Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly,
Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet
Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş
sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy
ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy
bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala
gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz,
Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy
parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň
goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli
durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda
GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet
berilýär.
Türkmenistan GDA formatyndaky möhüm
duşuşyklardyr maslahatlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle hem olaryň geçirilýän
ýeri bolup durýar. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna
agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirildi. Onuň gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça
degişli çözgütler kabul edildi, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda we halkara
derejede beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
giňden bellenildi. GDA döwletleriniň ählisinde bu şanly senä bagyşlanyp dürli
çäreler guraldy. Arkalaşygyň ýurtlarynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikleri
oturdyldy, köçelere beýik nusgawy şahyryň ady dakyldy. 1-nji sentýabrda
Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow
daýhan birleşiginde dabaraly ýagdaýda açylan orta mekdep hem söz ussadynyň
adyny göterýär. Şeýlelikde, Magtymguly Pyragynyň ýubileýi Arkalaşygyň medeni
durmuşynda möhüm waka bolup, ruhy we ynsanperwer gymmatlyklaryň umumylygy bilen
baglanyşan halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny
pugtalandyrmaga goşant goşdy. Şeýle-de bu şanly senäniň hormatyna 11-nji
oktýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
başlyklygynda “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum geçirildi. Oňa birnäçe
döwletleriň, şol sanda GDA-nyň döwlet Baştutanlary hem-de wekilleri
gatnaşdylar.
Türkmenistan Arkalaşygyň giňişliginde netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga çalyşýar.
Hormatly Prezidentimiziň GDA-nyň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy we öňe
sürýän anyk başlangyçlarydyr teklipleri munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň 8-nji oktýabrda Moskwada geçirilen GDA-nyň
döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşandygyny bellemek gerek.
Dostlukly türkmen-rus gatnaşyklary barada
aýdylanda, ol dürli ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi, iki
ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän strategik hyzmatdaşlyk
ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Şunda Russiýanyň iri sebitleridir
subýektleri, şol sanda möhüm ykdysady, ylmy we medeni merkezi Sankt-Peterburg
şäheri bilen ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar hem esasy ugurlaryň hataryndadyr.
Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri taraplaryň hemişelik üns
merkezinde saklanylýar. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň
“Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we
ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmagy hem munuň nobatdaky anyk
güwäsidir.
RF-niň Baştutany forumdaky çykyşynda öz ýaşan
döwründen has öňe giden Magtymguly Pyragynyň hemişe döredijilik gözleginde
bolandygyny we hakykata göz ýetirmäge çalşandygyny aýratyn nygtady. Şahyr öz
zehini bilen halkynyň röwşen geljegini görmegi başarypdyr. Magtymguly adamlary
adalatlylyga, deňhukuklylyga, halallyga çagyrypdyr. Akyldaryň eserlerindäki
pikirler häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şunuň bilen
baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Magtymgulynyň öwüt-ündewlerine
eýerip, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge, köpugurly
hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan saldamly goşantlary üçin hormatly
Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza aýratyn hoşallygyny beýan etdi.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Magtymguly
Pyragynyň şygyrlarynyň dürli dillere, şol sanda rus diline terjime edilendigini
bellemek gerek. 2019-njy ýylda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy
boýunça Astrahanyň golaýyndaky Funtowo obasynda gurlan Magtymguly adyndaky orta
mekdep açyldy. Bu ýerde XVII asyryň ahyryndan bäri türkmenler kowçum bolup
ýaşaýar. Astrahanda beýik söz ussadynyň ýadygärligi oturdyldy, şu ýylyň
sentýabrynda bolsa Moskwada ýerleşýän M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet
daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň öňünde Magtymguly Pyragynyň heýkeli
dabaraly ýagdaýda açyldy.
...Hormatly Prezidentimiziň uçary
Sankt-Peterburga çenli uçuşy amala aşyryp, “Pulkowo” Halkara howa menzilinde
gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz
“Igora” gyşky sport oýunlary toplumynyň Buzly köşgüne bardy. Bu iri toplum
ýaryşlary we türgenleşikleri, dürli derejeli çäreleri geçirmek üçin köpugurly
meýdança bolup durýar. Onuň düzümindäki Buzly köşk buzly meýdançany,
maslahatlar zalyny we beýleki desgalary özünde jemleýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda hem sportuň
dürli görnüşleri, şol sanda hokkeý, figuralaýyn typmak ýaly sportuň gyşky
görnüşleri bilen meşgullanmak, halkara derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin
döwrebap infrastrukturanyň döredilendigini nygtamak gerek. Şunda şu ýylyň
aprelinde paýtagtymyzda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşy mysal hökmünde
görkezmek bolar. Maý aýynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabady
“Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky
çözgüt kabul edildi. Bularyň ählisi bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň aýdyň
netijesidir.
...Buzly köşgüň eýwanynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
Wladimir Putin mähirli garşylady. Soňra Olimpiýa zalynda GDA-nyň döwlet
Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi.
RF-niň Prezidenti Wladimir Putin ýokary
derejedäki duşuşygy açyp, daşary ýurtly kärdeşlerini ýene-de bir gezek mähirli
mübärekledi hem-de resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge
çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň
çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi, hyzmatdaşlygyň
ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady
hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem
sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga
esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary
nygtaldy. Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy häzirki
döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň
nobatdaky güwäsidir.
Söwda-ykdysady ulgam Arkalaşygyň çäklerindäki
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistan bu ugurdaky
netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn
üns berýär. 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen GDA agza döwletleriň
strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu
resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanyldy.
Jarnamanyň esasy ýörelgeleri GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady
ösüş Strategiýasynyň esasyna goýuldy. Onuň kabul edilmegi hyzmatdaşlygy täze
mazmun bilen baýlaşdyrdy. Ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk,
kommunikasiýalar, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar ýaly Türkmenistanyň
aýratyn ähmiýet berýän ulgamlary bu Strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň
hataryna girizildi. Özara söwdanyň giňeldilmegi, haryt dolanyşygynyň möçberiniň
artdyrylmagy, senagat, sanly geçiş boýunça uzak möhletleýin gatnaşyklaryň
ösdürilmegi, maýa goýumlaryň, işewürligiň höweslendirilmegi häzirki döwrüň
esasy wezipeleriniň hataryndadyr.
Ynsanperwer ulgam hem GDA formatyndaky
hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Medeni özara baglanyşyk, ýurtlarymyzyň
halklarynyň ruhy taýdan ýakynlygy, umumy taryh Arkalaşygyň çäklerindäki
gatnaşyklaryň berk binýady bolup çykyş edýär.
Prezident Wladimir Putin GDA-nyň döwlet
Baştutanlaryny geljek ýyl Moskwada şanly sene — Beýik Watançylyk urşunda
gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga
çagyrdy. Nygtalyşy ýaly, ýowuz uruş ýyllarynda biziň halklarymyz frontda we
tylda taýsyz gahrymançylyk, edermenlik görkezdiler. Arkalaşygyň ýurtlarynda bu
gahrymançylygy hemişe hatyralaýarlar.
Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
şu mümkinçilikden peýdalanyp, GDA agza ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän
Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan
etdi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň
Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahary berildi.
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň
maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
“Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar
garşyladylar.
tdh.gov