16-njy
noyabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp,
bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze
binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny
geçirdi.
Ir
bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň beýleki
pudaklarynda bolşy ýaly, obasenagat toplumynda-da düzümleýin özgertmeleriň
amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň oba hojalygynyň
ylmy esasda ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Bu ýerde
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy
meýilleşdirilýän ylmy-önümçilik maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil
taslamalary we olaryň teklip edilýän ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi.
Arkadag şäheriniň, Gökdepe etrabynyň, Aşgabadyň dolandyryş çägi, onuň
ugurlaryny görkezýän çyzgylar hem-de degişli ýer bölekleri hakynda giňişleýin
maglumat berildi.
Görkezilen
şekil taslamalarynyň hatarynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binalar
toplumynyň we oňa degişli ylmy-önümçilik tejribe meýdançalarynyň, ýyladyşhana
toplumynyň, tejribe meýdanlarynyň we beýleki düzümleriň, hususan-da, Oba
hojalyk ministrliginiň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda bina ediljek
Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň, Arkadag şäherinde ylmy-barlag däneçilik we
ekerançylyk institutlarynyň teklip edilýän baş meýilnamasy bar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow görkezilen şekil taslamalary we binalaryň
ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly
ösüşinde möhüm ähmiýeti boljak ylmy-barlag institutlarynyň oba hojalyk pudagyna
degişli ugurdaş düzümleriniň ähli desgalarynyň bu şäheriň binagärlik
aýratynlygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi. Şunda
obasenagat toplumyna degişli bilim ojaklarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň
gurluşygyna örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir.
Binalaryň ýerleşdiriljek ýerleri ylmy esasda içgin öwrenilmelidir. Şol bir
wagtyň özünde, degişli toplumlaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna,
ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. Gurluşyk
işlerinde obasenagat toplumynyň hünärmenleri bilen ýakyndan utgaşykly işe
aýratyn orun berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Arkadag
şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly,
«ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek»
taslamasyna girizilendigini we bu ýerde alnyp barylýan işleriň halkara derejede
ykrar edilýändigini nazara alanyňda, bu künjegiň ekologik ýagdaýynyň degişli
derejede saklanmagy häzirki döwrüň möhüm talabydyr.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Arkadag şäherinde Oba hojalyk
uniwersitetiniň binalar toplumynyň hem-de ylmy-önümçilik tejribe
meýdançalarynyň teklip edilýän baş meýilnamasy, uniwersitetiň ylmy-önümçilik
tejribe meýdany, şunda ýüpekçilik we ösümlikleri goramak işlerini geçirmäge,
ot-iýmlik ekinler, miweli baglar, üzümçilik, ýyladyşhana toplumy, gökçülik we
bakjaçylyk, gowaça hem-de bugdaý ekmek üçin niýetlenen ýer bölekleri, olaryň
möçberi, synag meýdançasynyň teklip edilýän görnüşleri barada hasabat berdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanşyp, obasenagat
toplumynyň düzümleri üçin zerur bolan ylmy açyşlaryň, bu ugra degişli ylmy
işleriň ýokary derejede alnyp barylmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň
edilmelidigine ünsi çekdi. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan we meýilleşdirilýän
maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzda azyk bolçulygynyň
berkidilmeginiň, obasenagat pudagynyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň
möhüm şertini emele getirýär.
Hormatly
Prezidentimiz ýokarda agzalan taslamalara täzeden seretmegi, şeýle hem binalary
gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmegi tabşyrdy.
Häzirki
döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işini sazlaşykly alyp barmak,
önümçilige täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine uly
üns berilýär. Gurulmagy meýilleşdirilýän ylmy-barlag önümçilik institutlarynda
ekerançylykdan bol hasyl almagyň, maldarçylygyň ähli görkezijiler boýunça
ösdürilmeginiň, iň esasysy bolsa, gök, bakja, maldarçylyk önümleriniň
bolçulygynyň üpjün edilmeginiň ähli ugurlary mundan beýläk-de ylmy esasda
öwrenilmelidir we ösdürilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu
babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem bu
ýerde ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň we Daşky gurşawy goramak
ministrliginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Oba
hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag
ekerançylyk institutynyň hem-de Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň
ýolbaşçylary Arkadag şäherinde obasenagat toplumyna degişli ylmy-barlag
önümçilik institutlarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilmeginiň pudagyň ylmy esasda
ösdürilmeginde ähmiýetli boljakdygyny nygtadylar we kabul edilen çözgütler üçin
Arkadagly Gahryman Serdarymyza toplumyň ähli düzümleriniň, ylmy-barlag
institutlarynyň işgärleriniň adyndan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Döwlet
Baştutanymyz bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ugurdaş düzümleriň, şol
sanda ylmy-barlag, önümçilik institutlarynyň gurulmagynyň ýokary okuw
mekdebinde berilýän bilimiň tejribe arkaly berkidilmeginde aýratyn ähmiýetli
boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda uniwersitetde bilim alýan talyplar ylmy-barlag
institutlary bilen gatnaşykda bolup, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda
has-da ösdürmegiň ugurlaryny içgin özleşdirmelidirler. Olar nazaryýetde alan
bilimlerini tejribede, ylmy önümçilikde yzygiderli berkitmelidirler.
Häzirki
döwürde ýurdumyzda hemmetaraplaýyn bilimli, ýokary hünärli, zähmetsöýer ýaş
hünärmenleriň ýetişdirilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda
ýaşlar häzirki zaman ylmyndan, dünýäniň ösen tejribesinden we täzeçil
tehnologiýalardan habarly bolmalydyrlar. Munuň üçin ýaşlara berilýän bilim
tejribe bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýaşlaryň täze ylmy açyşlarynyň, öňe sürýän teklipleriniň içgin
öwrenilmelidigini, olaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly
meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli
ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, oba hojalyk
ministri N.Nazarmyradowyň, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazowyň,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurowyň we
Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet
Baştutanymyz iş maslahatynda oba hojalyk toplumyna degişli döwrebap binalaryň
taýýarlanylan şekil taslamalary, olary üstünlikli amala aşyrmagyň esasy
ugurlary barada aýdyp, bu işleri netijeli ýerine ýetirmegiň toplumyň
düzümleriniň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde ähmiýetli boljakdygyny
nygtady we bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli
çemeleşmegi tabşyrdy.
Soňra
meýilleşdirilen işleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada çykyş etmek üçin
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Wise-premýer,
ilki bilen, obasenagat toplumyna degişli düzümleriň binalarynyň gurluşygy bilen
baglanyşykly taryhy çözgüdi kabul edendigi hem-de bu ugurda öz oňyn
maslahatlaryny berendigi üçin toplumyň ähli düzümleriniň işgärleriniň adyndan
döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen gurlan nusgalyk şäheriň ikinji
tapgyrynda obasenagat toplumyna degişli täze binalaryň gurulmagynyň degişli
ugurlaryň sazlaşykly ösüşine, bu ugra degişli ýokary derejeli hünärmenleriň
taýýarlanylmagyna, däneçiligiň, pagtaçylygyň, gök ekerançylygyň, maldarçylygyň
ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini belledi.
Wise-premýer
çykyşynyň dowamynda ähli meýilleşdirilen işleriň ýokary derejede ýerine
ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine, şeýle hem ylmy-barlag
önümçilik institutlarynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň utgaşykly işiniň
ýola goýulmagy, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, mallardan alynýan önümiň
mukdaryny artdyrmak boýunça zerur işleriň geçiriljekdigine ynandyrdy. Şunda oba
hojalyk düzümleriniň işini ylmy esasda alyp barmagyň degişli düzümleriň
netijeliligini artdyrjakdygy bellenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze
binalar toplumynyň we bu ugra degişli ylmy-barlag institutlarynyň bu ýerde
gurulmagynda çuňňur manynyň bardygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Taryhdan
belli bolşy ýaly, dag etekleriniň hoştap howasy, çeşme suwlaryndan gözbaş alýan
suwly akabalar bu ýerlerde daýhançylygyň kämil däpleriniň emele gelmegini,
ýerleriň hasylly bolmagyny üpjün edipdir. Häzirki döwürde milli daýhançylyk
däpleriniň döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilmegi bu ýerleriň talabalaýyk
özleşdirilmegine, ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmegine giň ýol açýar.
Döwlet
Baştutanymyz milli daýhançylyk däpleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen
utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, talyp ýaşlaryň şöhratly pederlerimiziň
halal zähmet baradaky asylly ýörelgelerini içgin özleşdirmekleri ugrunda zerur
tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Soňra
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa söz berildi.
Ol Arkadag
şäheriniň açylyş dabarasyna we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna
badalga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşandygy hem-de bu ýerde alnyp
barylýan işleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygy üçin Arkadagly
Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleriň
üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary
gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy
meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň we beýleki ugurdaş desgalaryň
gurluşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belläp, gurluşyklaryň
bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň, olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün
edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Täze şäherde ähli işler
dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyryldy. Okuw mekdeplerinde
sanly ulgam, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa «akylly» öý ulgamy ornaşdyryldy diýip,
döwlet Baştutanymyz nygtady. Täze şäheriň ekologik abadançylygy üçin köp işler
amala aşyryldy. Onuň daşky gurşaw, tebigat bilen sazlaşygyny gazanmak üçin
zerur çäreler görüldi.
Arkadag
şäherinde önümçilik kuwwatlyklaryny gurmak baradaky çözgüt milli
ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, şäher ilatynyň abadançylygynyň we bagtyýar
durmuşynyň üpjün edilmegine döwletimiz tarapyndan berilýän uly ünsüň nobatdaky
aýdyň beýanydyr. Şunda obasenagat toplumyna degişli desgalaryň gurulmagy möhüm
wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz Arkadag şäherinde guruljak Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
täze binalar toplumynyň, ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag
däneçilik we ekerançylyk institutlarynyň, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten
etrabyndaky Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň täze guruljak binalarynyň
taslamalarynyň taýýarlanandygyny, olaryň ýokary hilli amala aşyrylmagynyň
obasenagat toplumynyň ösdürilmeginde wajyp orun eýelejekdigini aýtdy. Şeýle hem
hormatly Prezidentimiz uniwersitetiň garamagynda ekerançylyk ýerleriniň,
ýyladyşhananyň, dürli görnüşli döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň
bolmalydygyny belläp, talyplaryň ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak,
zyýankeşlere garşy göreşmek endiklerini ösdürmelidiklerine ünsi çekdi. Şunda
milli daýhançylyk däpleri özleşdirilip, häzirki döwürde howanyň we tebigatyň
üýtgeýän ýagdaýy bilen öňünden tanşyp bilmekleri, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny
berkitmekde zerur bolan maglumatlar bilen üpjünçiligi sanly ulgamy özleşdirmek
arkaly ýola goýulmalydyr.
Şol bir wagtyň
özünde, uniwersitetiň talyplarynyň, mugallymlarynyň hem-de alymlaryň ylym, okuw
we ýaşaýyş-durmuş, dynç alyş şertleriniň talabalaýyk bolmagynyň wajypdygyna
ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz ýakyn geljekde Arkadag şäherinde kämil
derejeli hünärmenler taýýarlanylýan ýokary okuw mekdebi, ylmy-barlag
institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigini belledi.
Obasenagat
toplumynyň ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, ýokary öndürijilikli, ýurdumyzyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän kuwwatly tehnikalary satyn almak meseleleri döwlet
syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda daýhan zähmetine, olar
üçin ýeňillikli şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berilmelidir. Bu
baradaky gürrüňi dowam edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz daýhanlary ykdysady
taýdan höweslendirmek maksady bilen, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş
nyrhlaryny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan şertleri üpjün etmegiň, degişli
teklipleri taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Munuň özi daýhanlaryň topraga
söýgüsiniň has-da artmagynda, olaryň çekýän yhlasly zähmetinde uly hyjuw döretmeginde,
öndürilýän önümleriň möçberiniň yzygiderli artmagynda, ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet
Baştutanymyzyň ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň
mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirilen, öndürijilikli zähmet çekmäge
ruhlandyran ähmiýetli başlangyjy iş maslahatyna gatnaşyjylarda uly buýsanç
duýgusyny döretdi.
Hormatly
Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, hemmelere öňde durýan wezipeleriň durmuşa
geçirilmeginde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
tdh.gov