01.06.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň
häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna
girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap
almak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda
hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma,
gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da,
häkim Diýarymyzda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli
welaýatda geçiriljek köpçülikleýin sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, şu ýyl
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmegiň, bu jogapkärli möwsümi
ýokary derejede geçirmegiň, ekerançylyk meýdanlaryndaky oba hojalyk işlerinde
agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de
häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralaryň
ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi
H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny
ýygnap almaga guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda
öndürilýän gök-bakja önümleriniň möçberini artdyrmak hem-de azyk bolçulygyny
has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň
ýazlyk ýeralma ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri
alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Bütindünýä welosiped güni
mynasybetli geçiriljek baýramçylyk we sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, şu
ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi hem-de gowaça ideg
etmekde agrotehniki talaplaryň berk berjaý edilmegini, galla oragy möwsümine
guramaçylykly taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda
belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalaryň çäklerinde alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi
D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly,
galla oragyna ýokary guramaçylykly girişmek maksady bilen, häzirki wagtda
welaýatda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda
hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Gowaça ösüş suwuny
tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerine taýýarlyk görülýär.
Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri geçirilip, ýetişdirilen
hasyly ýygnap almaga taýýarlyk çäreleri dowam edýär. Sebitde şaly ekişini
bellenen möhletde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim
welaýatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin
we sport çärelerine görülýän taýýarlyk, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme ünsi çekdi we
welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň talabalaýyk
geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy, bugdaý oragy möwsümine gowy
taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz baýramçylyk mynasybetli
welaýatda guraljak çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, şu ýyl
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi
D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi. Şu günler sebitde galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek,
ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz, öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara
bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda
ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň hasylyny
ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim welaýatda
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň öz
wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý oragy möwsümine talabalaýyk
taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi hem-de häkime bu ugurda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni
mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky
gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi
D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek
hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly
ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär.
Şeýle-de häkim Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek dabaraly
çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini, galla oragy
möwsümine guramaçylykly girişilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip,
welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy,
baýramçylyk mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.
Wise-premýer, ilki bilen,
hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň pileçi kärendeçileriniň 2 müň 100 tonnadan
gowrak pile ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý
edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi we bu waka mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň
adyndan tüýs ýürekden gutlady.
Soňra T.Atahallyýew ýurdumyzyň
oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de ýetişdirilen bugdaý
hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.
Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda
ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz
welaýatynda şaly ekişi dowam edip, Lebap welaýatynda ekiş möwsümine taýýarlyk
görülýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda ýerine
ýetirilmeginiň, gowaça ideg etmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý
edilmeginiň, galla oragy möwsümine taýýarlykly girişilmeginiň we bu möwsümi
ýokary guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş
maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna
2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklaryny we şu ýylky şertnamalaýyn
borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini kanagatlanma bilen belledi
hem-de ýurdumyzyň ussat pileçilerini, mähriban halkymyzy bu zähmet üstünligi
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde
uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov