04.06.2026
Şu
gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar
tarapyndan şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.
Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we
hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini
has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini
ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek
maksady bilen alnyp barlan işler, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
has-da gowulandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary
ornaşdyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda çagyryş
boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby
gulluga nobatdaky çagyrylyşyň guramaçylykly dowam edýändigi barada-da aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny has-da
berkitmek, harby gullukçylaryň taýýarlyk derejesini kämilleşdirmek boýunça
işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de Milli
goşunyň ähli bölümlerinde harby düzgün-nyzamyň berjaý edilişini, ýaş esgerleri
watançylyk ruhunda terbiýelemek, harby gullukçylaryň netijeli gullugy üçin
şertleri döretmek, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak işlerini hemişe
üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Baş
prokuror B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan hasabat döwründe
kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine geçirilen prokuror
gözegçiliginiň netijeleri, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär
derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimizde kanunlaryň
ýerine ýetirilmegi boýunça prokuratura edaralarynyň alyp barýan işlerini mundan
beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň, hukuk düzgün-tertibini berkitmäge, düzgün
bozulmalaryň öňüni almaga aýratyn üns bermegiň zerur talap bolup durýandygyny
belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Içeri
işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýolbaşçylyk edýän
düzümlerinde alnyp barlan işler, hususan-da, ýol hereketiniň we ýangyn
howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegi, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak
boýunça görlen çäreler, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da gowulandyrmak, ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak maksady bilen açylyp ulanmaga berlen desgalar barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini goramak we
hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň, ýol
hereketiniň we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine berk
gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi hem-de ministre birnäçe anyk
görkezmeleri berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň bäş aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümi
tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de milli kazyýet ulgamyna
öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat
berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli kanunçylygymyza laýyklykda, döwletiň we
jemgyýetiň bähbitlerini, raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek, kazyýet
işgärleriniň iş tejribesini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmek babatda tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny
wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek
hakynda degişli resminama gol çekdi.
Milli
howpsuzlyk ministri D.Meredow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol
sanda ýurdumyzda abadançylygy üpjün etmek, bu düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak
boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň howpsuzlygyny üpjün etmäge
gönükdirilen işleri mundan beýläk hem netijeli dowam etdirmegiň möhüm
ähmiýetini belledi we ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň
mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet birikmeleriniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler
barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet
serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup durýandygyny nygtady hem-de serhet
goşunlarynyň işini kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak,
serhetçileriň iş, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça işleri
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Adalat
ministri M.Taganow 2026-njy ýylyň bäş aýynda milli kanunçylyk binýadyny häzirki
döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barlan işler, ministrligi
ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli kanunçylygymyzy halkara hukugyň umumy ykrar
edilen kadalaryna, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň wezipelerine
laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri, şol sanda bu düzüme işiň döwrebap usullaryny, iň täze
tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý
edilişine gözegçilik etmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de
gümrük nokatlaryndaky gözegçiligi has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet
migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan
ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, ýurdumyzda
migrasiýa işini kämilleşdirmek, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, migrasiýa işini döwrebap usullar esasynda
yzygiderli kämilleşdirmegiň, ýokary hilli migrasiýa hyzmatlaryny üpjün etmegiň
möhüm ähmiýetini belledi hem-de bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Döwlet
Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine
eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün
etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň
maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça
çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini
belledi.
Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov