Şu
gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir
guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Halk ýygnaklar öýüne bardy.
...Aziýa
— Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda HHR bilen netijeli gatnaşyklary
pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda
ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň
biridir. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň barha okgunly ösdürilmegi
iki dostlukly ýurduň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga
çalyşýandyklary bilen şertlendirilendir. Muny döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň
ýanwar we maý aýlarynda HHR-e amala aşyran saparlarynyň jemleri hem nobatdaky
gezek subut etdi.
Ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakynlygy ýa-da gabat gelmegi döwletlerimiziň arasyndaky ynanyşmak dialogynyň ösdürilmegine ýardam berýär. Şunda iki dostlukly ýurt iri halkara guramalaryň hem-de sebit düzümleriniň, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny özara goldaýarlar. Taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek üçin anyk çäreleri görýändiklerini bellemek gerek. Şeýlelikde, ýurtlarymyz Beýik Ýüpek ýoly zamanasyndan gözbaşyny alyp gaýdýan köpasyrlyk dostluk, özara düşünişmek ýörelgelerine berk ygrarlydyklaryny tassyklaýarlar.
Türkmenistan
möhüm ulag geçelgeleriniň çatrygynda geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly
çäkde ýerleşmek bilen, oňyn başlangyçlary öňe sürýär hem-de bu gadymy söwda
ýoluny gaýtadan dikeltmek üçin ähli tagallalary edýär. Şeýle-de Aziýa we
Ýewropa ýurtlarynyň arasynda netijeli dialogy üstünlikli ilerletmek üçin amatly
ýagdaýyň kemala gelmegine ýardam berýär. Munuň özi «Bir guşak, bir ýol» halkara
başlangyjynyň öňbaşçysy bolan Hytaýyň-da maksatlaryna gönüden-göni laýyk
gelýär. Bu babatda «Bir guşak, bir ýoly» ýokary hilli gurmak hem-de umumy ösüşe
we abadançylyga bilelikde ýetmek şygary astynda geçirilýän şu gezekki
wekilçilikli çäre dostlukly halklaryň, Ýewraziýa yklymynda we bütin dünýäde
howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine foruma gatnaşyjy ýurtlaryň
netijeli hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna
goşant goşar.
2013-nji
ýylda Si Szinpin tarapyndan teklip edilen «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasy
dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp boldy. Bu başlangyjyň maksady has
köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda hem-de gyzyklanma bildirýän döwletleriň
serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny
işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Bu başlangyja eýýäm 150-den gowrak ýurt, halkara
guramalaryň hem 30-dan köpüsi goşuldy. Şol bir wagtda, bu konsepsiýa Merkezi
Aziýa, Ýewropa we Afrika ýurtlarynyň onlarçasyny birleşdirýän söwda-ulag
geçelgeleriniň hereket edýänleriniň kämilleşdirilmegine, olaryň täzeleriniň
döredilmegine gönükdirilendir.
Geçen
10 ýylyň dowamynda bu başlangyç dürli agza döwletleriň ösüşine ykdysady-durmuş
taýdan täsirini ýetirdi, köp sanly iş orunlarynyň döredilmegine, maýa
goýumlaryň möçberiniň artmagyna, söwdanyň ösmegine, ulaglaryň özara
baglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda
hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam etdi. Ilatyň durmuş we abadançylyk
derejesiniň ýokarlanmagynda uly orun eýeledi. Şu ýyllaryň içinde ägirt uly
möçberde maýa goýum çekildi hem-de hyzmatdaşlygyň müňlerçe düzümi kemala
getirildi. Bu başlangyç tutuş halkara giňişlikde döredijilikli hem-de oňyn
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça köptaraplaýyn tagallalar bilen utgaşýar.
Dünýäde bolup geçýän düýpli özgertmeler bilen baglylykda, agzalan taslama oňyn
netijesini berýär hem-de BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş
ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady döredýär.
...Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň awtoulagy HHR-iň Halk ýygnaklar öýüniň merkezi girelgesiniň
ýanynda saklanýar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Hytaý Halk Respublikasynyň
Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek dabarasy
tamamlanandan soňra, foruma gatnaşyjylar HHR-iň Halk ýygnaklar öýüniň uly
zalyna barýarlar. Bu ýerde ýokary derejeli duşuşygyň resmi açylyşy boldy.
Giň
gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de iri halkara guramalaryň 30-dan
köpüsinden wekiller, şol sanda döwlet Baştutanlary, guramalaryň,
ministrlikleriň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
HHR-iň
Başlygy Si Szinpin foruma gatnaşyjylara Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol»
taslamasynyň çäklerinde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga,
netijeli halkara gatnaşyklaryň maksatdyr wezipelerine bagyşlanan
maksatnamalaýyn çykyşy bilen ýüzlendi. Bellenilişi ýaly, bilelikde
maslahatlaşmak, gurmak we peýdalanmak, açyklyk, ekologik ugur, ýokary
ölçegleriň, halklaryň abadançylygynyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi bu
konsepsiýanyň bilelikde ýokary hilli kemala getirilmeginiň möhüm ugurlarydyr.
Şeýle hem COVID-19 pandemiýasy ýüze çykandan soňra, bu strategiýa durmuş we
saglyk ýoluna öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, HHR-iň Başlygy Si Szinpin
başlangyjyň çäklerinde kemala gelen özara baglanyşygyň ählumumy ulgamyň
müňlerçe ýyl taryhy bolan Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki eýýamda täze ýaşaýyş,
durmuş kuwwatyna öwrülendigini nygtady. Ol soňky ýyllarda «Bir guşak, bir ýol»
formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki gözýetimlerini kesgitlemek
nukdaýnazaryndan gatnaşyklaryň içgin, oýlanyşykly şertlerini işläp taýýarlamak
tapgyryna geçendigini, öňde goýlan meýilnamalaryň bolsa iş ýüzünde amala
aşyrylan taslamalara öwrülip, oňat netijeleri berendigini kanagatlanma bilen
belledi.
Çykyşlarda
bellenilişi ýaly, şu gezekki forum HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň öňe süren
başlangyjynyň onýyllygynyň dolan döwründe geçýär hem-de, hakykatdan-da, örän
möhüm, ählumumy derejeli, uzak geljege, has adalatly köpugurly parahatçylygyň,
gatnaşyklar ulgamynyň kemala gelmegine gönükdirilendir. Wagtyň bu strategiýanyň
uly islege eýedigini subut edendigine aýratyn üns çekildi. Häzirki wagtda ol
ählumumy derejeli ägirt uly taslama öwrüldi. Dünýäniň aglaba döwletleriniň ösen
medeni köpdürlülige we her bir döwletiň öz ösüş ýoluna hormat goýulmagynda,
ählumumy durnukly, uzak möhletleýin ykdysady ösüşe, durmuş abadançylygyna
ýetmek maksady bilen, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk taglymatyny
paýlaşýandygy nygtaldy.
Üçünji
ýokary derejeli maslahatyň resmi açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow «Dýaoýuýtaý» döwlet kabulhanasynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň
Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi
komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen
duşuşdy. Işewürlik günortanlyk nahary görnüşinde geçen duşuşygyň öň ýanynda
Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata
düşmek dabarasy boldy.
Söhbetdeşler
birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň
häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige
kanagatlanma bildirdiler. Soňky ýyllarda taraplaryň özara tagallalary
netijesinde bu hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe boldy.
Bellenilişi
ýaly, HHR Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna
aýratyn ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyz häzirki wagtda durmuş-ykdysady ösüşiň
durnukly depginini saklamaga hem-de häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge
düýpgöter täze çemeleşmeleri görkezýär. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa şu gezekki saparyna we «Bir guşak, bir ýol»
üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagyna däp bolan dostlukly döwletara
gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr hökmünde garalýar.
Söhbetdeşler
taraplaryň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara we sebit
düzümleriniň çäklerinde geljekde-de ýakyn hyzmatdaşlyga berk ygrarlydyklary
barada aýdyp, iki döwletiň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça
garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen
bellediler. Munuň özi özara bähbitlere laýyk gelýän ynanyşmak dialogynyň kemala
gelmegine şert döredýär. Umumy taryha esaslanýan, döwletleriň we halklaryň
abadançylygyna, gülläp ösüşine ýardam berýän biziň ýurdumyzyň häzirki zaman
şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça strategiýasynyň
hem-de HHR-iň «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns
çekildi.
Soňky
ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň
meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn ugur boldy. Bilelikdäki wajyp
taslamalar, şol sanda ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi — Türkmenistan —
Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň mysallarydyr.
Duşuşygyň
dowamynda netijeli döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň
esasy çemeleşmeleri bellenildi. Şu ýyl Hytaýa amala aşyran saparlarynyň
barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si
Szinpin hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine ýokary baha berdiler.
Söwda-ykdysady,
ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk pudaklary
we beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň
hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler dürli ulgamlarda
gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, özara tagallalaryň has
netijeli hasap edilýän ulgamlarynda bilelikdäki hereketleri giňeltmegiň
mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Türkmen we hytaý halklarynyň arasynda
dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleriniň berkidilmegine ýardam berýän däp bolan
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine uly üns berildi.
Kanun çykaryjy edaralaryň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy
kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň, HHR-iň Halk
wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň parlamentara dostluk toparynyň döredilmegi
munuň aýdyň beýanydyr. Bu düzümiň alyp barýan işi okgunly ösdürilýän döwletara
hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine we berkidilmegine
ýardam berýär.
Duşuşygyň
ahyrynda ýola goýlan hem-de türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk
dostluk, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan netijeli döwletara dialogyň
geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Günüň
ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji halkara forumynyň
çäklerinde ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.
HHR-iň
Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik
partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy
Din Sýuesýan ýokary derejeli forumy açyk diýip yglan etdi hem-de ýygnananlary
mübärekläp, indi Pekinde üçünji gezek geçirilýän bu maslahatyň ähmiýetini
belledi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi. Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz
çykyş etdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli
maslahatyny çagyrmak başlangyjy, onuň ýokary derejede guralandygy, hoşniýetlilik,
myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, bu duşuşygyň
geçirilmegi örän derwaýys we zerur wakadyr. Soňky döwrüň ýagdaýlary —
pandemiýa, durnuksyzlygyň artmagy, ynanyşmagyň peselmegi ählumumy ykdysady
işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirdi, özara arabaglanyşykda kynçylyklary ýüze
çykardy, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa
geçirmegiň derejesini peseltdi. Şu ýaramaz ýagdaýlary ýeňip geçmek üçin
döwletleriň we halkara institutlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi, hoşmeýilli
erk-islege daýanýan döredijilikli, oňyn gün tertibini berkarar etmek işinde
olaryň raýdaşlygy, jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi talap edilýär diýip,
Gahryman Arkadagymyz belledi.
Şu
nukdaýnazardan, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» türkmen strategiýasy
many-mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geljekki geoykdysady landşafty
baradaky garaýyşlaryna, şeýle hem Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyna
laýyk gelýär. Şunda deňhukuklylyk, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we
ykrar etmek, özara bähbitlilik, medeni, ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligine
hormat goýmak esasy ýörelgeler hökmünde çykyş edýär. Hyzmatdaşlygyň
syýasylaşdyrylmagyny aradan aýyrmak, energetika we ulag akymlarynyň
birtaraplaýynlygyndan el çekmek, olaryň giň halkara gatnaşyklar üçin
diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, elýeterliligini üpjün etmek türkmen tarapynyň
çemeleşmesiniň möhüm ugry bolup durýar.
Türkmen
we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň baý taryhy
tejribesine daýanmak, häzirki wagtda özara obýektiw bähbitleriň bolmagy
Türkmenistana we Hytaýa bu iki strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, olaryň
utgaşdyrylmagy, biri-biriniň üstüniň ýetirilmegi babatda hyzmatdaşlygy
üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Olaryň ikisiniň hem Ýewraziýada ykdysady
ösüşe kuwwatly itergi berip, Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli häzirki
döwrüň talaplaryna laýyklykda giňişlikleri birleşdirip, özara baglaşan
önümçilik we tehnologik tapgyrlary, senagat guşaklaryny kemala getirmek bilen,
köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini
ýokarlandyrmaga, abadançylygyny artdyrmaga gönükdirilendigine üns çekildi.
Türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygy şeýle çemeleşmäniň aýdyň mysaly hökmünde
görkezildi. Hususan-da, 2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz
geçirijiniň işe girizilmegi yklymyň energetika ulgamynda gatnaşyklaryň täze
arhitekturasynyň kemala gelmeginiň başyny başlady, özara bähbitlilik we
deňhukuklylyk esasynda beýleki döwletleriň taslamasyna goşulyşmak
mümkinçiliklerini açdy. Beýleki iri halkara taslama — Türkmenistan — Owganystan
— Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem hut şu nukdaýnazardan
amala aşyrylýar.
Häzirki
wagtda biz türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny
giňeltmegiň we halkara derejede iberilýän möçberini artdyrmagyň üstünde
işleýäris. Türkmenistandan Owganystana hem-de Pakistana elektrik geçiriji,
optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Bu ugurlarda
hyzmatdaşlygyň gün tertibinde iri taslamalaryň ýene-de birnäçesi bar diýip,
Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri beýleki bir möhüm ugruň ulag bilen baglanyşyklydygyny
belläp, häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar
— Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki
ulag-logistika düzüminiň köpşahaly ulgamyny döredýändigini aýtdy. Geljekde bu
ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr
geçelgeleri özüne birleşdirer. Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa
ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port
infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr. Hususan-da,
gürrüň Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginiň üsti bilen Hazaryň türkmen kenaryna,
şeýle-de Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogara uzaýan ulag geçelgeleri barada barýar.
Bu geçelge Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Günorta Aziýa ýurtlaryna barýan
ugurlarda hem ulanylyp bilner.
Biziň
tagallalarymyz ulaglaryň ähli görnüşi, şol sanda demir we awtomobil ýollary, howa
gatnawlary arkaly transkontinental daşamalaryň kuwwatyny doly açmaga,
baglanyşdyryjy nokatlarda logistik terminallary döretmäge gönükdirilendir.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem şolaryň biri bolup biler. Biz
hyzmatdaşlaryň bähbitlerine ulanmak üçin onuň kuwwatlyklaryny hödürlemäge
taýýardyrys diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Halkara
geçelgeleriň, logistik ulgamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerinde
umumy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen ylalaşykly ulag diplomatiýasy
barha uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ulag ulgamynda
ählumumy dialogyň başyny başlaýjylaryň biri bolmak bilen, Türkmenistanyň köp
ýyllaryň dowamynda bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýändigini
nygtamak gerek. Ýurdumyzyň tutanýerli, maksada okgunly işiniň netijesinde, Baş
Assambleýa tarapyndan soňky ýyllaryň dowamynda türkmen tarapynyň başlangyjy
boýunça ulag ulgamynda Kararnamalaryň altysy kabul edildi.
Türkmenistanyň
ulag strategiýasynyň häzirki zamanyň ýagdaýlary we dünýä ykdysadyýetiniň
obýektiw islegleri bilen sazlaşýandygyny nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri
şol strategiýanyň bu möhüm ugurda netijeli, durnukly, adalatly ulgamy döretmäge
gyzyklanma bildirýän döwletleriň aglabasynyň bähbitlerine laýyk gelýändigine
ynanýandygyny aýtdy.
Önümçilik
işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologik
howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan
wezipeleriniň biri bolup durýar. Biziň «Ýaşyl Ýüpek ýola» garaýşymyzyň
many-mazmuny şuňa esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
ýöriteleşdirilen düzümi — howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça
sebit merkezini döretmek baradaky teklibini oýlanyşykly we öz wagtynda ädilen
ädim hasaplaýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
merkeziň işlemegi üçin ýurdumyzyň paýtagtynda — Aşgabat şäherinde ähli zerur
bolan tehniki, guramaçylyk şertlerini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.
Kömürturşy
gazynyň, metanyň zyňyndylarynyň atmosfera ýaramaz netijelerini azaltmak we
aradan aýyrmak hem Türkmenistanyň ekologiýa strategiýasynyň möhüm bölegi bolup
durýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, energetika, senagat we ulag ulgamlarynda
ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary
ornaşdyrmaga hem-de ulanmaga tapgyrlaýyn geçmek barada barýar. Şeýle-de
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň wodorod energiýasy ulgamynda halkara
hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirýändigine, Türkmenistanyň bu
ädimlerini hyzmatdaşlygyň «ýaşyl» geçelgelerini döretmäge, şol sanda «Beýik
Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» strategiýalarynyň çäklerinde
möhüm goşant hasaplaýandygyna ünsi çekdi.
