Şu ýylyň 7-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri başlandy, oňa Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary H. Gelmyradow gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Şeýle hem Türkmenistan 3-nji Ýewraziýa kongresine hem-de GDA-nyň we EAEU-nyň 2-nji ýaşlar forumyna gatnaşar.
Meýilleşdirilen çäreleriň çäginde "Ýewraziýa biziň öýümiz" sergisi guruldy. Sergä Türkmenistanyň Senagat we Gurluşyk önümçiligi ministrligi, Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrligi, "Türkmenhimiýa" döwlet konserni we ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi gatnaşdy we önümlerini hödürledi.