PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine gatnaşýar

26.06.2024
Card image cap

Düzüminde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bolan ýurdumyzyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 26 – 30-njy iýunynda Hytaýyň Urumçi şäherinde geçirilýän «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine gatnaşýar.

Ýewraziýa döwletleriniň 23-siniň, şol sanda Hytaýyň önüm öndürijileriniň diwarlyklary ýaýbaňlandyrylan halkara gözden geçirilişde Türkmenistan dürli pudaklaryň, hususy haryt öndürijileriň harytlaryny we hyzmatlaryny mahabatlandyrýan milli pawilýony bilen gatnaşýar. Sergide Türkmenistanyň wekiliýeti hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri bolan türkmen bazarynyň, söwda-ykdysady ulgamynyň ösüşi, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegi bilen daşary ýurtly işewürleri tanyşdyrýar.

Halkara sergi maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli pawilýonlar hem-de pudaklara ýöriteleşdirilen üç bölümden ybaratdyr. Şu ýyl 8-nji gezek geçirilýän serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlary, özara tejribe alyşmalar, dürli ykdysady-medeni çäreler guralýar.

Dünýäniň 50-den gowrak döwletinden ýüzlerçe işewüriň gatnaşýan halkara gözden geçiriliş Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletleriň arasynda ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň