News | CCIT
INDEPENDENT NEUTRAL TURKMENISTAN
THE HOMELAND OF PURPOSEFUL WINGED HORSES
Home

CCIT News

Türkmenistanyň milli pawilýony myhmanlaryň üns merkezinde

12.11.2026
15

Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýony halkara jemgyýetçiliginiň, dürli ýurtlardan gelen wekiliýetleriň we daşary ýurtly myhmanlaryň uly gyzyklanmasyny döredýär. Türkmenistanyň bu iri halkara maslahata milli pawilýon bilen ilkinji gezek gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýe bolup, pawilýona gelýän myhmanlar ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ekologik ugurda öňe sürýän başlangyçlary, ykdysady mümkinçilikleri hem-de döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilen ýakyndan tanyşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek boýunça giň gerimli işler  alnyp barylýar. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlary hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Milli pawilýona gelýan daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň suw we energetika serişdelerini netijeli peýdalanmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, ekologik tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşýarlar. Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, halkara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine we döwlet syýasatyna uly gyzyklanma bildirýärler.

COP31-iň çäklerinde geçirilen Liderler sammitinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleleriň çözülmeginde halkara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Çykyşynyň dowamynda Milli Liderimiz halkara ekologik hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bäş sany möhüm başlangyjy öňe sürdi.

Birinji başlangyç 2028-2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek teklibidir. Bu başlangyç döwletleriň howa bilen bagly durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we zerur serişdeleri gönükdirmäge gönükdirilendir.

Ikinji başlangyç halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen “Howa boýunça Aşgabat dialogyny” döretmek we onuň ilkinji halkara duşuşygyny 2027-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklibidir.

Üçünji başlangyç halkara guramalar bilen bilelikde howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamakdan ybaratdyr. Ol howa ýagdaýlaryna gözegçilik etmäge, maglumatlary seljermäge we uýgunlaşmagyň netijeli çärelerini kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Dördünji başlangyç Howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmekdir. Bu teklip ösüp barýan döwletleriň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara, innowasion çözgütlere we howa bilen bagly maliýeleşdirmä elýeterliligini giňeltmägi maksat edinýär.

Bäşinji başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak teklibidir. Ol daşky gurşawy goramak, biologik köpdürlüligi saklamak we tebigy serişdelerden durnukly peýdalanmak boýunça halkara hukuk kadalaryny kämilleşdirmäge ýardam berer.

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren bu başlangyçlary Türkmenistanyň ählumumy ekologik meseleleriň çözülmegine goşýan goşandynyň we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalarynyň aýdyň beýanydyr.

Liderler sammitinde öňe sürlen teklipleriň milli pawilýonda görkezilýän ekologik başlangyçlar bilen sazlaşygy aýratyn ähmiýete eýedir.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň COP31 halkara maslahatyna milli pawilýon bilen ilkinji gezek gatnaşmagy, Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren bäş sany möhüm başlangyjy we daşary ýurtly myhmanlaryň milli pawilýona bildirýän gyzyklanmasy ýurdumyzyň halkara ekologik hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki işjeň ornunyň aýdyň beýany bolup durýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Read this