Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň
ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bu serginiň Garaşsyzlygyň aýdyň ýolunda ykdysadyýetimiziň gazanýan uly
üstünlikleriniň özboluşly görkezijisine öwrüljekdigine, ata Watanymyzyň
hemmetaraplaýyn ösüşini giňden ýaýmakda möhüm orny eýelejekdigine berk
ynanýaryn.
Häzirki döwürde Eziz Diýarymyz ösen
tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginler bilen ösýän,
döwletli tutumlaryň dabaralanýan ýurdy hökmünde tanalýar. Mähriban halkymyzyň
bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, sebit we dünýä ýurtlarynyň abadançylygyna
gönükdirilen başlangyçlarymyz halkara jemgyýetçilikde uly goldaw tapyp, Bitarap
döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraýyny barha belende göterýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek,
bazar özgertmelerini ilerletmek hem-de ilatyň durmuş şertlerini has-da
gowulandyrmak biziň döwlet syýasatymyzyň baş maksadydyr. Bu ugurda geljegi
nazarlaýan tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, ykdysadyýetiň
pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, tebigy serişdeleri aýawly,
toplumlaýyn peýdalanmakda netijeli işler alnyp barylýar. Import edilýän
önümleriň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleri ösdürmekde, innowasion,
sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly sepgitlere ýetilýär.
Gadyrly dostlar!
Eziz myhmanlar!
Biz Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala
aşyrylan özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň we
aýynyň taryhy wakalara beslenýändigini uly ynam bilen aýdyp bileris. Muňa
berkarar döwletimizi senagat taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň oba hojalygyny
özgertmek, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny
öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ähli ugurlara ylmyň iň täze
gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň we halkara ähmiýetli
ägirt uly taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy hem şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň kosmosy özleşdirýän döwletleriň hataryna goşulmagy, düýbünden täze,
döwrebap obadyr şäherleriň gurulmagy — bularyň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň miwesidir.
Bu gün öz işine başlaýan giň möçberli sergide
diňe bir Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri däl-de,
eýsem, ýeneki ösüşleriň badalgasyna öwrüljek başlangyçlarymyz, täze
taslamalarymyz hem giňden beýanyny tapýar. Çünki Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen
berk ykdysady binýat eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşleriniň ygtybarly girewidir.
Biz ýurdumyzyň özgertmeleriň ýoly bilen ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda
mundan beýläk-de möhüm işleri durmuşa geçireris. Türkmenistany dünýäniň
kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek boýunça syýasatymyzy doly amala aşyrarys.
Bu üstünlikler ata Watanymyzyň
berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, ykdysady we
durmuş taýdan ösüşlerimiziň aýdyň netijeleridir.
Eziz watandaşlar!
Gadyrly
myhmanlar!
Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy
mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy
bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan
saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
tdh.gov