2023-nji
ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda Türkmenistanyň Daşary işler ministri
R.Meredow «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» atly 19-njy ministrleriň duşuşygyna
gatnaşdy. Daşary işler ministri çykyşynda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň esasy
ugurlaryny we uzak möhletleýin maksatly özara gatnaşykda ileri tutulýan
ugurlary görkezdi.
Birinjiden,
halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramagyň ähmiýeti nygtaldy. Şu nukdaýnazardan
daşary syýasy edaranyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde global
howpsuzlyk Strategiýasyny işläp düzmek baradaky teklibine aýratyn ünsi çekdi.
Türkmen diplomaty, parahatçylykly çözgütler üçin bitaraplygy ulanmak hem-de
ynamy we gepleşikleri dikeltmek üçin öňüni alyş diplomatiýasyna gönükdirilen bu
strategiýanyň esasy ugurlary barada habar berdi.
Ikinjiden,
ÝB bilen ykdysady hyzmatdaşlyk barada soraglar nygtaldy. Şunuň bilen balylykda,
ministr sebitara söwda-ykdysady we maliýe hyzmatdaşlygynyň möhümligini nygtady.
Ol üstaşyr baglanyşyklary berkitmekde we Merkezi Aziýada hususy pudagy
ösdürmekde ÝB-niň goldawyny belläp geçdi. Şeýle hem daşary syýasy edaranyň
ýolbaşçysy Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy meselesinde
durup geçdi we bu ugurda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk-de işleşmegiň
möhümdigini nygtady.
Üçünjiden,
Merkezi Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän täze ulag baglanyşyklary döretmegiň
möhüm ornuny belläp, R.Meredow Hazar deňzi - Gara deňiz ýoluny ösdürmek üçin
köptaraplaýyn tagallalara aýratyn ünsi çekdi. Ulag aragatnaşygyny mundan beýläk
has hem berkitmek maksady bilen 2024-nji ýylda Türkmenistanda ýokary derejeli duşuşyk
geçirmek teklip edildi.
Dördünjiden,
energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada durup geçen türkmen diplomaty,
energiýa çeşmeleriniň daşalmagynyň Türkmenistan üçin möhüm ähmiýete eýedigini
belledi. Hazar üsti gazgeçirijisi arkaly Ýewropa gaz eksportyny
giňeltmäge hem-de ekologiki taýdan arassa we gaýtadan dikeldilýän energiýa
pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şu
nukdaýnazardan daşary syýasy edaranyň ýolbaşçysy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň
Türkmenistan tarapyndan başy başlanan iki rezolýusiýany ýagny, durnukly ulag we
energiýa çeşmeleriniň hereketi baradaky kararlaryny goldamaga çagyrdy.
Bäşinjiden,
ministr Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegini azaltmak
baradaky ygrarlylygyny tassyklady. «Ýaşyl guşak» ýaly milli maksatnamalar
barada çykyş etdi we döwlet Baştutanynyň howanyň üýtgemegi meselesini çözmek
üçin Aşgabatda Howa tehnologiýalary sebit merkezini döretmek baradaky teklibi
bilen tanyşdyrdy.
Altynjy,
ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy hökmünde bilimiň ähmiýetini ýene bir
gezek belläp R.Meredow ÝB-niň «Erazmus +» maksatnamasyna ýokary baha berdi we
türkmen hem-de ýewropanyň bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegi
teklip etdi.
Sözüniň
ahyrynda ministr saglygy goraýyş we sanly ykdysadyýet ýaly dürli pudaklarda
özara gatnaşyklar üçin ägirt uly mümkinçiliklere ünsi çekdi.
Lýuksemburgda
geçirilen ministrler duşuşygynyň netijesinde ÝB bilen Merkezi Aziýanyň
arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin Bilelikdäki Ýol kartasy, şeýle hem
ÝB-Merkezi Aziýa ministrleriniň
19-njy duşuşygynyň Bilelikdäki
Beýannamasy kabul edildi.
Formata
gatnaşyjy ýurtlar, 2024-nji ýylda «Merkezi Aziýa - ÝB» ministrliginiň indiki
ýubileý duşuşygynyň Türkmenistanda geçirilmegini goldadylar.
mfa.gov