatyna
maýa goýumlar” atly mowzuklaýyn mejlisde çykyş edenler azyk howpsuzlygyny üpjün
etmek we pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary,
durnukly tejribeleri ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Bütindünýä bankynyň,
BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) wekilleri ykdysadyýetiň bu wajyp
ugruny ösdürmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistana
goldaw bermäge taýýardyklaryny aýtdylar. Mejlisde oba hojalygyny ösdürmegiň
strategiýalary, hususan-da, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreler
baradaky çykyşlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan suwaryş
ulgamlaryny ösdürmäge, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, oba
hojalyk ekinleriniň gurakçylyga durnukly görnüşlerini döretmäge aýratyn üns
berýär. Mejlise gatnaşyjylar ýokary goşulan bahaly önümleri döretmäge we
ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga mümkinçilik berjek gaýtadan
işleýän oba senagatyna maýa goýumlary çekmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.
Bilermenler Türkmenistanyň pagta, bugdaý, gök-bakja ekinleri ösdürip
ýetişdirmekde baý tejribesiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda,
oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän täze kärhanalary gurmak bilen bagly
taslamalar tanyşdyryldy.
Forumyň
çäklerinde Türkmenistanyň döwlet düzümleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň
arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar özara
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer. Forum
19-njy sentýabrda öz işini tamamlar.
tdh.gov