2024-nji
ýylyň 27-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa
welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen,
deputatlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzy ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, 2025-nji ýylyň
rysgal-berekedi bilen abadan ýurdumyza uly üstünlikleri we rowaçlyklary
getirmegini, döwlet Baştutanymyzyň, Milli Liderimiziň janlarynyň sag,
ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdi.
Soňra D.Gulmanowa geljek ýylyň şygaryny we
nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň taryhy,
gazanýan ösüşleri, halkara gatnaşyklardaky üstünlikleri bilen bagly möhüm
wakalar mynasybetli her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmen
halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň
durmuşa geçirilmegi netijesinde halkara giňişlikde döwletimiziň hemişelik
Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar we täze
many-mazmuna eýe bolýar. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp, hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, deňhukuklylyk,
özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine
esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar.
2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen
baglanyşykly geçirilen işleriň netijesinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş
toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň hem-de türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan —
parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň esasynda, Milli
Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerip hem-de Türkmenistanyň başlangyjy
bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli,
2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada
Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak
boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini
belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy
boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji
ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul
edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň
agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny
teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2025-nji ýylyň şygaryny
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Bu çözgüt şowhunly
el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, bu şanly sene mynasybetli
ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň
meýilleşdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek
boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini nygtap, bu topara
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk
boljakdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli
tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy
özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň
has-da rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk
toýunyň halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu
ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny
ýazyp tamamlandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz öz eserinde beýik söz
ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň,
şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini,
şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň
jemlenýändigini nygtap, bu kitabyň mähriban halkymyza mynasyp sowgat
boljakdygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler
ministri R.Meredowa söz berildi.
Ol hormatly Prezidentimiziň şu gün
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tamamlanyp barýan 2024-nji ýyldaky örän
wajyp mejlisini geçirýändigini we onuň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyz
üçin uly ähmiýete eýe bolan meselä seredendigini hem-de 2025-nji ýylyň
şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly
Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman
Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň
Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Milletler Bileleşiginde öňe
süren möhüm halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde kanunalaýyk durmuşa
geçirilmeginiň dünýä derejesindäki ykrarnamasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly,
2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş
etmeginde 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip
biragyzdan yglan etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe
süren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly baradaky başlangyjynyň türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, milletiň atasy
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yglan edilen döwletara gatnaşyklardaky täze
filosofiýanyň logiki dowamy we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolup
durýandygyny belledi. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi bu syýasy-filosofik
garaýşy «Dialog — parahatçylygyň kepili» hökmünde kabul edýär. Bu bolsa, öz
gezeginde, syýasy taýdan örän ähmiýetli aýratynlyga eýedir.
Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýyl halkymyzyň we
jemgyýetimiziň durmuşynda örän möhüm ýyllaryň biri bolar. Geljek ýylda
Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli derejedäki maslahatlar, mejlisler,
dabaralar, bäsleşikler, sergiler hem-de beýleki çäreler geçiriler. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiziň halkymyz, jemgyýetimiz we döwletimiz
tarapyndan halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde guraljak ähli çäreleriň
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda geçirilmeginiň maksadalaýyk
boljakdygy baradaky aýdanlarynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Wise-premýer,
daşary işler ministri 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda
döwletimizde we daşary ýurtlarda meýilleşdirilýän dürli çäreleriň ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine
ynandyrdy.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz
«Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazmak bilen, Ministrler
Kabinetiniň şu günki taryhy mejlisinde tutuş türkmen halkyna we daşary
ýurtlaryň halklaryna Täze ýylyň bosagasynda örän uly sowgat etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň
300 ýyllygy mynasybetli beýik nusgawy şahyryň döwürleriň we siwilizasiýalaryň
özara arabaglanyşygyny alamatlandyrýan, parahatçylygyň, ösüşiň binýady bolup
hyzmat edýän, halklary we döwletleri birleşdirýän filosofiýasy bütin dünýä ýaň
saldy. 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda guralan halkara forum, şeýle hem
ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara
çäreleriň ýüzlerçesi munuň aýdyň mysalydyr. Wise-premýer, daşary işler ministri
mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi täze kitabynyň çapdan
çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, mundan
beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin
minnetdarlyk bildirip, 2024-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhynda ebedi galjakdygyny belledi.
“Geçip barýan ýylda biz Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
mejlislerini, şeýle hem dürli döwlet maslahatlaryny geçirdik. Bu mejlislerde,
maslahatlarda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm soraglara
seretdik” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetini
ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ähli pudaklarda
ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyny, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň,
döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleriniň
öz wagtynda maliýeleşdirilendigini, döwletimiziň ösüşini üpjün edýän täze
kanunlaryň kabul edilendigini nygtady. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet
diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Garaşsyz döwletimiziň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly
desgalaryň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşyklary dowam edýär. Bitarap
Watanymyz abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen
Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Guramanyň
Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen
taýýarlanyldy we kabul edildi» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda
nobatçylyk tertibiniň ýola goýulmagyny, baýramçylyk günlerinde jemagat
hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, dükanlaryň
bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi, raýatlarymyzyň gowy dynç alyp, Täze ýyly
ýokary derejede belläp geçmekleri üçin ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta
berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini
jemläp, hemmeleri täze — 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de geljek
ýylda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, berkarar
döwletimizi ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov