2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa»
formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan
Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Astana
şäherinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas
Bektenow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Nursultan
Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinden Prezident Serdar Berdimuhamedowyň
awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýerine – «Garaşsyzlyk»
köşgüne tarap ugrady.
Köşgüň
eýwanynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli mübärekledi.
«Merkezi
Aziýa – Germaniýa» duşuşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde
bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýetleriň Baştutanlary
mejlisler zalyna çagyryldy.
Gazagystan
Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols, Gyrgyz
Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti
Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem
gatnaşdylar.
Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, sebit
kooperasiýasyna gatnaşýandygy we goldawy üçin hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, ýokary derejedäki dialogyň yzygiderli, ynanyşmak häsiýetine Merkezi Aziýa
döwletleriniň we Germaniýanyň sebitleýin strategik hyzmatdaşlygy
hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri hökmünde baha berilýär.
Soňra
Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsa we Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlaryna söz berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedow öz çykyşynda Gazagystanyň Prezidentine myhmansöýerlik we işlemek babatda
döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Prezident
Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleri bilen Germaniýanyň
gatnaşyklarynyň barşyny we many-mazmunyny häsiýetlendirip, olaryň, aýratyn-da,
soňky ýyllarda yzygiderli, netijeli häsiýete eýedigini belläp, hyzmatdaşlygyň
tejribesiniň we däpleriniň toplanandygyny, esasan-da, işewürlik ugry boýunça
özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny, birnäçe ugurlar
boýunça hökümetara gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Nygtalyşy
ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň
gazanylmagyny we üpjün edilmegini bilelikdäki işiň möhüm wezipeleri hasaplaýar.
Biz
häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky has ýakyn
syýasy-diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa
oňyn täsir edip biler diýip hasaplaýarys diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow
aýtdy. Şeýle hem ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýany parahat, asuda,
ykdysady taýdan özüne çekiji sebit, durnuklylygyň we açyklygyň giňişligi
hökmünde görmek baradaky meýilleriniň umumylygyndan ugur alyp, tagallalary
dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy arkaly birleşdirmegiň
zerurdygyny nygtady.
Türkmenistanyň
Prezidenti sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň möhüm meseleleriniň biri bolan
Owganystandaky ýagdaýa degip geçmek bilen, Türkmenistanyň bu ýurtdaky ýagdaýa
berýän bahasynyň häzirki wagtda owgan halkynyň agyr we köpýyllyk döwri ýeňip
geçmek hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň döwlet institutlaryny dikeltmek,
sebitde parahatçylygy, ylalaşyklylygy, bitewüligi gazanmak we berkarar etmek
boýunça umumymilli işe geçmek üçin anyk mümkinçiliginiň peýda bolandygyna
esaslanýandygyny aýtdy.
Prezident
Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw
Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde
söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny belledi hem-de ulag-logistikany,
kommunikasiýany, energetikany, senagat önümçiligini, himiýa senagatyny,
maşyngurluşygy, saglygy goraýşy we derman senagatyny, obasenagat toplumyny,
innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky işläp taýýarlamalary hyzmatdaşlygyň esasy
ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Bellenilişi ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy
bilen gatnaşyklarda ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler
aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda Türkmenistan Germaniýanyň sebitiň ýurtlary
bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna ýokary baha berýär. Şunuň bilen baglylykda,
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Berlinde ýokary derejede
geçirilen «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly maslahatyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, adamlaryň
arasyndaky gatnaşyklar hemişe döwletara hyzmatdaşlyga oňyn täsir edipdir. Şunuň
bilen baglylykda, Merkezi Aziýa bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň
arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.
Çykyşynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow
Gazagystanyň Prezidentine şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de
bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Germaniýa»
formatynyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýetilen derejesine ýokary baha berip,
umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň
köptaraplaýyn formatynyň örän zerurdygyny aýratyn nygtadylar.
mfa.gov