Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak
üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary
ugratdylar.
Parahatçylyk
söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan
daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň
çäklerinde hem netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda Birleşen Milletler
Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm
ähmiýet berilýär. Toplanan baý tejribe bu köpugurly gatnaşyklary häzirki döwürde
hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu ýyl — Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygynyň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi ýurdumyz
üçin, şeýle hem halkara jemgyýetçilik üçin çuňňur mana eýedir. BMG tarapyndan
resmi taýdan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurdumyzyň
parahatçylyk, durnuklylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary
syýasatynyň möhüm bölegi bolup, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary
ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan
BMG-niň çäklerinde Bitaraplyk we parahatçylyk bilen baglanyşykly başlangyçlary
işjeň öňe sürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe gezek BMG-niň Baş
Assambleýasynyň belent münberinden parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak
boýunça oňyn teklipleri beýan etdiler. Türkmenistan we Birleşen Milletler
Guramasy Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün
etmekden başlap, ekologiýa we bilim ulgamlary ýaly ugurlaryň giň gerimini öz
içine alýar. Ýurdumyz Bitarap döwlet hökmünde dialogyň we ynanyşmagyň möhüm
ähmiýetini nygtap, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar.
Döwletimiziň
BMG bilen hyzmatdaşlygy 1992-nji ýylda Türkmenistanyň gurama agza bolan
wagtyndan bäri dowam edýär. Şol döwrüň içinde ýurdumyz Milletler Bileleşiginiň
dürli başlangyçlaryna, şol sanda durnukly ösüşi, gender deňligini üpjün etmek,
daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly maksatnamalaryna gatnaşyp gelýär.
Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň
ÝUNISEF, ÝUNESKO, Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýaly
ýöriteleşdirilen edaralarynyň işine yzygiderli goşant goşýar. Türkmenistanyň
BMG bilen hyzmatdaşlykdaky ekologiýa başlangyçlary biodürlüligi gorap saklamak
we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça taslamalary öz
içine alýar. Ýurdumyz durnukly ösüş üçin “ýaşyl” tehnologiýalary ilerledip,
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasyna işjeň gatnaşýar.
Türkmenistanyň
başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm
Kararnamalar kabul edildi. 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama ýurdumyzyň sazlaşykly ýaşamak we
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň nyşanyna öwrüldi. Bu Kararnamalar
Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara giňişlikdäki ornuny has-da
pugtalandyrýar. Şu ýylyň awgustynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi
ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy. Bu maslahata deňze
çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüş strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak
üçin dünýä ýurtlaryndan wekiller gatnaşdylar. Türkmenistan maslahaty kabul eden
ýurt hökmünde myhmansöýerligiň we guramaçylygyň ýokary derejesini görkezdi.
Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasaty Birleşen Milletler
Guramasynyň giň goldawyna eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň
ştab-kwartirasy ýerleşýän Nýu-Ýork şäherine bu gezekki iş sapary hem Türkmenistanyň
uzak möhletleýin we köpugurly gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagy maksat
edinýändiginiň aýdyň beýanydyr.
...Birnäçe
sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky
Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar
garşyladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary
dowam edýär.
tdh.gov