PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

«Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara maslahaty we sergisi geçiriler

17.10.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasynyň döwrebap binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Häzirki wagtda bu giň möçberli halkara çäresini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Halkara sergisinde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, geologiýa, geofizika we seýsmiki barlaglar, nebiti we gazy çykarmak, daşamak, gaýtadan işlemek, nebitgaz desgalaryny guramak babatda öňdebaryjy taslamalar, ulaglar we enjamlar, nebiti we gazy çykarmakda we gaýtadan işlemekde, himiýa senagatynda işleri awtomatlaşdyrmak, gözegçilik etmek, ölçemek boýunça sergi diwarlyklary gurnalar.

         Çäräniň deslapky meýilnamasyna laýyklykda, «Türkmenistanyň nebiti we gazy ─ 2024» atly halkara sergisiniň resmi açylyş dabarasynyň 2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda sagat 10:00-da başlamagy we 25-nji oktýabrynda sagat 12:00-da tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň