Mälim
bolşy ýaly, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji
ýyllar üçin Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini
ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa
geçirmek, halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalar we dünýä
döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak maksady bilen, hormatly
Prezidentimiz «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji
ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklaýan degişli Karara gol çekdi. Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň 5-nji oktýabrda Halkara sergiler
býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etmegi we myhman bilen bu
düzümiň goldaw bermeginde guralýan sergi-ýarmarka işleri ulgamynda özara
hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegiň
mümkinçilikleri barada pikir alyşmagy hem bu ugruň ýurdumyz üçin möhümdigine
şaýatlyk edýär.
Halkara
sergiler býurosynyň ýolbaşçysy ýurdumyz bilen gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn
gyzyklanma bildirýändigini nygtady we halkara giňişlikde Türkmenistanyň
sergileri guramakda ýokary derejä ýetendigini belledi.
Biziň
döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, gyzyklanma
bildirýän taraplaryň ählisi bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn
üns berýär. Şunda diňe bir dünýäniň öňdebaryjy tejribesini özleşdirmek däl,
eýsem, içerki we daşarky bazarlarda ýerli harytlaryň, hyzmatlaryň ilerledilmegi
hem göz öňünde tutulýar. Munuň özi halkara sergileriň dünýä ykdysadyýetine
ýakynlaşmagyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine oňyn täsirini
ýetirýär.
Söhbetdeşligiň
dowamynda döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda halkara
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa
geçirilip, kabul edilen «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň
2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyz Halkara sergiler
býurosy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Halkara sergiler býurosynyň agzasy bolmak
bilen, bütindünýä we ýöriteleşdirilen gözden geçirilişlere işjeň
gatnaşýandygyna ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan
Şanhaýda, Milanda, Astanada, Dubaýda geçirilen sergilerde mynasyp wekilçilik
etdi.
Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz agzalan býuronyň ýolbaşçysyny şu ýylyň
2-nji oktýabrynda Kataryň Doha şäherinde bu guramanyň goldaw bermeginde
guralýan «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli
tüýs ýürekden gutlady hem-de forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, bu halkara gözden geçirilişde Türkmenistanyň sergi bölümi hem
guraldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýanyň Osaka
şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga gyzyklanma
bildirýändigini nygtap, döredilen guramaçylyk toparynyň bu ugurda degişli
işleri alyp barýandygyny aýtdy.
Halkara
sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes, öz gezeginde, Doha
şäherinde geçirilýän halkara sergide ýaýbaňlandyrylan türkmen bölümi bilen
tanşandygyny, onuň özünde uly täsirleri galdyrandygyny aýtdy. Myhman
bilelikdäki çäreleriň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň dünýäniň
sergiler giňişligine geljekde-de işjeň goşulyşmagyna ýardam etjekdigine ynam
bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz Halkara sergiler býurosy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk
etmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny, geljekde Türkmenistanda halkara
ähmiýetli we ählumumy ösüşe gönükdirilen sergileri guramagyň şertlerine
garamagyň maksat edinilýändigini nygtady.
Aşgabatda
yzygiderli geçirilýän sergiler ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň
üstünliklerini wagyz etmäge uly goşant goşýar. Şu ýylyň mart aýynda
paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Bu çäre hususy pudagyň
ösdürilmeginiň milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini
görkezdi. Bu pudak ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda, täze
önümçilikleri ýola goýmakda, azyk bolçulygyny döretmekde, ilatyň iş bilen
üpjünçiliginde ähmiýetli orny eýeleýär. Telekeçilerimiz halkara derejede
Türkmenistanyň adyndan mynasyp wekilçilik edip, Watanymyzyň at-abraýyny
ýokarlandyrýarlar.
Sergide
oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, gurluşyk serişdeleriniň,
elektrik enjamlarynyň, öý hojalyk tehnikasynyň önümçiliklerinde, söwda, bilim,
durmuş hyzmatlary, ulag we logistika ulgamlarynda, halk senetçiliginde
ýöriteleşen hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri özleriniň diwarlyklaryny
görkezdiler. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň daşary ýurtlardan
getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça
wezipeleri çözmekde gazanan üstünliklerine aýratyn üns çekildi.
Aprel
aýynda gazanylan üstünlikleri hem-de ýurdumyzda harytlaryň öndürilişiniň
möçberini giňeltmekde, hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde geljekki mümkinçilikleri
görkezmäge gönükdirilen Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen
Gutlagynda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň netijesinde harytlarymyzyň
bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanýandygy, ýurdumyzyň içerki bazaryny ýokary
hilli harytlar bilen üpjün etmekde, daşarky söwdany giňeltmekde ýokary netijeleriň
gazanylýandygy nygtaldy. «Bu gün «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly
harytlar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyp, ýurdumyzyň eksport
mümkinçilikleriniň barha artýandygynyň subutnamasyna öwrüldi» diýip, döwlet Baştutanymyz
Gutlagynda belledi.
3-4-nji
maýda paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we
ösüş — 2023» atly II halkara sergi geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum»
hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran forumyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den
gowrak wekil gatnaşdy. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň
işgärleri, bilermenler, maýadarlar, halkara guramalaryň, maliýe
institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň,
Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Halkara foruma «Vitol»,
«Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Cargo lux»,
«Lufthansa Consulting» ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk
kompaniýalarynyň, Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň, Halkara gämiçilik
edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky
hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag forumynyň, «USAID Central Asia»
maksatnamasynyň, Merkezi Aziýadaky Korollyk logistika we ulag institutynyň
wekilhanasynyň wekilleri we başga-da köp sanly adamlar gatnaşdylar.
24-25-nji
maýda paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII halkara köpugurly sergi
ýaýbaňlandyryldy. Onuň dowamynda ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň,
guramalaryň, edaralaryň, hususy telekeçileriň 140-a golaýy öz önümlerini
görkezdiler. Sergide dürli görnüşli senagat önümleri, azyk harytlary,
amaly-haşam sungatynyň önümleri bilen bir hatarda, ekologik taýdan arassa,
halkara ölçeglere laýyk gelýän şäher hojalygy ulgamyny döretmäge degişli iri
maýa goýum taslamalary, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we uly şäheriň
ýaşaýyş-durmuşynyň oňyn sazlaşygyny saklamaga, daşky gurşawyň goralmagyna ýardam
edýän desgalaryň taslamalary görkezildi. Serginiň köp böleginde
inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän
awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň görkezilmegine uly orun berildi.
28-nji
maýda Aşgabatda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen
halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmen halysy — türkmeniň kalby» atly halkara
sergi geçirildi. Dünýäniň dürli künjeginden gelen wekiliýetleriň düzümi daşary
ýurtlaryň işewür düzümleriniň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyza we geljegi
uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga bolan
gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny tassyklady. Şeýle hem bu forum täze
hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi. Foruma
gatnaşanlaryň hatarynda Russiýadan, Türkiýeden, Germaniýadan, Birleşen Arap
Emirliklerinden, Eýrandan, Owganystandan, Özbegistandan we Pakistandan gelen
türkmen haly sungatynyň muşdaklary, iri önüm öndüriji kärhanalaryň, söwda
kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ylmy-barlag we medeniýet
merkezleriniň wekilleri, alymlar, bilermenler bar.
10
— 12-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman
senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Saglygy goraýyş, bilim we sport
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi
geçirildi. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny
saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň
birine öwrüldi.
Sergä
dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekiller
gatnaşdylar. Şolaryň arasynda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we
sarp ediş serişdelerini, dürli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän, tebigy
kosmetiki önümleriň giň görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän daşary ýurt
kompaniýalarynyň 150-den gowragy, şol sanda Russiýadan, Gazagystandan,
Özbegistandan, Gruziýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Italiýadan,
Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Polşadan, Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan
we beýleki ýurtlardan kompaniýalar bar.
Şeýle
hem Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi şu ýyl paýtagtymyzda geçirilen
iri gözden geçirilişleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, bu giň
möçberli sergi berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent
sepgitlerini beýan edip, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwrüljek
başlangyçlary, täze taslamalary ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Milli
ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini mundan beýläk-de durmuşa
geçirmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak Türkmenistanda alnyp
barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda uzak
möhletleýin döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär, täze iş
orunlary döredilýär, innowasion, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, umuman,
ähli zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda çig maly gaýtadan işleýän, halkyň sarp
edýän önümlerini we eksport ugurly harytlary öndürýän pudaklar batly depginde ösýär.
Dürli senagat, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberi artýar, sebitlerde
täze kärhanalar gurulýar, halkara we milli taslamalar üstünlikli durmuşa
geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda döredilen berk ykdysady binýadyň we durmuş ulgamynda ýetilen
sepgitleriň Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň hem ygtybarly girewidigini
nygtaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň binýadynyň has-da berkidilmegi
bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün
edýär. Ykdysady ulgamda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty innowasiýalara,
bazar gatnaşyklary şertlerinde dolandyryşyň döwrebap, has täsirli usullaryny
yzygiderli ornaşdyrmaga daýanmak bilen, pudaklary toplumlaýyn we durnukly
ösdürmäge, şunuň bilen birlikde, Watanymyzyň gülläp ösmegine hem-de halkyň
abadançylygynyň artdyrylmagyna gönükdirilendir.
Alnyp
barylýan bu işler jemi içerki önümiň durnukly ösüş depginini saklamaga, durmuş
ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberini, senagat harytlarynyň
önümçiligini, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga, harytlaryň we hyzmatlaryň
içerki bazarlarda bahalarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik döredýär.
Türkmenistany ösüşiň ýoly bilen öňe ilerletmäge ýardam edýän esasy şertleriň
hatarynda ýurduň işjeň senagatlaşdyrylmagy, karz syýasatynyň ösdürilmegi,
importyň ornuny tutýan harytlaryň önümçiliginiň döredilmegi, tebigy gazyň,
elektrik energiýasynyň we beýleki harytlaryň eksport edilýän möçberiniň artdyrylmagy
agzalyp bilner. Ornaşdyrylýan innowasion ýörelgeler we hojalyk usullary
ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň wajyp
şerti hökmünde çykyş edýär.
Ösüşiň
milli nusgasynyň täsirliligi durmuş-ykdysady üstünlikleriň oňyn görkezijileri
bilen tassyklanylýar. Şeýle hem bu ösüş dünýäniň abraýly jemgyýetçilik we
maliýe guramalary tarapyndan ykrar edildi. Amatly geografik, geosyýasy
ýerleşişi esasynda Türkmenistan soňky ýyllarda awtoulag, demir ýol we deňiz
ulaglary, raýat awiasiýasy ulgamlarynda iri infrastruktura taslamalarynyň
başyny başlaýar hem-de durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň bu ugurda halkara
hyzmatdaşlyk syýasatynyň binýadynda, ilkinji nobatda, onuň ygtybarly ykdysady
hyzmatdaş, yklym derejesinde iri energetika we üstaşyr geçiriji döwlet hökmünde
ägirt uly mümkinçilikleri durandyr.
Şeýlelikde,
ähli geçirilýän, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň
2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan sergiler halk
hojalygy toplumyny döwrebaplaşdyrmakda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini bütin
dünýäde wagyz etmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, halkyň
ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
tdh.gov