Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň beýany – Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi

10.09.2026
16

        2026-njy ýylyň 17-19-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler.

         Ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleri, önümçilik kuwwatyny we döwrebap ösüşleri giňden açyp görkezjek sergä häzirki wagtda ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

         Möhüm çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň kärhanalarynyň we telekeçilik düzümleriniň gazanan üstünlikleri, täze önümleri, döwrebap taslamalary hem-de innowasion işläp taýýarlamalary giňden görkeziler.

         Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň we ösüşiniň aýdyň beýany bolar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň