Eziz watandaşlar!
2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy» ýyly tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly
garşylarys. 2025-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylan ýyly.
Tamamlanyp barýan ýyl Garaşsyz Watanymyzyň
täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu
ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary,
taryhy başlangyçlary has-da rowaçlandy.
Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap
mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, sport desgalary, medeniýet
edaralary, önümçilik binalary, başga-da köp sanly desgalar ulanmaga berildi.
Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýly bolmak bagtyna eýe boldular.
Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy.
Ýangyç-energetika toplumyna degişli iri
taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan
gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat —
Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem energetika,
ulag-aragatnaşyk pudaklaryna degişli birnäçe iri desgalaryň açylyş we
gurluşygyna badalga bermek dabaralary geçirildi.
Ahal we Lebap welaýatlarynda Bäherden hem-de
Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary
woltly asma elektrik geçirijisi we elektrik beketleri işe girizildi. Döwrebap
agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Köpetdagyň gözel künjeginde
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyrymyzyň heýkeli
dabaraly ýagdaýda açyldy. Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby
mekdebiň täze binalar toplumynyň we beýleki desgalaryň açylmagy bilen,
paýtagtymyzyň binagärlik keşbi has-da gözelleşdi.
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy
dowam etdirildi. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň
Konsepsiýasy» kabul edildi. «Akylly» şäherimiz halkara sergilerde abraýly
baýraklara mynasyp boldy. Ýurdumyzda döwrebap obalaryň, häzirki zaman ýaşaýyş
jaýlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bularyň ählisi berkarar Watanymyzyň
ykdysady kuwwatyny, belent ösüşlerimizi aýdyň görkezýär.
Eziz
watandaşlar!
Oba hojalyk pudagynda geçirýän özgertmelerimiz
hem rowaçlyklara beslenýär. Şu ýyl bereketli topragymyzda öndürilýän pagtanyň
we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Edermen daýhanlarymyz
Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp,
şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýygnalan bol galla
hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň
rysgal-berekedidir. Geljekde hem oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan
höweslendirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli
çäreleri durmuşa geçireris.
Ýurdumyzyň nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we
söwda-telekeçilik pudaklarynda hem köp işler amala aşyrylýar. Bu pudaklar
berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Eziz
watandaşlar!
Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy
biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Ýurdumyzda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş
merkezleri, saglygy goraýyş maksatly beýleki desgalar ulanmaga berildi. Ynsan
saglygyny goramak boýunça alyp barýan işlerimiz geljekde-de döwletimiziň üns
merkezinde bolar.
Ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli
özgertmeler durmuşa geçirildi. Geljekde hem ylymly-bilimli, watansöýüji
nesilleri kemala getirmäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga uly üns bereris.
Ýaş nesillerimizi sport bilen meşgullanmaga
giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek
ugrunda uly işleri alyp barýarys. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Birleşen
Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Aşgabat şäheri
«Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bularyň
ählisi ýurdumyzyň sporty, sport diplomatiýasyny ösdürmäge goşýan saldamly
goşandynyň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.
Eziz
watandaşlar!
Şu ýyl Türkmenistan Birleşen Milletler
Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin
agzalygyna saýlanyldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy
esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy
bilen hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýeti bolan «Merkezi Aziýa —
parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» hem-de «Merkezi Aziýada ýadro
ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar biragyzdan kabul
edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň bu
başlangyçlarymyzy goldamagy biziň üçin uly abraýdyr. Munuň özi Türkmenistanyň
öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň umumadamzat bähbitlerine
gönükdirilendigini, dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýandygyny ýene-de
bir gezek aýdyň görkezdi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary derejede geçirildi.
Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny
has-da belende göterdi. Beýik söz ussadynyň baý edebi mirasyny toplamakda,
aýawly saklamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren
ýurdumyzyň raýatlary hem-de daşary ýurtly raýatlar Türkmenistanyň «Magtymguly
Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen
sylaglanyldy.
2024-nji ýylda ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki
dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen abraýly derejäni göterdi we halkara çäreleriň
ençemesi geçirildi.
Milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy
gorap saklamak, wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys. Geçip
barýan ýylda halkara derejede dürli medeni çäreler, Medeniýet günleri
yzygiderli geçirildi. Arkadag şäherinde guralan Medeniýet hepdeligi
medeniýetimizi, sungatymyzy baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Geljek ýyl
Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda ýokary derejede geçireris.
Umuman, geçip barýan 2024-nji ýyl uly zähmet
üstünliklerine beslendi, berkarar Watanymyzyň şan-şöhraty has-da beýgeldi.
Hormatly
adamlar!
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
diýlip yglan edilmegi mynasybetli, geljek ýylda ýurdumyzda hem-de dünýä
döwletlerinde halkara çäreler giň gerim bilen geçiriler. Geljek ýylda örän
möhüm taryhy senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny
hem ýokary derejede belläp geçeris. Biz bütin dünýäde parahatçylygy we
ynanyşmagy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda alyp
barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etdireris.
Eziz watandaşlar!
Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady
bilen, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek
pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýene-de 10 göterim köpelderis.
Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan
täze ýylymyz hem uly rowaçlyklaryň, täze üstünlikleriň ýyly bolar. Bu belent
sepgitlere ýetmekde halkymyzyň gujur-gaýratyna, tutanýerli zähmetine bil
baglaýarys. Merdana halkymyz bilen geljek ýylda-da eziz Watanymyzy
bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet
çekeris.
Eziz watandaşlar!
Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly garşy
alarys. Şu pursatda siziň ähliňize berk jan saglygyny we täze üstünlikleri
arzuw edýärin.
Täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň,
abadançylygyň, ynanyşmagyň, rysgal-berekediň ýyly bolsun! Hemişe maşgala
ojaklaryňyza agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun! Bagtyýar günler dowamat-dowam
bolsun!
Täze — 2025-nji ýylyňyz gutly bolsun!
tdh.gov