2024-nji ýylyň 28-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze
ýyl dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç
duýgusyny döretdi.
Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň
birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezi Täze ýyl baýramynyň
dabaralarynyň geçirilýän esasy ýerleriniň biridir. Bu gün hem bu ýerde ýaşajyk
türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda ajaýyp baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy.
Meýdançanyň merkezinde depesi “2025” ýazgyly, sekizburçly ýyldyz, dürli
öwüşgindäki yşyklar we oýunjaklar bilen bezelen belent arça oturdylypdyr.
Beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň
töwereginde ertekiler dünýäsi emele getirilipdir.
Ajaýyp duýgulary, täsin başdan geçirmeleri
paýlaýan Täze ýyl hemmeleriň söýgüli baýramydyr. Meýdançanyň daş-töweregini
gurşap alýan baglar dürli yşyklar bilen bezelip, agşamlaryna baýramçylyga
mahsus özboluşly görnüşi döredýär. Mundan başga-da, yşyklardan emele getirilen
agaçlar we beýleki bezegler bu ýerdäki gözellikleriň üstüni ýetirýär. Jadyly
ertekiler dünýäsine düşen körpeler haýran galmak bilen täsin şäherjigiň
gözelliklerini synlamaga howlugýarlar. Meýdançada ýaňlanýan ajaýyp aýdym-sazlar
olary durşy bilen täsinlige beslenen syýahata çagyrýar.
Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara
ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan çagalar gatnaşdylar. Şolaryň
hatarynda göreldeli okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport, döredijilik
bäsleşikleriniň ýeňijileri bar.
Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň bu dabara
gatnaşmagy ýaş türkmenistanlylar üçin örän buýsandyryjydyr hem-de
watansöýüjiligi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulagy
dabaranyň geçirilýän ýerine barýar. Bu ýerde çagalar hormatly Prezidentimizi
ruhubelentlik we şatlyk bilen garşylap, gül desselerini gowşurýarlar hem-de
bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan edýärler. Ýaş nesil baradaky
yzygiderli alada, olaryň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda
terbiýelenmegi üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridir. Körpeleriň ýerine ýetiren goşgulary Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň
bagtyýar çagalarynyň çuňňur hoşallygynyň beýany bolup ýaňlandy.
Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl
arçasynyň ýanyna barýar. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen
Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyrýan körpeler ýaş
nesilleriň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl bilen gutladylar.
Soňra ýaşajyk körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Olar bu şanly
güne döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdyrlar.
Döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli
aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar tans toparlarynyň gatnaşmagynda täsin Täze
ýyl baýramçylygy ýaýbaňlandyrylýar. Ýaşyl arçanyň şahalarynda şöhle saçýan
bezegler, çagalaryň şatlykly ýylgyryşlary bu ýere aýratyn gözellik eçilýär.
Türkmen hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyran
keşpler dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň,
jemgyýetimiziň buýsanjy bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryna uly gyzyklanma
bilen tomaşa etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günüň
zehinli mekdep okuwçylary geljekde Watanymyzyň okgunly durmuş we ykdysady
ösüşine mynasyp goşantlaryny goşarlar. Geçirilýän köp sanly bäsleşikler, ders
olimpiadalary, çagalaryň döreden sungat eserleriniň sergileri döwletimiziň
çagalara we ýetginjeklere berýän uly ünsüniň güwäsidir. Çagalaryň öz
mümkinçiliklerini açyp bilmekleri, gyzyklanma bildirýän ugurlary bilen
meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen
üpjün edilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar baglarynyň, sport,
bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň beýanydyr. Şonuň
netijesinde ýaş türkmenistanlylar öz döredijilik, aň-paýhas ukyplaryny
ösdürýärler, sport bilen meşgullanyp, daşary döwletlerde geçirilýän ýaryşlarda
ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmek bilen, baýrakly orunlary eýeleýärler.
...Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň
daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Luw we ýylan
keşbini janlandyrýan lybaslary geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri
bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz körpe nesliň wekilleri bilen bilelikde dostlugy, parahatçylygy,
bitewüligi, jebisligi alamatlandyrýan Täze ýyl baýramynyň şatlygyny paýlaşdy.
Soňra dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl
sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalaryň
haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik
hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen
mähirli hoşlaşdy we Täze ýyly şadyýan garşylamagy, ajaýyp gyşky dynç alşy,
okuwlarynda üstünlikleri arzuw edip, awtoulagynda Söwda-senagat edarasynyň
binasyna tarap ugrady. Bu ýerde çagalar döredijilik toparynyň, estrada
aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl şüweleňi
dowam etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Söwda-senagat
edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna barýar. Bu ýerdäki gözel
arçanyň daşynda Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk,
2025-nji ýylyň nyşany bolan ýylan, baýramçylyk lybasly köp sanly ýaşajyk
aşgabatlylar, paýtagtymyzyň myhmanlary bar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy
uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Ýaş nesilleriň baýramçylyk dabarasyna hormatly
Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen
geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň
Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary
döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň,
teatr we sirk artistleriniň, folklor, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik
toparlarynyň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänlerden başlap, dürli
ýaşdaky zehinli çagalaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Baýramçylyk äheňinde bezelen
sahnada Täze ýyla bagyşlanan ruhubelent aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň
utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
“Güneş” çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar
topary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Dokmaçylar”, “Galkynyş” tans
toparlary sahna meýdançasynda öz döredijilik sowgatlaryny görkezdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjeren
baýramçylyk mynasybetli goşgy aýdyp, saz çalyp, öz ukyp-başarnygyny görkezdi.
Dabara gatnaşyjylar Aýjereniň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen
garşyladylar.
Şeýle hem birnäçe aýdymçylar, döwlet
derejesindäki köp sanly bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň
ýeňijileri sungat ýolundaky ajaýyp eserleri bilen çykyş etdiler. Olar Täze ýyl
mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň häzirki zaman
aýdymlaryny, nusgawy eserleri, folklor häsiýetli horeografik çykyşlary öz içine
alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.
Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el
çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olaryň çykyşlary ýygnananlaryň ruhuny has-da
belende göterdi. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň döredijilik
işgärleri öz geň galdyryjy çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri
döretdi. Ýaşajyk zehinlerem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap,
türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen
görkezdiler.
Täze ýyl baýramy mynasybetli dabara gatnaşan
bagtyýar çagalara süýjülik torty hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary ýetip gelýän
Täze ýyl bilen gutlady hem-de dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden
ugrady.
Bu gün paýtagtymyzyň şaýollary, seýilgähleri,
jemgyýetçilik ýerleri ajaýyp Täze ýyl lybasyna beslendi. Özboluşly
kompozisiýalar, yşyklandyryjy bezegler ähli ýerde gözel görnüşleri emele
getirýär. Şeýlelikde, baýramçylyk dabaralary her bir öýe, her bir maşgala ýagşy
arzuwlary, şatlykly pursatlary, baýramçylyk täsinliklerini eçilýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan täze —
2025-nji ýyly garşylamaga taýýarlyk görüp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda ösüşiň ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar.
tdh.gov