2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhito, Premýer-ministr Sigeru Isiba, şeýle
hem Ýaponiýanyň işewür we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy.
Ozal habar berlişi ýaly, Ýaponiýa saparynyň
çäklerinde döwlet Baştutanymyz Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2025”
Bütindünýä sergisine bardy we Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly
çärelere gatnaşdy. Şeýle hem düýn hormatly Prezidentimiz Ýapon-türkmen
parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
...Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulag
kerweni Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgüne geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhito bilen duşuşdy.
Onuň Alyjenaby Imperator belent mertebeli
türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, häzirki wagtda iki dostlukly ýurduň
arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykandygyny aýtdy hem-de
hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa ilkinji saparynyň ähmiýetini belledi.
Şeýle-de ýapon Imperatory döwlet Baştutanymyzy “EKSPO — 2025” Bütindünýä
sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň geçirilmegi bilen gutlady we bu waka
mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekdi. Onuň
Alyjenaby Naruhito ýurdumyzyň bu sergä gatnaşmagynyň onuň ähli ugurlarda
gazanýan üstünliklerine şaýatlyk edýändigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hoşniýetli
sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Imperator
Naruhitony “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň açylmagy bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz şu günki duşuşygyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň
arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde täze tapgyr boljakdygyna
ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň iberen salamyny ýetirdi.
Imperator Naruhito ikitaraplaýyn gatnaşyklary
ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly şahsy goşandyny belläp, mähirli
salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, iki ýurduň
arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly
mümkinçilikler bar. Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary we ösen senagaty bilen
bellidir. Tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan, öz
gezeginde, ýapon tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bu baýlyklary has netijeli
peýdalanmaga çalyşýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan milli ykdysadyýetiň
pudaklaryny, şol sanda elektroenergetika, nebitgaz senagaty, himiýa, gurluşyk,
ulag hem-de oba hojalygy pudaklaryny işjeň döwrebaplaşdyrýar. Şunuň bilen
baglylykda, durnukly ösüşi gazanmak üçin innowasion çemeleşmeleriň we Ýaponiýa
ýaly öňdebaryjy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň ýokary
tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup
durýandygyny aýdyp, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, maglumat
tehnologiýalary, ekologiýa, durnukly ösüş ýaly ugurlarda mundan beýläk-de
hyzmatdaşlyk etmegiň iki ýurt üçin hem gowy netijeleri berjekdigine ynam
bildirdi. Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm
ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ýapon medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary
Türkmenistanda hemişe uly hormat hem-de gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen
birlikde, türkmen medeniýetine-de Ýaponiýada uly gyzyklanma bildirilýär.
Imperator Naruhito bilim ulgamynda ýola goýlan
hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň orta we ýokary okuw
mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmeginiň örän guwandyryjydygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini we ony
mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň
arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin Imperator
Naruhito minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de
Ýaponiýanyň Imperatory uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň iki ýurduň
dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine we täze
many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler.
Ýaponiýa saparynyň çäklerinde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru
Isibanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeldilýär. Dünýä
döwletleri bilen netijeli syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly we
parlamentara gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly
strategik hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda däp bolan dostlukly
gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy ähli
ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar.
...Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni
Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň edarasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy
Premýer-ministr Sigeru Isiba mähirli garşylady.
Türkmenistanyň Prezidenti we
Ýaponiýanyň Premýer-ministri birek-biregi mübärekläp, resmi garşylamak
dabarasynyň geçirilýän ýerine barýarlar. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar.
Hormat garawulynyň serkerdesi münberiň öňüne gelýär we sähelçe baş egmek bilen,
Hormat garawulynyň esgerleriniň hataryny aýlanmaga çagyrýar. Döwlet
Baştutanymyz we Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy Hormat garawulynyň esgerleriniň
nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň Döwlet
baýdaklaryny sarpalaýarlar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ýaponiýanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen, öz nobatynda,
Premýer-ministr Sigeru Isiba hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary
bilen tanyşdyrylýar.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde
ýadygärlik surata düşmek dabarasyndan soňra, Bilelikdäki metbugat beýanaty
kabul edilýär, şeýle-de şol pursatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda
energiýa geçişlerini amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol
çekilen Ähtnama yglan edildi.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň we Ýaponiýanyň
Premýer-ministriniň arasynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler
geçirildi.
Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany hormatly Prezidentimizi
hem-de ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu
gezekki saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa ilkinji saparydygyny
belledi we çakylygy kabul edip, Ýaponiýa gelendigi üçin döwlet Baştutanymyza
hoşallyk bildirdi. Şeýle-de Premýer-ministr Sigeru Isiba hormatly
Prezidentimizi “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli
gününiň açylmagy bilen gutlap, bu waka mynasybetli geçirilen dabaralaryň ýokary
guramaçylyk derejesini belledi.
Sigeru Isiba ýapon-türkmen hyzmatdaşlygynyň
soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylyp, many-mazmun taýdan
baýlaşdyrylýandygyny aýdyp, Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ony täze
ugurlar boýunça giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Dostlukly ýurduň Premýer-ministri
hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli
Kararnamalary bilen üç gezek berkidilen Türkmenistanyň sebitde we dünýäde
parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryna
Ýaponiýada ýokary baha berilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz öz adyndan, şeýle hem
Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan mähirli garşylandyklary we myhmansöýerlik
üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirip, Premýer-ministr Sigeru Isiba türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň salamyny, iň gowy arzuwlaryny
ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň
Premýer-ministrini Osakada “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň dabaraly
açylmagy bilen gutlady we bu serginiň innowasiýalaryň, medeniýetleri özara
alyşmagyň, ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny
belledi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ýokary döwlet derejesinde ýola
goýlan açyk, netijeli we dostlukly dialog ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň
esasy şertidir. Döwlet Baştutanymyz ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň
özara gatnaşyklary ösdürmäge uly itergi berýändigini aýdyp, şu günki duşuşygyň
ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga
gowy mümkinçilik berjekdigini belledi we bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de
bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi.
Türkmenistan we Ýaponiýa ähli ugurlar boýunça
üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialog alnyp
barylýar, söwda-ykdysady gatnaşyklar ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky
hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär, şeýle hem parlamentara gatnaşyklara uly ähmiýet
berilýär. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara
guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň
hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň özi dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, durnukly
ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň we teklipleriň özara
goldanylmagynda aýdyň görünýär.
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn
formatda, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde-de
üstünlikli ösdürilýär. Bu dialog köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşi
bolup durýar. Degişli formatyň çäklerinde oba hojalygy, ulag we maýa goýumlar
ýaly ugurlary öz içine alýan sebit derejesindäki birnäçe ykdysady taslamalar
durmuşa geçirilýär. Biz Ýaponiýa bilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» medeni
dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygymyz netijeli häsiýete eýedir diýip
hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, esasy ugurlara ünsi çekdi.
Birinji ugur — syýasy-diplomatik ulgamdaky
özara gatnaşyklar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň türkmen-ýapon syýasy
dialogyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp,
ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmek üçin daşary syýasat
edaralarynyň ugry, şeýle-de iki ýurduň halkara guramalaryň ýanyndaky
wekilhanalary boýunça özara hereketleri işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Ikinji ugur söwda-ykdysady gatnaşyklary
giňeltmekdir. Häzirki wagta çenli Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň
gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen täze ykdysady
taslamalary amala aşyrmakda işjeň gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny
tassyklady we şolaryň hatarynda ammiak we karbamid, şeýle-de tebigy gazdan
benzin öndürýän ikinji zawodlaryň gurluşyklaryny belledi.
Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer
ulgamdaky hyzmatdaşlygy üçünji esasy ugur hökmünde görkezdi. Ýaponiýanyň
ilçihanasynyň guramagynda Aşgabatda Ýapon kinosynyň günleri, Ikebananyň we
ýapon aşhanasynyň tanyşdyrylyşy ýaly dürli medeni çäreler yzygiderli
geçirilýär. 2024-nji ýylda Aşgabatda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh
toplumynda ýapon ýazyjysy Ýasunari Kawabatanyň heýkeli oturdyldy. Iki ýurduň
ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy.
Türkmenistanda ýapon dilini öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda
ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw we orta mekdeplerinde ýapon dili öwredilýär
diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Parlamentara gatnaşyklar hem Türkmenistan
bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygynyň bellenilýändigini, 12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçirilmegi
meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň bolsa ýylyň esasy
wakasy boljakdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Premýer-ministr Sigeru
Isibany bu forumyň işine gatnaşmaga çagyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga
uly ähmiýet berýändigini ýene-de bir gezek belledi.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri çuň manyly çykyşy
üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipleriň
ähmiýetini belledi hem-de şu gezekki gepleşikleriň netijeleriniň uzak möhletli
özara bähbitli hyzmatdaşlygy iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan
beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam
bildirdi.
Şu gün saparynyň çäklerinde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň
başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen hem duşuşdy.
Iri maliýe edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp
kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň
Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk netijeli
hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de Haýahsi Nobumitsu
döwlet Baştutanymyzy “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli
gününiň açylmagy bilen gutlap, ýurdumyzyň bu sergide öz Milli gününi
ilkinjileriň biri bolup geçirmeginiň guwandyryjy waka bolandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler we
gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara
hyzmatdaşlyk bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň toplanan oňyn tejribesini
kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly,
Türkmenistanyň döwlet ösüş strategiýasy ylma esaslanýan önümçilikleriň
döredilmegini, öňdebaryjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň,
innowasiýalaryň, nou-haularyň milli ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden
ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda ýapon
kompaniýalary bilen durmuşa geçirilen taslamalaryň ähmiýeti bellenildi.
Ýaponiýanyň iri bankynyň ýolbaşçysy
Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň netijeliligine ünsi çekip, öz ýurdunyň
işewür düzümleriniň hem-de maliýe edaralarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary
mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk
bankynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de netijeli dowam
etdiriljekdigine ynam bildirip, Haýahsi Nobumitsa işinde üstünlikleri arzuw
etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Tokioda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşdy.
Duşuşyga iki ýurduň resmi wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar.
Uniwersitetiň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen
mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň bilim
ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine
ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Şeýle-de Kýosuke Nagata döwlet Baştutanymyzy “EKSPO — 2025” Bütindünýä
sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Kýosuke Nagata bilen
duşuşýandygyna şatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn
gatnaşyklary berkitmäge uly üns berýändigini belledi hem-de oňa Gahryman
Arkadagymyzyň salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki
wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan bilen
Ýaponiýanyň arasynda bilim ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy.
Hususan-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen
Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda degişli
resminamalar kabul edildi. Iki döwletiň bilim ojaklarynyň arasynda hereket
edýän resminamalara laýyklykda, dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Mundan
başga-da, şu ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen
Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça
bilelikdäki ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek
hakynda Ähtnama göni wideoaragatnaşyk arkaly gol çekildi.
Kýosuke Nagata bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň binýadynyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan goýlandygyny we
häzirki wagtda onuň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli
ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de munuň üçin döwlet
Baştutanymyza we Milli Liderimize hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýa
bilen gatnaşyklary geljekde-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam
etdirmäge hemişe taýýardygyny aýdyp, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk
gatnaşyklaryny berkitmek babatda edýän şahsy tagallalary üçin Sukuba
uniwersitetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki
derejesiniň degişli diplomyny gowşurmak dabarasy boldy.
Kýosuke Nagata bilim-ylym ulgamyndaky
hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza bu hormatly ady dakmak baradaky çözgüde gelnendigini
aýdyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza degişli diplomy gowşurdy we
Gahryman Arkadagymyzyň hem bu uniwersitetiň hormatly doktorydygyny, giň gerimli
döwlet işi bilen bir hatarda, ylmy-barlag işlerine-de hemişe uly üns
berýändigini buýsanç bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Sukuba
uniwersitetiniň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berlendigi üçin tüýs
ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň özi üçin uly hormatdygyny we munuň
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň, hususan-da, bilim
ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz
hem-de Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçysy birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan
etdiler.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hem duşuşygy
boldy. Duşuşyga ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň,
«Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Toyo
Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Sanko Seiko Co.
Ltd.», «Muroosystems Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi
Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Ltd.», «Tohkemy
Corporation», «ITOCHU Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de
wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle işewürlik duşuşyklary hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten belent
sepgitleri we maýa goýum kuwwaty bilen tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança bolup
hyzmat edýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin bolsa ol öz geljegi uly
taslamalaryny tanyşdyrmak babatda oňat mümkinçilikdir. Däbe öwrülen şeýle
forumlar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmäge,
işewürligi ösdürmäge we geljegi uly taslamalaryň binýadyny goýmaga ýardam
berýär. Häzirki wagtda iri ýapon kompaniýalary Türkmenistanda netijeli iş alyp
barýarlar. Olar köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda giň gerimli taslamalary
durmuşa geçirip, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Şunda gaz we
nebithimiýa, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly
ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.
Işewürler duşuşmaga wagt tapandygy üçin
hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, bu duşuşygyň
iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de
giňeltmek üçin möhüm itergi boljakdygyny bellediler. Şeýle-de olar döwlet
Baştutanymyzy Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory alymlyk derejesine
mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň hormatly Prezidentimiziň
syýasy we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda uly şahsy goşandynyň
ykrarnamasy bolmak bilen birlikde, akademiki hyzmatdaşlygyň hem nyşanydygyny
nygtadylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa söz berildi. Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip,
türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu
duşuşygy gurandyklary üçin ýapon işewürlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk
bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen
Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ynanyşmak we özara bähbitlilik esasynda
alnyp barylýandygyny, geçen ýyllaryň dowamynda ony mundan beýläk-de ösdürmek
üçin berk binýadyň döredilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň
öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary, ykdysady we ekologiýa strategiýasyny
ösdürmekde ýurdumyz üçin görelde bolup durýandygyny, ylymda, senagatda gazanan
üstünlikleriniň, dolandyryş ulgamynda toplan özboluşly tejribesiniň
Türkmenistan üçin örän möhümdigini aýtdy.
Biz innowasion senagaty kämilleşdirmäge,
«ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmaga uly üns berýäris. Şeýle hem
energetikany diwersifikasiýalaşdyrmaga, milli we halkara ulag arabaglanyşygyny
ösdürmäge aýratyn orun degişlidir. Ýapon işewürleriniň bu ugurlaryň ählisine
gatnaşmagy üçin amatly şertleriň bardygyny bellemek isleýärin diýip, hormatly
Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň ykdysadyýetine uzak möhletli
maýa goýumlary goýmak üçin örän gowy mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de
ýurdumyzdaky syýasy durnuklylygy, durnukly ykdysady ösüşi, baý serişde
binýadyny, düzümleýin özgertmeleri, innowasion ösüşe döwlet goldawyny, amatly
maýa goýum ýagdaýyny munuň üçin amatly şertleriň hatarynda belledi. Döwlet
Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda käbir sanlary we maglumatlary getirdi.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda
Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6 göterimden gowrak derejede durnukly
saklanýar. Golaýda Halkara pul gaznasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly
ösýändigini tassyklady. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň
6,3 — 8,3 göterim bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň şu görkeziji
boýunça diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde hem öňdebaryjy orunlarda
boljakdygyna şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimiz, esasan, döwlet we hususy
maýa goýumlaryň hasabyna ösýär. Her ýyl bu ulgama goýulýan maýa goýumlaryň
möçberi jemi içerki önümiň 40 göteriminden hem geçýär. Şonuň 15 göterimi bolsa
daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýyna düşýär. Ýurduň senagat-innowasion ösüşi
maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 65 göteriminden gowragynyň önümçilik pudagyna
gönükdirilmegi arkaly üpjün edilýär. Munuň özi ykdysady düzümlerimizi
özgertmäge, önümçilik pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Maliýe-bank ulgamy hem yzygiderli ösdürilýär. Biz daşary ykdysady işde
yzygiderli we üýtgewsiz açyk syýasaty ýöredýäris. Halkara işewürleriň
Türkmenistanda iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagy üçin amatly şertleri
döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we şunda ýapon işewürleri
bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, täze taslamalary durmuşa geçirmegiň
maksadalaýyk hasaplanýandygyny aýtdy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ýapon
kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 44 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy.
Olaryň umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan geçýär. Şeýle hem bahasy
256 million ýewro we 190 milliard iýene golaý bolan taslamalar durmuşa
geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we iri ýapon
kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp baran üstünlikli
işine ýokary baha berip, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen
baglylykda, «Itochu Corporation», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi
Corporation», «Sojitz Corporation», «Toyo Engineering», «Mitsui», «Sumitomo
Corporation» we beýleki korporasiýalaryň türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan
uly goşandy bellenildi.
Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň
gatnaşmagynda Türkmenistanda iri senagat desgalary işe girizildi. Şolardan
Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyny, Gyýanlydaky
polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody we Çärjew
etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. «Komatsu» ýer
gazyjy tehnikalarynyň, «Toyota» kysymly awtoulaglaryň ýurdumyza
getirilýändigini bellemek isleýärin. Bu işlere Ýaponiýanyň Hökümet
edaralarynyň, Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Ýaponiýanyň Halkara
hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) hem-de Eksporty we maýa goýumlary ätiýaçlandyryş
ýapon agentliginiň (NEXI) ýardam berendigini aýtmak gerek diýip, hormatly
Prezidentimiz belledi we Türkmenistanyň uzak möhletli maýa goýumlary goýmak
hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ýapon işewürlerine ähli şertleri
döretmäge taýýardygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz energetika, ulag we
logistika pudaklaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynyň
hatarynda görkezip, ýokary tehnologiýaly we ekologik taýdan arassa
önümçilikleriň, suw serişdeleri ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we hünärmenleri
taýýarlamagyň möhüm ähmiýetini nygtady.
Uzak möhletli geljegi göz öňünde tutup, ýapon
işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin birnäçe anyk teklibimizi beýan
etmek isleýärin. Birinjiden, Türkmenistanyň bazarynda ýapon tehnologiýalaryny
we önümlerini, aýratyn-da, olary maşyn gurluşygy, elektronika, himiýa senagaty
ýaly pudaklarda ornaşdyrmaga taýýardyrys. Ikinjiden, biziň ýurdumyz suw
tygşytlaýjy we arassalaýjy, galyndylary gaýtadan işlemek, “ýaşyl” hem-de
wodorod energetikasy boýunça ösen ýapon tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga
gyzyklanma bildirýär. Üçünjiden, Türkmenistanda kiçi we orta ýapon
kärhanalarynyň işewürligi ýöretmek, Ýaponiýada türkmen kärhanalarynyň iş alyp
barmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni
dowam etdi we Türkmenistanyň bu teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga
taýýardygyny, ykdysady hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny ynamly meýilleşdirmek
üçin ýurdumyzda ähli şertleriň bardygyny aýtdy.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz
ýapon işewürlerini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma hormatly myhman hökmünde
gatnaşmaga çagyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine, ýapon işewürleriniň geljekde-de ýurdumyzdaky uly taslamalara
giňden gatnaşjakdyklaryna ynam bildirip, şu duşuşygy gurandygy üçin ýapon
tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de duşuşyga gatnaşyjylara
netijeli hyzmatdaşlygy arzuw etdi.
Işewürler hormatly Prezidentimizi Ýaponiýa
ilkinji sapary bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de wagt tapyp şu duşuşyga
gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdiler. Şeýle-de olar “EKSPO — 2025” Bütindünýä
sergisine gatnaşýan 160-a golaý döwletiň arasynda Türkmenistanyň ilkinji bolup
Milli gününi üstünlikli geçirmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyza gutlaglaryny
beýan etdiler. Ýapon işewürleri “EKSPO” sergisi geçiriljek şäheriň saýlanan
döwründe Türkmenistanyň Osaka şäheriniň dalaşgärligini ilkinjileriň hatarynda
goldandygy, soňra ilkinji bolup milli pawilýonyny gurmak barada haýyşnama
berendigi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.
Bellenilişi ýaly, Ýaponiýada Türkmenistanyň
köp ýyllaryň dowamynda daşary syýasatda ýeten sepgitlerine uly hormat goýulýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan syýasatda, ykdysadyýetde
we durmuş ulgamynda uly ösüşleri gazandy. Işewür toparlaryň wekilleri
ýurdumyzda häzirki wagtda senagat ulgamyny ösdürmäge, infrastrukturany
döwrebaplaşdyrmaga, sirkulýar ykdysadyýete geçmäge we galyndylary gaýtadan
işlemäge uly üns berilýändigini, munuň bolsa Türkmenistanda daşky gurşawy
goramak meselesine jogapkärçilikli çemeleşmäniň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny
bellediler we ýapon kompaniýalarynyň bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek babatda täze
başlangyçlarydyr teklipleri öňe sürjekdiklerine ynam bildirdiler.
Ýapon tarapynyň wekilleri diňe bir öz
tehnikalaryny we öňdebaryjy çözgütlerini eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem,
Türkmenistanda öndürilýän önümleriň importyny ösdürmäge hem gyzyklanma
bildirýändiklerini aýtdylar. Olar ugurlaryň giň gerimi boýunça bilelikdäki
taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýapon
kompaniýalarynyň Türkmenistanda netijeli iş alyp barmagy babatda döredilýän
şertler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler. Işewürler döwlet
Baştutanymyzyň Ýaponiýa saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda
gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolandygyna berk ynam
bildirip, ýapon kompaniýalarynyň iki ýurduň arasyndaky işewürligi ösdürmek üçin
mundan beýläk-de tagalla etjekdiklerine ynandyrdylar we şunda türkmen tarapynyň
goldawlaryna bil baglaýandyklaryny aýtdylar.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek
dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda «Türkmenhimiýa» döwlet
konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Rönesans Endüstri
Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «ITOCHU
Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Ahal
welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün
etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly
ylalaşyk; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries,
Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe)
we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda
Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda kuwwatlylygy ýylda 1,155 müň
tonna karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly
gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk;
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa)
we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi»
(Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanda Gyýanlydaky polimer
zawodyny düýpli abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly
ylalaşyk; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries,
Ltd.» kompaniýasynyň arasynda 09.05.2024 senedäki (03.06.2024 senedäki
HZM-740101) 02/24 belgili Çarçuwaly şertnama 2 belgili Goşmaça ylalaşyk;
Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa)
kompaniýasynyň arasynda açyk dolanyşykdaky elektrik stansiýalaryny utgaşykly
dolanyşyk işine geçirmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Çarçuwaly ylalaşyk; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Ýaponiýanyň
«Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy
boýunça döwlet komiteti bilen «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa)
kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz
han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «Tokio Boeki Euroasia
Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň
«Tohkemy Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Kubota»
korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň
Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Çuo uniwersitetiniň Gözleg we ösüş
başlangyjynyň arasynda parnik gazlarynyň milli sanawyny kämilleşdirmek we Pariž
ylalaşygyna laýyklykda hasabat bermek boýunça mümkinçiligini ýokarlandyrmak
barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady
iş banky bilen “Nippon” eksport we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň
arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň
Ýaponiýa saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary instituty bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA» gaznasynyň
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri instituty bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA» gaznasynyň
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «Nippon» gaznasynyň we «JACAFA»
gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şeýlelikde, ynanyşmak we özara bähbitlilik
ýörelgeleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti,
gazanylan täze ylalaşyklar hem-de beýan edilen teklipleriň iş ýüzünde durmuşa
geçirilmegi türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam
berer.
Ýaponiýa saparynyň maksatnamasyny tamamlap,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokionyň Haneda Halkara howa
menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
***
Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa saparynyň
dowamynda Türkmenistanyň wekiliýet agzalarynyň bu dostlukly ýurduň döwlet we
hususy, şol sanda bank düzümleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn
duşuşyklary boldy. Duşuşyklarda degişli ugurlarda özara gatnaşyklaryň häzirki
ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
tdh.gov