Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň
çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji
gününe gatnaşdy we çykyş etdi.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy Birleşen
Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen döwlet bolmak bilen, parahatçylygyň,
durnuklylygyň, özara düşünişmegiň işjeň tarapdary hökmünde halkara giňişlikde
möhüm orny eýeleýär. Bitaraplyk ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ähli
ugurlaryndan eriş-argaç bolup geçýän esas goýujy taglymatdyr.
Ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli orny
gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we olary diplomatik ýollar arkaly çözmäge
gönükdirilen halkara başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan
ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen, dürli
döwletleriň hem-de sebitleriň arasynda dialog üçin meýdança bolup hyzmat edýär.
Şeýle-de ýurdumyz durnukly ösüş, ekologik howpsuzlyk, ynsanperwer hyzmatdaşlyk
bilen baglanyşykly başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Munuň özi Türkmenistanyň
parahatçylyk döredijilikli tagallalarynyň möhüm bölegi bolup durýar.
Döwletimiziň BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ekologiýa bilen
bagly ählumumy maksatnamalaryna gatnaşmagy onuň bu ugurdaky tagallalara
jogapkärçilikli çemeleşýändigini we dünýäde durnuklylyga, abadançylyga
gönüden-göni täsir edýän meseleleriň çözgüdine goşant goşmaga taýýardygyny
görkezýär.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň ştab-kwartirasyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy BMG-niň
Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar
hem-de bilelikde surata düşdüler. Soňra plenar mejlis öz işine başlady we gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz çykyş edip, sözüniň
başynda mejlise gatnaşyjylary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen gutlady we
hemmelere netijeli işlemegi arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz hanym Annalena
Berbogy Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, ozalky
sessiýanyň dowamynda Baş Assambleýanyň işine netijeli ýolbaşçylyk edendigi üçin
ilçi Filemon Ýanga minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz dünýäniň häzirki
ýagdaýynyň, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýetiniň we meýilleriniň
döwletlerden hem-de halkara guramalardan esasy umumy maksady gazanmagyň —
parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, mundan beýläk-de okgunly ösüş üçin
şertleri döretmegiň, häzirki zaman dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk
esaslaryny gorap saklamagyň bähbidine utgaşykly hyzmatdaşlygy talap edýändigini
belläp, Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň esasy wezipelerine
hut şu nukdaýnazardan seredýändigini we berk deňagramly hem-de howpsuz dünýä
arhitekturasyny döretmekde oňa uly umyt baglaýandygyny nygtady.
Halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün
edilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar.
Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip,
hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde
durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara
hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala
aşyrmaga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we häzirki wagtda
bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň bu wezipeleri
ilerletmekde hem-de ýerine ýetirmekde iň netijeli gurallaryň biridigine berk
ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň
80-nji sessiýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň
hatyrasyna” atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürdi. Dünýä
jemgyýetçiliginiň bitaraplygyň wajypdygyna, BMG-niň parahatçylyk döredijilikli
strategiýasynda onuň mümkinçiliklerine we gurallaryna düşünýändiginden ugur
alyp, ol möhüm diýlip hasaplanýar. Bu ugry dowam etdirmek bilen, Türkmenistan
şu gezekki sessiýanyň dowamynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly
ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň
orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň taslamasyna seretmegi teklip eder.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň
başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly waka BMG-niň döredilmeginiň ýubileýine
gabat gelýär. Şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, ýokary derejeli iri halkara forum geçiriler. Bu
foruma BMG-niň strategik maksatlaryny gazanmaga anyk goşant hökmünde garaýarys
we oňa giň halkara wekilçiligiň gatnaşjakdygyna umyt edýäris. Döwlet
çemeleşmeleriniň dünýäniň ösüş meýillerine ýakynlaşmak prosesi, ynanyşmagyň we
özara düşünişmegiň ýola goýulmagy hem-de pugtalandyrylmagy ulgamlaýyn,
yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr diýip hasaplaýarys diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan
Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini
geçirmek başlangyjyny öňe sürýär. Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp
taýýarlamak sammitiň esasy wezipeleriniň biri bolar. Bu kodeks ýurtlaryň
arasynda özygtyýarlylyga we çäk bitewüligine hormat goýmak, dünýä meselelerini
bilelikde çözmek we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklary ýola goýmak
üçin köpugurly esas bolup hyzmat eder.
Ählumumy parahatçylygy, özara düşünişmegi
üpjün etmek meselelerine häzirki zaman ösüşiniň ugurlary, medeni we ruhy
gatnaşyklary gorap saklamagyň hem-de ýakynlaşdyrmagyň zerurdygy bilen aýrylmaz
baglanyşykda garaýarys. Bu babatda ýüzýyllyklaryň dowamynda Gündogar bilen
Günbataryň arasynda medeni köpri bolan Merkezi Aziýa häzirki günde öz taryhy
wezipesini gaýtadan dikeldip, dialog, hyzmatdaşlyk babatda dünýägaraýyşlary we
gymmatlyklary ýakynlaşdyrmak üçin giňişlik bolmalydyr diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we şundan ugur alyp, Türkmenistanyň şu gezekki sessiýanyň
dowamynda BMG bilen hyzmatdaşlykda hem-de sebitiň ýurtlarynyň, beýleki
gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara institutlaryň gatnaşmagynda “Merkezi
Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi
teklip etjekdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň
garamagyna Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny
hödürlär. Bu Kararnama gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we kadalaşdyrmakda
diplomatiýanyň hem-de bitarap meýdançalaryň ähmiýetini nygtar.
Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga
gatnaşmak, onuň ulag we energetika ýaly esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek
ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu mesele boýunça
köptaraplaýyn dialogyň merkezleriniň biri bolmak bilen, Türkmenistan adalatly,
deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamyny döretmäge ýardam bermegini dowam
etdirer. Şu gezekki sessiýanyň dowamynda degişli Kararnamanyň taslamasyny
hödürläp, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça
onýyllygyny” yglan etmek başlangyjyny öňe süreris diýip, Arkadagly Gahryman
Serdarymyz belledi hem-de munuň ulag geçelgelerini ösdürmek, olaryň
durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlar üçin elýeterliligini üpjün etmek
üçin halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik
berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň
garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa
birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.
Häzirki wagtda sanly özgertmeler ösüş gün
tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýar. Bu prosesiň
deňagramly häsiýete eýe bolmalydygyna, onuň ähli döwletleriň, şol sanda ösüp
barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerini göz öňünde tutmalydygyna,
syýasylaşdyrylmakdan we birtaraplylykdan azat bolmalydygyna ynanýarys diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan deňhukuklylyk,
ynanyşmak we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylygyň,
howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň zyýanyna ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine
esaslanýan Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek
başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär.
80-nji sessiýanyň dowamynda Türkmenistan
ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça işleri-de dowam eder hem-de
bu meselelere howpsuzlygy üpjün etmegiň, howa, ekologiýa we tehnogen hadysalara
gözegçilik etmegiň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek boýunça binýatlaýyn
çemeleşme hökmünde yzygiderli esasda garalmagyny maksat ediner. Türkmenistan
Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini
döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Şeýle merkeziň döredilmegi sebit
mümkinçiliklerini birleşdirmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga ýardam berer, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga, hususan-da,
howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, gury ýeriň ekoulgamlaryny gorap saklamak
işine saldamly goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we
ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürlen, Hazar
deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak üçin halkara platformany döretmäge
gönükdirilen Hazar ekologik başlangyjyny ilerletjekdigini nygtady. Hazar
ekologiýa forumy bu ugurda möhüm ädim bolar. Döwlet Baştutanymyz ony 2026-njy
ýylda geçirmegi teklip edip, häzirki wagtda giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola
goýmak üçin BMG-niň ornuny pugtalandyrmagyň, halklary ýakynlaşdyrmaga we olaryň
arasynda özara düşünişmegi berkitmäge, ruhy-medeni gymmatlyklaryň
tapawutlylygyndan gelip çykýan päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, medeni
diplomatiýanyň netijeli ýollaryny herekete getirmäge ýardam bermegiň
möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz medeniýetleriň arasynda
dialogy ösdürmek we Baş Assambleýanyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi
goldamak boýunça Kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Köpdilli
diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmegi teklip etdi.
Türkmenistan hemişe ähli halkara
başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak
möhletli maksatlaryna laýyk getirýär. BMG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň
ileri tutýan strategik ugry bolup durýandygyny hemişe nygtamagymyz tötänden däldir.
Biz BMG-niň köpugurly ygtyýarlyklara eýe bolan ýeke-täk halkara guramadygyny
ynam bilen aýdýarys. Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygyň we ösüşiň
kepili, ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň binýady bolmagynda galmalydyr.
Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak
ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň
berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň
konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn
resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny
munuň esasy şerti diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de
Türkmenistanyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky
başlangyjy öňe sürýändigini belledi we munuň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň
halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam
bildirdi.
Şu mejlis Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete
eýedir. 30 ýyl mundan ozal şu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan
kabul etdi. Ol ýurdumyz üçin taryhy waka bolup, Türkmenistanyň geljekki daşary
syýasy we halkara işini kesgitledi. Biziň Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar
edilmegi daşarky amatly şertleri üpjün edip, döwletimiziň içerki ösüşini
işjeňleşdirmäge ýardam berdi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we
mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň halkynyň adyndan BMG-ä agza
döwletlere, tutuş dünýä jemgyýetçiligine 1995-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen
we Baş Assambleýanyň soňky iki Kararnamasy bilen tassyklanan Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmek baradaky çözgüt üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň özüne
bildirilen ynamy hemişe ýatda saklajakdygyny we öz üstüne alan halkara
borçnamalaryna pugta eýerjekdigini aýdyp, ähli wekiliýetleri Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň öz işine başlamagy
bilen ýene-de bir gezek gutlady we hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi
pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň
maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi
adyndaky Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady. Birnäçe
sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline
gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary
garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisiniň
ilkinji gününe gatnaşmagy we onda çykyş etmegi diňe bir Türkmenistanyň oňyn
Bitaraplyk, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerine ygrarlydygyny subut eden
waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge,
ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşmaga hem taýýardygyny aýdyň
görkezen möhüm waka boldy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň halkara
giňişlikde parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi ilerletmek üçin
netijeli gural bolup durýandygyny dünýä äşgär edip, tutuş adamzadyň durnukly
geljegi üçin öz döredijilikli başlangyçlaryny işjeň durmuşa geçirmegini mundan
beýläk-de dowam etdirer.
tdh.gov