Düýn ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy
giňden bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady
goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli
durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we dünýäde
parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bitarap
Türkmenistan ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä
döwletleri, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler
Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, halkara gün tertibiniň möhüm
meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça halkara
jemgyýetçiligiň tagallalaryna möhüm goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda,
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň
başlangyçlary esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”;
“Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; “Birleşen
Milletler Guramasynyň oýunlary”; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky
Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Halklaryň
arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, sebit we
ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul
edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine
şaýatlyk edýär.
...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk
binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki
gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi
halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň
dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi
dabaralandyrýan taglymatdyr. Şundan ugur alyp, ýurdumyz dünýä bileleşigi
tarapyndan ykrar edilen we Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen
hemişelik Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri esasynda ähli döwletler, abraýly
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň
ýöriteleşdirilen düzümleri — Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy,
Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Bütindünýä
Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan Durnukly ösüş
maksatlaryny ýerine ýetirmek babatda-da zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen
birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly
beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bu
ugurlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden
goldanylýar.
Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda
paýtagtymyzda “Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki
tagallalar” atly halkara maslahat geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygy
ilerletmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny
işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna oňyn baha berildi. Bu çäräniň ýokary
wekilçilikli düzümi, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň
esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk
derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna, Baş Assambleýa tarapyndan 2025-nji
ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýaly möhüm
senelere beslenjek geljek ýylyň öňüsyrasynda geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da
artdyrdy. Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen,
olaryň dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelmegini ileri tutýar. Tagallalary
birleşdirmek, yzygiderli bilelikdäki işe daýanmak Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň kesgitleýji şerti, filosofiýasy bolup durýar.
Ýurdumyz döwletara gatnaşyklarda we
diplomatiýada “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgesini ilerledýär. Çünki
dialog medeniýeti, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky
gatnaşyklara ukyply we taýýar bolmak häzirki günde parahatçylygy, durnukly
ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda berkarar
döwletimiziň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarda
bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ata-babalarymyzdan gelýän
kadalara eýerip gelýändigi bellenilýär. Geçen ýyllar Bitaraplyk syýasatynyň
milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk
gelýändigini aýdyň görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary
bilen Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni
alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we netijeli işlemegi hem
ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýän
hakykatdyr.
Biz bütin dünýäde parahatçylyga esaslanýan,
dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam bermek bilen
birlikde, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda giň gerimli
özgertmeleri üstünlikli dowam etdirýäris. Eziz Diýarymyzda täze obalary,
şäherleri, şäherçeleri we döwrebap senagat toplumlaryny gurýarys. Ähli
ugurlarda alyp barýan tutumly işlerimiz beýik maksada — ata Watanymyzyň
durnukly ösüşini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge
gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.
.
..Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada Mejlisiň we Halk Maslahatynyň
wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki, daşary döwletleriň we
halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary,
hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri bar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Bitaraplyk
binasynyň öňündäki baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança gelýär. Hemmeler
döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Dabaraly ýagdaýda
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
merdana halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik
ýörelgeleriniň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül çemenini goýdy.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine
eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.
Asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli
ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza doly laýyk gelýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy
halkara giňişlikde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli
başlangyçlary ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Dabara tamamlanandan soňra, döwlet
Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.
tdh.gov