PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

«Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady

23.10.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň döwrebap binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň dabaraly açylyşy boldy.

Bu giň möçberli halkara çäresiniň guramaçylary bolup, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, «Türkmennebit» we «Türkmengaz»  döwlet konsernleri çykyş edýär. Hökümet agzalarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistandaky diplomatik gulluklaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz ulgamynyň meşhur işewür düzümleriniň, maliýe institutlarynyň hünärmenleriniň, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň esasy bilermenleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşan bu halkara gözden geçirilişiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagynyň okalmagy bu çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.

Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen  «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly bu ýöriteleşdirilen halkara gözden geçirilişde dünýäniň onlarça kompaniýalary öz alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdyrmak, ýeten sepgitlerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, myhmanlara diwarlyklaryny hödürleýär.

         «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň işi  25-nji oktýabra çenli dowam eder.

           Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň