21.08.2026
“Kids Expo: ähli
zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde ilkinji gezek
geçirilen halkara küşt ýaryşy ýaş nesliň zehinini, başarnygyny we belent ruhuny
açyp görkezýän möhüm çäreleriň biri boldy.
Küşt
tagtasynyň başynda özara bäsleşen ýaşajyk türgenler ünsüni jemlemek, çalt
pikirlenmek we dogry çözgüt kabul etmek ýaly başarnyklaryny ussatlyk bilen
görkezdiler. Halkara derejesinde geçirilen bu ýaryş ýaş küştçüler üçin tejribe
toplamak hem-de sport ussatlygyny
ýokarlandyrmak babatda aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Halkara
guramalar bilen hyzmatdaşlykda guralan bäsleşige 8, 10 we 12 ýaşa çenli
oglan-gyzlaryň arasynda dünýäniň 8 döwletinden jemi 94 türgen gatnaşdy.
Ýaryşlar küştüň rapid we blitz görnüşleri boýunça geçirildi.
Ýaryşda
Türkmenistanyň ýaş türgenleri hem ýokary netijeleri görkezip, ýurdumyza mynasyp
wekilçilik etdiler. Zehinli küştçülerimiz mümkin bolan 12 altyn medalyň 7-sini
gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldular.
Bu
ajaýyp netije ýurdumyzda ýaş nesliň sporta, şol sanda küşt ýaly intellektual
sport görnüşlerine bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň, ýaş zehinleriň
halkara meýdançasynda üstünlikli çykyş edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýaş
küştçüleriň bu üstünligi Türkmenistanda ýaş nesle döredilýän giň
mümkinçilikleriň, sport ulgamynda alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň beýany
boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.