Ykdysadyýetde
özara arabaglanyşyk, tehnologiýalary, tejribäni we usullary halkara derejede
alyşmak dünýä ösüşiniň obýektiw meýilleri bolup durýar. Olar önümçilikde has
ysnyşykly kooperasiýany, goşulyşmak babatdaky tehnologik we sanly binýatlaryň,
bilelikdäki kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bularyň
ählisi diňe bir tehniki babatda däl, eýsem, ählumumy derejede-de hyzmatdaşlygyň
bitewi we durnukly logistikasyny döretmäge ýardam etmelidir.
Biziň
pikirimizçe, häzirki wagtda «syýasy logistika» düşünjesi örän wajypdyr. Ony
ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlaryny hem-de
mümkinçiliklerini paýlaşýan döwletleriň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamy
hökmünde görýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni
dowam etdi we şol hyzmatdaşlyga syýasylaşdyrmakdan, könelişen ideologik
ýörelgelerden azat bolmak, deňlige, özara hormat goýmaga we birek-biregiň
bähbitlerini nazara almaga esaslanmak hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Ägirt
uly kuwwata eýe bolan onlarça döwletiň wekilleriniň gatnaşýan şu wekilçilikli
we abraýly forumynyň bu işe hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýeterlik
derejede itergi bermäge ukyplydygyna şübhelenmeýärin diýip, türkmen halkynyň
Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda belledi.
HHR-iň
Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik
partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy
Din Sýuesýan Gahryman Arkadagymyza many-mazmunly çykyşy üçin hoşallyk bildirip,
öňe sürlen oňyn teklipleriň ähmiýetini belledi.
Ýokary
derejeli duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, «Bir guşak, bir ýol»
başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine
mümkinçilik döretmek bilen, ählumumy ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermäge
ýardam eder hem-de dünýä ösüşi üçin täze giňişligi açar. Hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, hemme ugurlarda özara baglanyşygyň
pugtalandyrylmagy üçin tagallalary jemlemek boýunça ähli taraplaryň bilelikdäki
işiniň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, bu ägirt uly taslama
deňi-taýy bolmadyk giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk üçin netijeli binýada
öwrüldi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işler
medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýurtlaryň arasynda hoşniýetli
goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna bahasyna
ýetip bolmajak uly goşantdyr.
Ýokary
derejeli maslahat tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar wagty
özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.
Maslahatyň
çäklerinde ulag-kommunikasiýalaryň ösdürilmegine, ekologiýa taslamalarynyň we
sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýokary derejeli 3 forum
geçirildi. Mundan başga-da, daşary söwda gatnaşyklaryny, medeni-ynsanperwer,
seljermeler merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, sebitara hyzmatdaşlygy we
deňiz taslamalaryny ilerletmek meselelerini öz içine alýan 6 maslahat, işewür
toparlaryň wekilleriniň uly ýygnagy geçirildi. Şunuň bilen birlikde, anyk maýa
goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi hem-de ykdysadyýetiň dürli
pudaklaryna degişli täze ylalaşyklara gol çekildi.
«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň jemleri boýunça Özara baglanyşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Pekin başlangyjy; «Guşak we ýol» sanly ykdysadyýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk atly Pekin başlangyjy; «Guşak we ýol» «ýaşyl» ösüş boýunça Pekin başlangyjy; Sanly ykdysadyýet we «ýaşyl» ösüş üçin halkara söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň esaslary boýunça başlangyç kabul edildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde «ýaşyl» ylmy we tehnologiýany ösdürmek babatda iş meýilnamasyny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň dowamynda ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşdy. Hususan-da, ol günüň birinji ýarymynda Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp gördi. Bu muzeý 1990-njy ýylda esaslandyryldy, 2021-nji ýylda bolsa muzeýiň täze binasy guruldy. Onda Hytaýyň gadymy we häzirki zaman senetçiliginiň dürli ugurlary görkezilýär. Hususan-da, bu ýerde çeper külalçylygyň, tikin işleriniň, piliň süňkünden taýýarlanan önümleriň, nefritiň, agaç we daş ýonulyp ýasalan önümleriň, altyn, kümüş, mis bezeg şaýlarynyň, çeper nagyşlar bilen bezelen gaplaryň hem-de artefaktlaryň baý toplumy jemlenendir.
Binanyň
eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasyny Hytaý Halk Respublikasynyň
Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuan mähirli garşylady we olar bu ýerde ýadygärlik
surata düşdüler. Soňra HHR-iň Başlygynyň maşgalasynyň daşary ýurt
wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň saparynyň dowamynda ýanlarynda bolýan
maşgalalary bilen «Ýüpek ýoluň bagtly owazy» banneriniň öňünde bilelikdäki surata
düşmek dabarasy geçirildi.
Soňra
hormatly myhmanlar Pen Liýuan bilen «Dört deňziň joşuşy» atly zalda görkezilýän
muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Olaryň hatarynda sujou we ýüpek
keşdeçiliginiň nusgalary, el işleriniň önümleri, başga-da maddy däl medeni
mirasyň gymmatlyklary bar. Zalda býenjoň milli saz guralynda ýerine ýetirilýän
saz ýaňlanýar. Ol agaç çarçuwalara berkidilen dürli ölçegdäki jaňlaryň
toplumyny özünde jemleýär. Ýörite çekiç bilen kakylanda, ondan owazly ses
çykýar. Kakylyp çalynýan saz gurallarynyň bu gadymy görnüşi häzirki döwre çenli
orkestr sazlarynda ulanylýar. Bu jaňlaryň sesi Hytaýyň ilatyna ybadat etmegiň
wagty barada habar berip, dini dessurlaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Soňra daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary Hytaýyň «Doň» çagalar etnografik toparynyň ýerine ýetirmeginde «akapella» aýdymyny diňlediler. Bu ýerde çagalar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşüldi.
Belent
mertebeli myhmanlar Hytaýyň milli teatr lybaslarynyň sergisi bilen hem
tanyşdylar. Soňra HHR-iň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuan daşary döwletleriň we
wekiliýet Baştutanlarynyň maşgalalaryny bilelikde Pekin operasynyň çykyşyna
tomaşa etmäge çagyrdy.
Pekin
operasy teatr sungatynyň iň iri görnüşleriniň biri bolup, Hytaýyň milli
buýsanjy hasaplanýar. Bu sungat köpöwüşginli lybaslary, grimleri, ýokary drama
ýerine ýetirijiligini, aýdym aýtmagy, gepleşikleri, pantomimalary, akrobatik
çykyşlary, tanslary özünde jemleýär. Bularyň ählisi dürli keşpleri we olaryň
duýgularyny aýdyň şöhlelendirmäge ýardam edýär. Hytaý sungatynyň bu nusgawy
görnüşi 2010-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizilip, häzirki wagta çenli diňe bir hytaý däl, eýsem, umumadamzat
medeniýetiniň hem çeperçilik we beýan edijilik gymmatyny saklap gelýär.
Gyzykly
çykyş tamamlanandan soňra, myhmanlar artistler bilen bilelikde ýadygärlik
surata düşmek üçin sahna çagyryldy. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň
maşgalasy Pen Liýuan daşary ýurt wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň maşgalalary
bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk arzuw etdi.
...Günüň
ikinji ýarymynda Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýyň Zenanlar we çagalar milli
muzeýine baryp gördi. Baş girelgäniň öňünde muzeýiň ýolbaşçylary myhmany
mähirli garşylaýarlar.
Soňra
Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasynyň Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy,
Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Milli komitetiniň başlygynyň
orunbasary Şen Ýueýue bilen çaý başyndaky söhbetdeşligi boldy. Hanym Ogulgerek
Berdimuhamedowa mähirli garşylanandygy, bildirilen myhmansöýerlik üçin Şen
Ýueýue minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gün özüne hytaý topragyna ilkinji gezek
myhman bolmagyň miýesser edendigini aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň baý taryhy bar. Ol gadymy Beýik Ýüpek ýoly
döwründen gözbaş alýar. Häzirki wagtda biziň gatnaşyklarymyz ähli ugurlar
boýunça ösdürilýär.
Şu gün Pekin şäherinde halkymyzyň milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilik döredildi. Munuň üçin hytaý tarapyna çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Biz şu günki sergimizi hem «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrýarys. Bu sergi iri halkara forumyň çäginde geçýär. Sergimizde nepis halylarymyzyň dürli görnüşlerini, şeýle hem el işleriniň nusgalaryny görkezeris. Bu gymmatlyklar bize ene-mamalarymyzdan miras galan gaýtalanmajak sungatdyr diýip, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa aýtdy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halyçylyk sungatynyň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasynyň aýrylmaz bölegidigi, halylaryň göllerinde, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygynda ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy, gahrymançylykly ýoly, ruhy gymmatlyklary şöhlelenip, halkymyzyň özboluşlylygynyň janlanýandygy, şeýlelikde, döwürleriň, ruhy mirasyň, özboluşly däpleriň dowamatlylygynyň janly arabaglanyşygy ýüze çykarylyp, olaryň aýawly saklanmak bilen çäklenmän, eýsem, yzygiderli ösdürilýändigi-de bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Ogulgerek Berdimuhamedowa ýaşlaryň nesil terbiýesi, zähmet endikleri bilen bagly birnäçe sowallar bilen ýüzlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň taryhynyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmek, medeni mirasynyň esasy ugurlaryny geljek nesillere ýetirmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, gyz çagalaryň edebi olaryň el hünärinden görünýär. Haly dokamagyň inçe syrlary türkmen maşgalalarynda nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Türkmen zenanlary özleriniň zehini we zähmeti bilen amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredipdirler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Duşuşygyň ahyrynda bilelikde ýadygärlik surata düşüldi.
Soňra belent mertebeli myhmanyň we Şen Ýueýueniň gatnaşmagynda türkmen halylaryna we el işlerine bagyşlanan, halkymyzyň köptaraply zehininiň aýdyň nyşanyna öwrülen milli amaly-haşam sungatynyň hem-de döredijiliginiň, halk senediniň görnüşlerini dolulygyna şöhlelendirýän milli serginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Ägirt uly monitorlarda ýurdumyzda halyçylary sarpalap geçirilýän halkara forumlardan pursatlaryň şöhlelendirilmegi Garaşsyz Watanymyzda dünýäde şan-şöhrata eýe bolan halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň, onuň giňden wagyz edilmegi we kämilleşdirilmegi, gadymy halylaryň goralyp saklanylmagy üçin zerur şertleriň döredilýändiginiň beýanyna öwrüldi.
Türkmen
halyçylyk sungatynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynda aýratyn orun
eýeleýändigi bellärliklidir. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizilmegi bu senediň ösdürilmeginde we daşary ýurtlarda wagyz
edilmeginde giň şertleri döredýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça
«Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň
däpleri» ýaly hödürnamalar bilen bu sanawyň üsti ýetirildi.
Sergi üç bölümden ybarat bolup, olaryň birinjisi ýüň halylara we halyçylyga, ikinjisi ýüpek halylara, üçünjisi bolsa keteni — milli keşdeçilik we matalar bölümine bagyşlandy. Sergide arassa ýüňden, ýüpekden dokalan halylaryň nusgawy görnüşleri, tebigatyň özboluşly gözelligi şekillendirilen surat eserleri görkezildi. Olaryň ählisi reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy, gaýtalanmajak nepisligi, döredijilik çemeleşmeleri bilen tapawutlanýar. Bu ýerde haly-palas dokamagyň köp dürli görnüşleri, kilimler, sowgatlyk önümleriň uly toplumy, göze gelüwli torbalar, ketenä salnan milli nagyşlaryň we amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalary bar.
Köpöwüşginli
sergi tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan türkmen halyçylyk sungatynyň täsin
we köptaraply ugurlary bilen tanyşmaga hem-de türkmen halkynyň özboluşly
medeniýetiniň aýratynlyklaryna, milli däp-dessurlarynyň gelip çykyşyna
düşünmäge ýardam berýär. Ýüň halylar ýurdumyzda ýetişdirilýän saryja goýunlaryň
ýazlyk ýüňünden taýýarlanylýar. Ýüňden dokalýan halylar ynsan saglygyna-da örän
peýdalydyr. Gelin-gyzlarymyz bu halylary inçe we syk dokaýarlar. Halynyň bir
inedördül metrinde milliondan gowrak çitim bolup, şeýle halylara «suw
geçirmeýän halylar» diýilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň ruhy we baý
medeni mirasyna bagyşlanan «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» ýaly kitaplary
türkmen halyçylygynyň şöhratyny ebedileşdirmekde möhüm taryhy sahypany açdy.
Ýüň halylar bilen birlikde, ýüpek halylar hem dokalýar. Diňe tebigy boýaglaryň
ulanylýandygy üçin türkmen halylary ýyl geçdigiçe reňk açýar, has öwüşginli
bolýar we hiç haçan solmaýar.
Çäräniň
dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň agtygy sergini synlamaga gelenlere alaja
örmegiň usulyny ussatlyk bilen görkezdi. Munuň özi halkymyzyň gadymdan gelýän
däp-dessurlarynyň nesilden-nesle geçirilip, mynasyp dowam etdirilýändiginiň
aýdyň beýanyna öwrüldi. Sergini synlamaga gelenler Ogulgerek Berdimuhamedowanyň
agtygynyň ussatlyk bilen alaja örüşini uly gyzyklanma hem-de haýran galmak
bilen synladylar.
Tutuş
Ýer ýüzünde meşhurlyga eýe bolan türkmen halylary dünýäniň täsinlikleriniň biri
bolmagynda galýar. Olaryň üsti bilen diňe bir türkmen halkynyň taryhyny däl,
eýsem, ýaşaýyş ýörelgelerini-de öwrenmek bolýar. Ussat gelin-gyzlarymyzyň el
işleri, alymlaryň, jahankeşdeleriň we ajaýyp el işlerine gadyr goýýanlaryň üsti
bilen, irki döwürden Ýer ýüzüne ýaýrapdyr.
1949-njy
ýylda Altaý daglarynyň Pazyryk belentliginde müdimi buzluklarda saklanyp galan
iň gadymy halynyň üsti açylýar. Onuň döredilen döwri biziň eýýamymyzdan öňki,
takmynan, V-IV asyrlara degişli bolup, meşhur türkmen halylarynyň ilkinji
nusgasy hasaplanýar. Ol haly dokamagyň türkmen usullaryna mahsus görnüşde
taýýarlanylypdyr. Halyda Oguz hanyň nesil daragtyny alamatlandyrýan 24
agtygynyň simmetrik görnüşdäki 24 göli şekillendirilipdir. Sergide görkezilýän
gymmatlyklaryň hatarynda şol gadymy meşhur halynyň nagyşlaryny dolulygyna diýen
ýaly gaýtalaýan, ilkinji gezek ýüpekde dokalan täsin nusgasy görkezilýär.
Gadymy
gymmatlyklarymyzyň arasynda el işleriniň, milli lybaslaryň, şaý-sepleriň uly
orny bar. Türkmen zenanlarynyň lybaslary, esasan, ýüpek keteniden
taýýarlanylýar. Gelin-gyzlarymyz milli lybaslaryny keşde bilen nagyşlap, sungat
derejesine ýetiripdirler we özleriniň başarnyklaryny, ussatlygyny ýaşlara
öwredipdirler. Nesilden-nesle geçirmegiň asylly däbi ýaş nesliň zähmet we
estetik terbiýesi bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmen zenany milli lybaslaryny geýip,
şaý-seplerini dakynanda, aýratyn görke gelýär. Şol şaý-sepleriň jemi agramy
bolsa 36 kilograma ýetýär.
Irki
döwürlerde söwda kerwenleri häzirki wagtda täze görnüşde dikeldilýän Beýik
Ýüpek ýoly boýunça elde dokalan nepis halylary daşap, bu nepis sungatyň
Gündogarda we Günbatarda ýaýramagyna şert döredipdirler. Häzirki döwürde
hyzmatdaşlarymyz bu möhüm wezipäni — haly dokamak däplerini ösdürmek, gorap
saklamak we dünýäniň dürli ýerinde wagyz etmek işlerini dowam etdirýärler.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy
hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa mähirli kabul edilendigi, bildirilen
myhmansöýerlik, şeýle hem Hytaýyň zenanlar we çagalar milli muzeýinde türkmen
halylaryna, el işlerine bagyşlanan milli sergini guramaga we bu ýere gelýänlere
halkymyzyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin
minnetdarlyk bildirdi.
tdh.gov